Kynçylyga duşanyňyzda şatlanyň
«Saňa sygynýanlaryň ählisi şatlansyn, mydama şatlyk bilen gygyryşsyn» (ZEB. 5:11).
1, 2. a) Şu günler nähili betbagtçylyklara duş gelýäris? b) Mesihçiler başga adamlardan tapawutlylykda nämelere çydamaly?
ÝEHOWANYŇ GÜWÄÇILERI hem başga adamlar ýaly betbagtçylyklara uçraýarlar. Hudaýyň gullukçylarynyň köpüsi jenaýatçylykdan, uruşdan, adalatsyzlykdan, tebigy betbagtçylykdan, ýeter-ýetmezçilikden, keselçilikden we ölüm-ýitimden ejir çekýärler. Pawlus resul şeýle diýdi: «Biz bütin ýaradylyşyň şu wagta çenli birlikde ah çekip, birlikde burgusynyň tutup ýatanyny bilýäris» (Rim. 8:22). Şeýle-de biz kämilsizlikden horluk çekýäris. Biz hem Dawut pygamber ýaly: «Ýazyklarym başymdan aşdy, olar agyr ýük kimin götererimden agyr» diýýäris (Zeb. 38:4).
2 Mesihçiler başga adamlardan tapawutlylykda imany üçin hem görgi görýär (Luka 14:27). Olar Isa ýaly ýigrenilýär we yzarlanýar (Mat. 10:22, 23; Ýahýa 15:20; 16:2). Şol sebäpli biz täze dünýäde bereketleri alýançak, Isa Mesihe eýerip, çydamaly we tagalla etmeli (Mat. 7:13, 14; Luka 13:24).
3. Mesihçileriň ejir çekmegini Hudaýyň islemeýändigini nireden bilýäris?
3 Eýsem, Hudaýyň gullukçylary şatlanyp we bagtly bolup bilmeýärmi? Zalym dünýäniň soňuna çenli biz görgi görüp, gam-gussa çekmelimi? Ýok, Ýehowa wadalaryny ýerine ýetirmänkä, biziň häzir bagtly bolmagymyzy isleýär. Mukaddes Ýazgylarda ençeme gezek Hudaýyň halkynyň bagtlydygy barada aýdylýar (Işaýa 65:13, 14-nji aýatlary okaň)a. Zebur 5:11-de şeýle diýilýär: «Saňa sygynýanlaryň ählisi şatlansyn, mydama şatlyk bilen gygyryşsyn». Biz betbagtçylyga uçranda-da, şatlanyp, kalbymyzda rahatlyk duýup we kanagatlanyp bilýäris. Synaga uçranymyzda Mukaddes Ýazgylaryň şatlanmaga nädip kömek edýändigine seredeliň.
Ýehowa bagtly Hudaý
4. Hudaýyň hökümdarlygynyň ret edilmegi, oňa nähili täsir etdi?
4 Ýehowanyň mysalyna seredeliň. Ol bütin Älemiň hökümdary bolany üçin Gudraty güýçli Hudaý. Ol hiç kime we hiç zada mätäç däl. Ýehowa gudraty güýçli Hudaý bolsa-da, bir perişde oňa garşy çykanda, ol muňa gaty gynandy. Soňra Şeýtanyň pitnesine başga perişdeler hem goşulyp, ony ynjytdylar. Ilkinji ynsan Adam ata bilen How ene Hudaýdan ýüz öwrende, Ýehowa ýüreginde nähili agyry duýanyny göz öňüne getiriň. Şondan soň millionlarça adamlar Ýehowanyň hökümdarlygyny ret etdiler (Rim. 3:23).
5. Ýehowa esasan, nämä gynanýar?
