Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
Turkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
Çykmak
Girmek
Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
Hoş geldiňiz!
Ýehowanyň Şaýatlarynyň dürli dillerde çykarýan edebiýatlaryny öwrenmek üçin onlaýn kitaphana.
Edebiýatlary ýüklemek üçin, jw.org saýtyna giriň.
  • Şu gün

15-nji oktýabr, çarşenbe

Men Alfa we Omega (Ylh. 1:8).

Alfa grek elipbiýiniň birinji harpy, omega bolsa soňky harpy. Ýehowa özüne «Alfa we Omega» diýmek bilen başlan işini hökman tamamlajakdygyna kepil geçýär. Ýehowa Adam ata bilen How enäni ýaradandan soňra: «Perzent dünýä indirip, köpeliň, ýer ýüzüni dolduryň we eýeçilik ediň... ýer ýüzündäki ähli janly-jandarlara gözegçilik ediň» diýdi (1 Mus. 1:28). Şonda Ýehowa «Alfa» diýen ýaly boldy. Ýehowanyň niýetine görä, bütin ýer ýüzi Jennete öwrülmelidi we Adam ata bilen How enäniň kämil, gulak asýan neslinden dolmalydy. Ýehowa niýetini gelejekde amala aşyranda «Omega» diýen ýaly bolar. Ýehowa «gögi, ýeri we olardaky bar zady» ýaradandan soňra wadasyny ýerine ýetirjekdigine kepil geçdi. Ýedinji günüň ahyrynda Ýehowanyň ýer we adamzat babatdaky niýeti doly amala aşar (1 Mus. 2:1—3). w23.11 sah. 5, abz. 13, 14

Her günki aýady okalyň — 2025

16-njy oktýabr, penşenbe

Ýehowa üçin ýol taýýarlaň! Allamyz üçin çölüň üstünden şaýoluny çekiň (Işa. 40:3).

Wawilondan azat bolan ýehudylar watanyna dolanmak üçin dört aýlap ýöremelidi, emma Ýehowa olaryň ýolundan ähli böwetleri aýyrjakdygyny wada berdi. Hudaýa wepaly ýehudylar watanyna dolanmak we arassa seždäni dikeltmek üçin hemme zatdan geçmäge taýyndy. Wawilonda Ýehowa sežde eder ýaly ýekeje ybadathana-da ýokdy. Ol ýerde Musanyň kanuny boýunça gurbanlyk berer ýaly ne ruhanylar bardy, ne-de gurbanlyk ojagy. Şeýle-de Wawilonda ýehudylara garanda ýalan taňrylara sežde edýän adamlar köpdi. Olar Ýehowanyň kada-kanunyny äsgermeýärdiler. Şol sebäpli hudaýhon ýehudylar watanyna dolanjak we arassa seždäni dikeltjek gününe sabyrsyzlyk bilen garaşýardylar. w23.05 sah. 14, 15, abz. 3, 4

Her günki aýady okalyň — 2025

17-nji oktýabr, anna

Ýagtylygyň çagalary kimin ýagtylykda geziň (Efes. 5:8).

«Ýagtylygyň çagalary kimin ýagtylykda gezmek» üçin bize Hudaýyň mukaddes ruhy gerek. Näme üçin? Sebäbi ahlaksyzlykdan doly dünýäde päk ýaşamak aňsat däl (1 Sel. 4:3—5, 7, 8). Mukaddes ruh bize Hudaýyň pikirine garşy gelýän ahlaksyz zatlara we filosofiýa garşy göreşmäge kömek eder. Şeýle-de ýagtylygyň miwesi bolan «gowulyk we dogruçyllyk» ýaly häsiýetleri ösdürmäge ýardam eder (Efes. 5:9). Ýehowanyň mukaddes ruhuny almak üçin doga etmeli. Isa pygamber Ýehowanyň dileýänlere mukaddes ruhuny berjekdigini aýtdy (Luka 11:13). Biz dogan-uýalar bilen ýygnak duşuşyklarynda Ýehowany wasp edip, alkyş aýdanymyzda mukaddes ruhuny alýarys (Efes. 5:19, 20). Mukaddes ruh biziň durmuşymyza täsir edende, Ýehowany hemişe razy edip ýaşarys. w24.03 sah. 23, 24, abz. 13—15

Her günki aýady okalyň — 2025
Hoş geldiňiz!
Ýehowanyň Şaýatlarynyň dürli dillerde çykarýan edebiýatlaryny öwrenmek üçin onlaýn kitaphana.
Edebiýatlary ýüklemek üçin, jw.org saýtyna giriň.
  • Turkmen
  • Paýlaş
  • Sazlamalar
  • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
  • Şertler we düzgünler
  • Gizlinlik syýasaty
  • Gizlinlik sazlamalary
  • JW.ORG
  • Girmek
Paýlaş