2—8 MART, 2026
97-NJI AÝDYM Hudaýyň Sözi bilen ýaşaýarys
Ýehowa bil baglap, bagtly ýaşaň
2026-NJY ÝYLYŇ AÝADY: «Hudaý barada bilim almagyň wajypdygyna düşünýän adamlar bagtlydyr» (Mat. 5:3).
ESASY PIKIR
Ýehowanyň görkezmesine eýerip hemişe bagtly bolar ýaly näme etmelidigini öwreneliň.
1. Ýehowa ynsany nähili zerurlyk bilen ýaratdy? (Matta 5:3).
ÝEHOWA ýaradan ynsanlaryna nämäniň gerekdigini gowy bilýär. Meselem, bize iýmit, egin-eşik we ýaşamaga öý gerek. Eger iýmit bolmasa uzak ýaşamazdyk, öýümiz bolmasa kösenerdik. Ýehowa ynsany başga bir zerurlyk bilen hem ýaratdy. Biz Ýehowany tanamaly we Oňa bil baglap ýaşamaly (Matta 5:3-i okaň). Eger Ýehowa bilen dostlaşsak we Oňa bil baglap ýaşasak, hakykatdan bagtly bolarys.
2. Biziň ýagdaýymyzy näme üçin garyp adamyň ýagdaýyna meňzetse bolýar?
2 «Hudaý barada bilim almagyň wajypdygyna düşünýän adamlar» diýen jümle asyl nusgada «ruhy garyplar» diýip terjime edilýär. Şol sözleriň manysyna düşünmek üçin garyp adamy göz öňüne getiriň. Onuň üst-başy örän hapa, iýere-içere hiç zady ýok. Ol gündizine jokrama yssydan, gijelerine bolsa aýazly sowukdan kösenýär. Onuň ysgyn-mydary ýok we özüni betbagt duýýar. Adamlar üst-başyna seredip, ondan gaçýarlar. Ol diri galmak, güýç toplamak üçin kömege mätäçdigine düşünýär. Edil şonuň ýaly, Hudaýdan görkezme soramagyň wajypdygyna düşünýän adamlar hem Ondan hemişe kömek soraýarlar we gulak asýarlar.
3. Makalada näme hakda gürrüň ederis?
3 Makalada Isadan ýalbaryp kömek soran finikiýaly aýaldan näme öwrenip biljekdigimiz hakda bileris. Şeýle-de Ýehowa bize hemişe görkezme berer ýaly haýsy üç häsiýetiň gerekdigini öwreneris. Mundan başga-da, Ýehowanyň kömegine bil baglan Petrus, Pawlus we Dawut patyşa hakda gürrüň ederis.
BIZE GEREKLI ÜÇ HÄSIÝET
4. Finikiýaly aýal Isadan näme haýyş edýär?
4 Bir gezek Isa Tir bilen Sidona gidende onuň ýanyna finikiýaly aýal gelýär. Aýalyň gyzynyň içine «jyn girip, köp azar berýärdi» (Mat. 15:21—28). Finikiýaly aýal Isanyň öňünde dyza çöküp, ýalbaryp ondan kömek soraýar. Aýal Isanyň ýanyna gelende, köp gowy häsiýetlerini görkezýär. Geliň, finikiýaly aýalyň üç häsiýeti barada bileliň we ondan görelde alalyň.
5. Isa finikiýaly aýala nädip kömek etdi we näme üçin? (Surata serediň).
5 Finikiýaly aýal pesgöwünlidi. Ol Isanyň beren jogabyna öýkelemeýär. Isa ony başga milletli adamlaryň öýünde saklaýan güjügine meňzedýär. Eger Isa finikiýaly aýala derek, size şeýle sözleri aýdan bolsa nähili bolardyňyz? Siz Isadan öýkeläp: «Kömegiň geregem däl» diýerdiňizmi? Ýöne finikiýaly aýal beýle etmedi. Ol diňe bir pesgöwünli bolman, eýsem tutanýerlidi. Ol Isadan yzyny üzmän kömek sorady. Näme üçin? Sebäbi ol Isa iman edýärdi. Isa finikiýaly aýalyň imanynyň güýçlüdigini görüp, oňa kömek etdi. Isa aýala: «Hudaý meni diňe Ysraýylyň ýiten goýunlaryna kömek etmek üçin iberdi» diýse-de, oňa kömek edip, gyzynyň içinden jyny çykarýar.