5 Şeýtanyň turzan pitnesi gitdigiçe güýçlenýär. Ýehowa alty müň ýyldan gowrak adamlaryň edýän jenaýatçylygyny, ahlaksyzlygyny, adam öldürýänini we butlara sežde edýänini görýär (Gel. çyk. 6:5, 6, 11, 12). Şeýle-de ol adamlaryň ýalan sözleýänini we oňa sögýänini eşidýär. Hatda Hudaýyň gullukçylary-da käwagt ony gynandyrýar. Bu barada Mukaddes Ýazgylarda şeýle diýilýär: «Çölde näçe gezek Oňa garşy pitne turuzdylar, sährada Ony gaýgylandyrdylar! Öwran-öwran Hudaýy synadylar, Ysraýylyň Mukaddesini ynjatdylar» (Zeb. 78:40, 41). Ýehowanyň halky ony inkär edip, örän gynandyrdy (Ýerem. 3:1—10). Olar günä edip kyn ýagdaýa düşende, Ýehowany has-da ynjatdylar (Zebur 106:43—45-nji aýatlary okaň).
6. Hudaý kyn ýagdaýlarda nädip çykalga tapýar?
6 Ýehowa gynansa-da, lapykeç bolsa-da, ruhdan düşmedi. Ol dörän kynçylygyň öňüni almak üçin derrew hereket edip başlady. Ýehowa iň soňy islegini berjaý eder. Bu zatlara ol dogry garap, gelejekde hökümdarlygynyň aklanjakdygyna we wepaly gullukçylaryny sylaglajakdygyna şatlanýar (Zeb. 104:31). Ýehowa gyjalat berseler-de, ol «mübärek», ýagny bagtly Hudaý (1 Tim. 1:11; Zeb. 16:11).
7, 8. Ýalňyşanymyzda Ýehowanyň göreldesine nädip eýerip bileris?
7 Elbetde, biz Ýehowa ýaly kynçylyklary çözüp bilmeýäris. Emma kyn ýagdaýa düşenimizde, Ýehowanyň göreldesine eýerip bileris. Ýalňyşanymyzda gynanmak adaty zat, ýöne hemişe göwnüçökgün bolmaly däl. Ýehowa bizi özüne meňzeş edip ýaradany sebäpli, kynçylygymyz barada oýlanyp, ony paýhasly çözüp bilýäris we dürli ýagdaýda dogry hereket edip bilýäris.
8 Durmuşdaky kynçylyklary çözmek üçin, käbir zatlaryň bize bagly däldigine düşünmeli. Kynçylygymyz hakynda çendenaşa alada etsek, lapykeç bolarys we şatlyk bilen gulluk edip bilmeris. Aladamyzy çözer ýaly, elimizden gelenini edensoň, bu barada çendenaşa gaýgy etmeli däl. Muny Mukaddes Ýazgylardaky indiki mysallar gowy görkezýär.
Paýhasly bolmak wajyp
9. Hanna nähili paýhasly hereket etdi?
9 Samuel pygamberiň ejesi Hannanyň mysalyna seredeliň. Hanana önelgesizdigi üçin göwnüçökgünlige düşýär. Gündeşi Penina onuň çagasynyň bolmaýandygy üçin üstünden gülýär. Käte Hanna muňa gynanyp, aglap, hiç zat iýmeýärdi (1 Sam. 1:2—7). Bir gezek ol Ýehowanyň ybadathanasyna baryp «ýüreginiň derdinden ýaňa ajy gözýaş döküp, Ýehowa doga edýär» (1 Sam. 1:10). Hanna Ýehowa ýüregini dökensoň, baş ruhany Eli onuň ýanyna baryp: «Sag-aman git. Ysraýylyň Hudaýy seniň dilegiňi eşitsin» diýdi (1 Sam. 1:17). Hanna elinde baryny edip, önelgesizdiginiň özüne bagly däldigine düşündi. Hanna paýhasly hereket etdi, çünki ol öýüne «gidip, çörek iýdi we indi ýüzi tukat däldi» (1 Sam. 1:18).
10. Pawlusyň kynçylygy çözülmese-de, ol muňa nähili garady?
10 Pawlus hem kynçylygyna Hanna ýaly garaýardy. Ol «tenindäki tiken» sebäpli ejir çekýärdi (2 Kor. 12:7). Pawlus derdini özi aýryp bilmeýändigi üçin Ýehowa doga etdi. Ol bu barada näçe gezek Hudaýa ýalbardy? Üç gezek. Şondan soň, Ýehowa «tenindäki tikeni» gudrat bilen aýyrmajakdygyny aýtdy. Pawlus muňa razy bolup, bütin ýüregi bilen Ýehowa gulluk etdi (2 Korintoslylar 12:8—10-njy aýatlary okaň).
