Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • th sapak 10 sah. 13
  • Sesiňi üýtgetmek

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

  • Sesiňi üýtgetmek
  • Gowy okamagy we mugallym bolmagy öwreniň
  • Meňzeş maglumat
  • Sesiň üýtgemegi
    Wagyz mekdebi
  • Sesiň batlylygy
    Wagyz mekdebi
  • Joşgunly gepläň
    Gowy okamagy we mugallym bolmagy öwreniň
  • Ynamly gepläň
    Gowy okamagy we mugallym bolmagy öwreniň
Başgalary
Gowy okamagy we mugallym bolmagy öwreniň
th sapak 10 sah. 13

SAPAK 10

Sesiňi üýtgetmek

Esasy aýat

Süleýmanyň tymsallary 8:4, 7

BELLIK: Pikiri aýdyňlaşdyrmak we duýgulary bermek üçin, sesiň batlylygyny, tizligini we äheňini üýtgedip geplemeli.

NÄDIP ETMELI?

  • Sesiňiziň batlylygyny üýtgediň. Esasy pikiri nygtamak we diňleýjileri höweslendirmek üçin sesiňiziň batlylygyny üýtgedip duruň. Mukaddes Ýazgylardaky höküm çykarylyp aýdylan sözleri okanyňyzda hem şeýdiň. Diňleýjileri aýdyljak zada garaşmaga höweslendirer ýaly ýa-da gorkyny hem gaýgy-aladaly äheňi berer ýaly biraz ýuwaşrak gepläň.

    Peýdaly maslahat

    Ýöne sesiňizi ýygy-ýygydan gataldyp durmaň, ýogsam diňleýjiler özüni oňaýsyz duýar. Çendenaşa şahyrana okap, diňleýjileriň ünsüni özüňize çekmejek boluň.

  • Sesiňiziň äheňini üýtgediň. Eger siziň diliňizde ýerlikli bolsa, şatlykly duýgulary, bir zadyň görnüşini ýa-da uzak aralygy suratlandyrmak üçin sesiňiziň äheňini batlandyryň. Gynanjy ýa-da gaýgy-hasraty beýan edeniňizde bolsa, sesiňiziň äheňi ýumşak bolsun.

  • Sesiňiziň tizligini üýtgediň. Şatlykly duýgyny beýan edeniňizde, sesiňiziň tizligini biraz artdyryň. Wajyp pikirleri aýdanyňyzda bolsa, haýalrak gepläň.

    Peýdaly maslahat

    Gepleýiş tizligini birden üýtgetmäň, ýogsam diňleýjiler tisginip gider. Harplary ýa-da sözleri galdyrmaz ýaly çalt gürlemäň.

    Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
    Çykmak
    Girmek
    • türkmen
    • Paýlaş
    • Sazlamalar
    • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
    • Şertler we düzgünler
    • Gizlinlik syýasaty
    • Gizlinlik sazlamalary
    • JW.ORG
    • Girmek
    Paýlaş