Finikiýaly aýal pesgöwünlidi, tutanýerlidi we Isanyň kömek etjekdigine iman edýärdi (5-nji abzasa serediň).
6. Finikiýaly aýaldan näme öwrenýäris?
6 Finikiýaly aýaldan görelde alsak, Ýehowanyň görkezmesi bize köp peýda berer. Biz pesgöwünli, tutanýerli we berk imanly bolmaly. Diňe pesgöwünli adam Hudaýdan gaýta-gaýta kömek soraýar. Şeýle-de biz Isa Mesihe iman etmeli we onuň bellän hyzmatkärine ynanmaly (Mat. 24:45—47). Eger biz pesgöwünli, berk imanly bolsak we hemişe kömek sorasak, Ýehowa-da, Isa-da begener. Olar bize kömek eder we görkezme berer (Ýakup 1:5—7-nji aýatlary deňeşdiriň). Geliň, Ýehowanyň nädip görkezme berýändigi we bagtly bolmagymyz üçin zerur zatlarymyzy nädip ýetirip durýandygy hakda gürrüň edeliň. Şeýle-de Petrusdan, Pawlusdan we Dawut patyşadan nädip görelde alyp biljekdigimize seredeliň.
HUDAÝYŇ SÖZÜNI ÇUŇŇUR ÖWRENIŇ
7. Isa Petrusa näme diýdi we Petrus ýene näme etmelidi? Düşündiriň (Ýewreýler 5:14—6:1).
7 Geliň, Petrus resul hakda gürrüň edeliň. Ol Isany Mesih hökmünde kabul eden ilkinji ýehudylaryň biridi. Petrus Ýehowanyň Isa arkaly adamlara «ebedi ýaşaýyş» baradaky hakykaty öwredýändigine düşündi (Ýah. 6:66—68). Isa direlip göge galmanka, Petrusa: «Guzularymy otlat» diýip tabşyrdy (Ýah. 21:17). Petrus Isa gulak asyp, onuň şägirtlerine tälim berdi. Şeýle-de Ýehowanyň mukaddes ruhy arkaly Petrus iki hat ýazdy. Onuň hatlary Mukaddes Kitaba goşuldy. Petrus şägirtlere diňe bir Hudaýyň Sözüni öwretmän, özi hem öwrenmelidi. Meselem, ol Pawlusyň ýazan hatlaryny çuňňur öwrendi. Şol wagt onuň hatlary eýýäm Mukaddes Kitaba goşulandy. Petrusa Pawlusyň ýazan zatlaryny öwrenmek aňsat bolmady, sebäbi olaryň «käbirine düşünmek kyndy» (2 Pet. 3:15, 16). Ýöne Petrus öwrenmegini dowam etdi, ol Ýehowanyň düşünmäge we öwrenen zatlaryna eýerip ýaşamaga kömek etjekdigine iman edýärdi (Ýewreýler 5:14—6:1-nji aýatlary okaň).
8. Ýehowa Petrusyň garaýşyny düzedende ol näme etdi?