11. Kynçylyklarda doga etmegiň näme ähmiýeti bar?
11 Bu mysallar Ýehowa gaýgy-aladamyz barada doga etmeli däldigini görkezmeýär (Zeb. 86:7). Mukaddes Ýazgylarda şeýle maslahat berilýär: «Hiç zadyň aladasyny etmän, her zatda dilegleriňizi doga we ýalbarma arkaly şükür bilen Hudaýa bildiriň». Ýehowa şeýle dileg we ýalbarmalara nähili jogap berýär? Mukaddes Ýazgylarda: «Her hili düşünjeden ýokary bolan Hudaýyň parahatçylygy Mesih Isada siziň ýüregiňizi, pikirleriňizi gorar» diýilýär (Flp. 4:6, 7). Ýehowa biziň kynçylygymyzy çözmese-de, dogalarymyzy eşidip, pikirimizi goraýar. Doga edenden soň, çendenaşa aladalanmakdan seresap bolmaly.
Paýhasly bolmak wajyp
12. Göwnüçökgünlik uzaga çekse näme üçin zyýanly?
12 Süleýmanyň tymsallary 24:10-da: «Aladaly günde tapdan düşseň, kuwwatyň azdyr» diýilýär. Başga tymsalda bolsa: «Şadyýan ýürek ýüzi bezeýändir; ýürek agyrysy bolsa ruhy döwýändir» diýilýär (Sül. tym. 15:13). Käbir mesihçiler Mukaddes Ýazgylary okaman we Hudaýyň Sözündäki pikirler barada oýlanman ruhdan düşýärler. Olar ýüzleý doga edýär we özlerini dogan-uýalardan çetde tutýar. Şol sebäpli göwnüçökgünlik uzaga çekse zyýanly bolup biler (Sül. tym. 18:1, 14).
13. Göwnüçökgünligi ýeňmäge we şatlanmaga näme kömek edýär?
13 Gelejege bolan umyt, bize lezzet we şatlyk berýän zatlara ünsli bolmaga kömek edýär. Dawut pygamber: «Men Seniň islegiňi berjaý etmekden keýp alýaryn, eý Hudaýym» diýdi (Zeb. 40:8). Eden ýalňyşlygymyz, Mukaddes Ýazgylary öwrenmäge, ýygnak duşuşyklaryna gatnaşmaga, wagyz etmäge hem-de doga etmäge päsgel bermeli däl. Yhlasly gulluk edip, şatlanyp göwnüçökgünlige hötde gelip bolýar. Ýehowa bize Mukaddes Ýazgylary yzygiderli okasak we oýlansak bagtly boljakdygymyzy aýtdy (Zeb. 1:1, 2; Ýakup 1:25). Biz Hudaýyň Sözünden we ýygnak duşuşyklaryndan «hoş sözleri» eşidip, ruhlanýarys hem-de begenýäris (Sül. tym. 12:25; 16:24).
14. Şu günler bize Ýehowanyň haýsy wadasy şatlyk berýär?
14 Hudaý bize şatlanmaga ençeme zat berýär. Esasanam, biz Ýehowanyň halas etjekdigine begenýäris (Zeb. 13:5). Şu günler bize näme bolsa-da, iň soňy Hudaýyň sylaglajakdygyny bilýäris (Wagyzçy 8:12-ni okaň)b. Habakkuk imanyny şeýle owadan sözler biler beýan etdi: «Injir agajy güllemese-de, üzüm şahasynda miwe bolmasa-da, hatda zeýtun agajy gowy miwe, ekin meýdanlary oňat hasyl bermese-de, hatda ownuk we iri mal agylda galmasa-da, men şonda-da Ýehowa şatlanaryn, halasgär Hudaýyma begenerin» (Hab. 3:17, 18).
Ýehowanyň «halky nähili bagtly!»
15, 16. Ýehowanyň bereketlerine garaşyp, onuň nähili sowgatlaryna guwanyp bileris?