8 Petrus Ýehowa iman edýändigi üçin Onuň görkezmesine gulak asdy. Bir gezek Petrus görnüş görýär we görnüşde perişde oňa käbir haýwanlaryň etini iýmegi tabşyrýar. Emma Musanyň kanunyna görä, şol haýwanlar haram hasaplanýardy, ýehudylar hem olardan iýmeli däldi. Perişdäniň aýdanlaryny eşidende, bütin ömrüne Kanuna eýerip ýaşan Petrus ör-gökden gelýär. Ol: «Ýok, agam! Hapa we haram zatlary ömrümde iýen däldirin» diýýär. Soňra perişde oňa şeýle diýýär: «Hudaýyň halal hasaplaýan zatlaryna haram diýme» (Res. 10:9—15). Şondan soň Petrusyň garaýşy üýtgeýär. Görnüş görenine köp wagt geçmänkä, Petrusyň öýüne üç adam gelýär. Olar hojaýyny Korneliýiň Petrus bilen gepleşmek isleýändigini aýdýarlar. Eger Petrus garaýşyny üýtgetmedik bolsa, Korneliýiň öýüne ömürem gitmezdi. Sebäbi Korneliý başga milletlidi, ýehudylar bolsa başga milletli adamlar bilen gatnaşmaýardy (Res. 10:28, 29). Ýehowa Petrusa görnüşde ähli milletli adamlaryň hoş habary eşitmegini isleýändigini görkezende, Petrus şol bada Hudaýa gulak asdy (Nak. 4:18). Petrus Korneliýe we onuň öý-içerisindäkilere wagyz edýär, olar hem Isa iman edip mukaddes ruhy alýarlar we suwa çümdürilýärler (Res. 10:44—48).
9. Hudaýyň Sözündäki düşünmesi kyn bolan hakykatlary näme üçin öwrenmeli?
9 Petrus ýaly bizem Hudaýyň Sözüni her gün öwrenmeli. Biz köplenç düşünmesi aňsat zatlary okaýarys, ýöne agyr nahary iýmegi, ýagny düşünmesi kyn bolan zatlary hem okamagy öwrenmeli. Biz Hudaýyň Sözüne çuňňur düşünmek üçin wagt tapmaly we köpräk tagalla etmeli. Munuň azyndan iki peýdasy bar: birinjiden, öwrenýän zatlarymyz Ýehowa bolan söýgimizi we hormatymyzy artdyrýar. Ikinjiden, Ýehowa barada täze zat öwrenenimizde ony adamlara gürrüň bermek islegimiz artýar (Rim. 11:33; Ylh. 4:11). Petrus bilen bolan wakadan biz ýene bir zady öwrenýäris: Hudaýyň Sözündäki hakykatlar täzeçe düşündirilse, ony şol bada kabul etmeli. Şonda Ýehowa bize görkezme berer we Oňa wepaly gulluk ederis.
HUDAÝA ÝARAÝAN HÄSIÝETLERI ÖSDÜRIŇ
10. Koloslylar 3:8—10-njy aýatlara görä, Ýehowany razy etmek üçin näme etmeli?
10 Biz Ýehowany razy etmek üçin Oňa ýaraýan häsiýetleri ösdürmeli. Ýehowa bize şol häsiýetleri nädip ösdürmelidigini öwredýär (Koloslylar 3:8—10-njy aýatlary okaň). Bize häsiýetlerimizi üýtgetmek üçin köpräk wagt gerek bolar we tagalla etmeli bolarys. Geliň, Pawlus hakda gürrüň edeliň. Ol ýaşlygyndan Hudaýy razy etmäge jan edýärdi (Gal. 1:14; Flp. 3:4, 5). Ýöne ol Hudaýa nädip dogry sežde etmelidigine düşünmeýärdi. Şeýle-de ol Isa baradaky hakykaty bilmeýärdi. Pawlusyň özüne göwni ýetse-de, onuň edýän işleri Hudaýa ýaramaýardy. Pawlus özüniň «gödek adam» bolandygyny aýdýar (1 Tim. 1:13).