15 Biz gelejekdäki bereketleri alýançak, Ýehowa berýän gowy zatlaryna şatlanmagymyzy isleýär. Mukaddes Ýazgylarda şeýle diýilýär: «Adam üçin şatlanmakdan we ýagşylyk etmekden başga oňat zadyň ýokdugyna göz ýetirdim; şonuň üçin adam iýmeli, içmeli we agyr zähmetiniň süýji miwelerinden datmaly. Bu Hudaýyň sowgady» (Wag. 3:12, 13). Isa bermek almakdan bagtlydyr diýdi. Biz ýanýoldaşymyza, çagalarymyza, ata-enelerimize we başga adamlara ýagşylyk etsek, kanagat taparys (Sül. tym. 3:27). Imandaşlarymyza myhmansöýer we geçirimli bolsak, has şatlanarys we Ýehowany begendireris (Gal. 6:10; Kol. 3:12—14; 1 Pet. 4:8, 9). Hudaýa janymyzy aýaman gulluk etsek, ol bizi sylaglar.
16 Ýokarda Wagyzçy kitabyndan getirilen aýatlarda, iýmek we içmek ýaly ýönekeý lezzetler barada aýdylýar. Biz synaglara uçranda, Ýehowanyň berýän sowgatlaryna begenip bileris. Meselem, günüň ýaşmagy, owadan tebigat, haýwanlaryň çagajyklarynyň oýnaýşy we tebigatdaky başga ajaýyp zatlar bizi tolgundyrýar we göwnümizi göterýär. Biz olar barada oýlansak, ähli ýagşy zatlary berýän Ýehowa Hudaýa söýgimiz artar.
17. Biz ähli aladalardan nädip dynarys we näme teselli berýär?
17 Biz Hudaýy söýüp, onuň tabşyryklaryny berjaý etsek we töleg gurbanyna iman etsek, ähli aladalaryndan dynyp, ebedi şatlanarys (1 Ýahýa 5:3). Häzirlikçe bolsa, bizi biynjalyk edýän zatlary Ýehowanyň bilýändigi teselli berýär. Dawut pygamber şeýle ýazdy: «Men Seniň merhemetiňe begenip şatlanaryn, çünki Sen meniň muşakgatymy gördüň, janymyň görgüler içindeligini bildiň» (Zeb. 31:7). Ýehowa bizi söýýär, şol sebäpli ähli derdimizden halas eder (Zeb. 34:19).
18. Hudaýyň halky näme üçin şatlanmaly?
18 Hudaýyň islegi doly berjaý bolýança, biz bagtly Hudaý Ýehowanyň göreldesine eýerip bileris. Ruhy taýdan gowşadýan erbet duýgulardan gaça duralyň, kynçylyklar ýüze çykanda bolsa, düşünjeli hem paýhasly bolalyň. Ýehowa duýgymyza erk etmäge we kynçylygyň öňüni almaga ýardam edýär. Geliň, Hudaýyň berýän ähli gowy zatlaryna şatlanalyň. Hudaý bilen gowy gatnaşykda bolsak, şatlanyp bileris, çünki Ýehowanyň halky bagtly! (Zeb. 144:15).
a Işaýa 65:13. Ine, meniň gullukçylarym iýer, siz bolsa aç bolarsyňyz. Ine, meniň gullukçylarym içer, siz bolsa suwsarsyňyz. Ine, meniň gullukçylarym begener, siz bolsa utanarsyňyz. 14. Ine, meniň gullukçylarym ýüregindäki parahatlykdan ýaňa begenip gygyrarlar, siz bolsa ýüregiňizdäki agyrydan ýaňa gygyrarsyňyz, synyk ruhdan ýaňa nalarsyňyz.
b Wagyzçy 8:12. Günäli adam ýüzlerçe gezek ýamanlyk edip, uzak wagtlap öz keýpine ýaşasa-da, hak Hudaýdan gorkýan adamlaryň soňunyň gowulyk boljagyny men bilýärin, çünki olar Hudaýdan gorkýar.
Siz näme bildiňiz?
• Betbagtçylyga uçranda, nädip Ýehowanyň göreldesine eýerip bileris?
• Kynçylygy çözmäge paýhaslylyk nädip kömek edýär?
• Göwnüçökgünlige düşende, Hudaýyň islegini berjaý etmekden nädip şatlanyp bileris?