11. Pawlus haýsy häsiýetiniň üstünde işlemeli boldy? Düşündiriň.
11 Pawlus mesihçi bolmanka ganygyzma adamdy. Mukaddes Kitapda Pawlusyň gahar-gazaba münüp, Isanyň şägirtlerini «öldürmegiň küýüne düşendigi» aýdylýar (Res. 9:1). Ýöne Isanyň şägirdi bolansoň Pawlus gaharyna erk edip, sabyrly we ýumşak adam bolmak üçin öz üstünde köp işländir (Efes. 4:22, 31). Emma ol käte ýalňyşýardy. Bir gezek Barnabas ikisiniň arasynda düşünişmezlik dörände, Pawlus gaharyna erk edip bilmän, özünden çykýar (Res. 15:37—39). Ýöne Pawlus: «Häsiýetimi üýtgedip bilmeýärin» diýip ruhdan düşmeýär. Ol ýumşak adam bolup, Ýehowany razy etmek üçin tagalla etmegini dowam edýär (1 Kor. 9:27).
12. Pawlusa hemişe öz üstünde işlemäge näme kömek etdi?
12 Pawlus pesgöwünli bolany üçin öňki häsiýetlerini üýtgedip bildi (Flp. 4:13). Petrus ýaly, ol hem Ýehowanyň täze häsiýetleri geýmäge kömek etjekdigine bil baglaýardy (1 Pet. 4:11). Emma Pawlus aram-aram ýalňyşýardy we ruhdan düşýärdi. Şonda ol Ýehowanyň özüne eden ýagşylyklaryny ýatlaýardy. Pawlus täze häsiýetleri ösdürmäge jan edip, Ýehowa minnetdarlygyny görkezýärdi we Ony begendirýärdi (Rim. 7:21—25).
13. Pawlus resuldan näme öwrenýäris?
13 Biz Ýehowa ençeme ýyl bäri gulluk etsek-de, täze häsiýetleri ösdürmek üçin jan etmeli. Bizem käte ýalňyşýarys. Meselem, gaharymyza erk edip bilmän, aýtmasyz zady aýdýarys ýa-da etmesiz zady edýäris. Şonda Ýehowany hiç haçan razy edip bilmeris öýtmeli däl. Biz ruhdan düşmegiň deregine, öz üstümizde işlemegi dowam etmeli (Rim. 12:1, 2; Efes. 4:24). Biz bir zady ýatdan çykarmaly däl: eger täze häsiýetleri ösdürmek islesek, onda Ýehowanyň bizi terbiýelemegine ýol bermeli we Ony has gowy tanamaly.
ÝEHOWANYŇ GORAÝANDYGYNA YNANYŇ
14, 15. Ýehowa halkyny nädip goraýar? (Zebur 27:5; surata serediň).
14 Hakykatdan bagtly bolar ýaly, bizde Ýehowanyň goragy bolmaly. Ýehowa bizi nädip goraýar? Ýehowa bizi gorar ýaly näme etmeli?
15 Dawut patyşa Ýehowanyň kyn ýagdaýlarda gorajakdygyna ynanýardy (Zebur 27:5-i okaň). Ýehowa halkyny şu günler nädip goraýar? Ol hiç bir zadyň dostlugymyza zyýan ýetirmegine ýol bermeýär. Ýehowa bizi Oňa sežde etmegi bes etdirjek bolýan adamlardan goraýar (Zeb. 34:7; Işa. 54:17). Şeýtan, jynlar we bizi yzarlaýan adamlar güýçli, ýöne Ýehowa olardan has güýçli. Olar bizi ýaşaýyşdan mahrum etseler-de, Ýehowa bizi direldip, ýaşaýşymyzy gaýdyp berer (1 Kor. 15:55—57; Ylh. 21:3, 4). Ýehowa bize gaýgy-alada basylman gulluk etmäge kömek edýär (Nak. 12:25; Mat. 6:27—29). Şeýle-de Ol bizi dogan-uýalar we ýaşulular arkaly goldaýar. Dogan-uýalar kyn günde dadymyza ýetişýärler we ruhlandyrýarlar. Ýaşulular bolsa öwüt-ündew berip, imanymyzy berkidýärler (Işa. 32:1, 2). Biz ýygnak duşuşyklarynda hem Ýehowanyň haýsy ýagdaýlarda kömek edýändigini we goraýandygyny öwrenýäris (Ýew. 10:24, 25).
Uýa ýygnaga baryp, Hudaýyň gorajakdygyna ynanýandygyny görkezýär (14, 15-nji abzaslara serediň).
16. Ýehowa Dawudy nädip gorady?
16 Dawut Ýehowa gulak asanda, dogry karara gelýärdi we bagtly ýaşaýardy. Şeýdip, Ýehowa ony goraýardy (Nakyllar 5:1, 2-nji aýatlary deňeşdiriň). Ýöne Ýehowa gulak asmadyk wagty nädogry karara gelip kösenýärdi. Ýehowa ony gelen nädogry kararynyň netijesinden goramaýardy (2 Şam. 12:9, 10). Dawut diňe bir özüniň däl, eýsem başgalaryň ýalňyşy sebäpli hem kösenip ýaşapdy. Şol kyn günlerde Dawut ähli gaýgy-aladasyny Ýehowa aýtdy, Ýehowa-da ony gorady. Nädip? Ýehowa Dawudy söýýändigini we onuň aladasyny etjekdigini söz berdi. Şeýdip, oňa göwünlik berdi (Zeb. 23:1—6).
17. Dawutdan nädip görelde alyp bileris?
17 Biz Dawut ýaly Ýehowa doga etmeli we dogry karara geler ýaly Ondan kömek soramaly. Şeýle-de Ýehowa gulak asmasak, gelen nädogry kararymyzyň erbet netijesinden goramajakdygyny ýatdan çykarmaly däl (Gal. 6:7, 8). Biz Ýehowa gulak assak-da, käte käbir sebäplere görä kösenmegimiz mümkin. Şol kyn ýagdaýlarda biz Ýehowa ähli gaýgy-aladalarymyzy aýdyp, Ondan kömek soramaly. Şonda Ýehowa bize söýýändigini aýdar we ruhlandyrar (Flp. 4:6, 7).
HEMIŞE TAGALLA EDIŇ
18. Şu günler köp adamlar nähili ýaşaýar we biz nädip Hudaýa bil baglamaly? (Surata serediň).
18 2026-njy ýyl üçin: «Hudaý barada bilim almagyň wajypdygyna düşünýän adamlar bagtlydyr» diýen aýat saýlandy. Isanyň aýdyşy ýaly, Hudaýa gulak asmak we Oňa bil baglap ýaşamak şu günler hasam wajyp. Sebäbi köp adamlar Hudaýa gulak asman, Ondan ýüz öwürýärler. Köpler bolsa Hudaýa ynansa-da, Oňa özleriçe sežde edýärler. Käbirleri bolsa adamlaryň berýän maslahatlaryna eýerip ýaşaýarlar. Şonuň üçin hem olar özüni bagtsyz duýýarlar. Emma biz şol adamlara meňzemän, nädip Hudaýa bil baglap ýaşamaly? Biz Ýehowanyň Sözüni öwrenmeli, Oňa ýaraýan häsiýetleri ösdürmeli we Ýehowa bizi gorar ýaly gulak asmaly.
Biz hemişe Ýehowa barada öwrenmeli, oňa ýaraýan häsiýetleri ösdürmeli we goraýandygyna ynanmaly (18-nji abzasa serediň)a.
162-NJI AÝDYM Dosty bolaryn
a SURATYŇ BEÝANY: uýa «Garawul diňi» žurnalyny öwrenýär, Hudaýa ýaraýan häsiýeti, ýagny mähirliligi ösdürýär we aladaçyl ýaşulularyň kömegini kabul edip, Ýehowanyň görkezmesine bil baglaýar.