44-NJI MAKALA
138-NJI AÝDYM «Agaran saçlar şöhrat täjidir»
Garrylyk çagynda-da güler ýüzüňiz solmasyn
«Olar garrylyk çagynda hem miwe bererler» (Zeb. 92:14).
ESASY PIKIR
Garry dogan-uýalara hemişe şatlanyp ýaşamaga kömek edýän maslahatlar.
1, 2. Ýehowa garry dogan-uýalara nähili garaýar? (Zebur 92:12—14; surata serediň).
KÄBIR ýurtlarda gojalyk abraý hasaplanýar. Başga ýerlerde bolsa adamlar garramajak bolup her zat edýärler. Meselem, olar saçynyň ýekeje tary agarsa, ony derrew aýyrýarlar. Emma adamlar garramazlyk üçin näme etseler-de, ondan gaçyp gutulyp bolmaýar.
2 Gökdäki Atamyz garry dogan-uýalara nähili garaýar? (Nak. 16:31). Ýehowa olary owadan bag hasaplaýar (Zebur 92:12—14-nji aýatlary okaň). Näme üçin? Adatça, köp ýaşan agaçlaryň gür ýapraklary, gülleri bolansoň beýleki agaçlardan has owadan bolýar. Olaryň biri Ýaponiýada we başga-da käbir döwletlerde ösýän sakura agajy. Käbir sakura agaçlarynyň gözelligine taý ýok, sebäbi olaryň ýaşy müň ýyldanam geçdi. Garry dogan-uýalary hem gözelligini ýitirmeýän sakura agajyna meňzetse bolýar. Ýehowa olaryň gowy häsiýetlerini görýär we gadyryny bilýär. Durmuşyň ajysyny-süýjüsini dadyp, ençeme ýyl bäri wepaly gulluk edýän garry dogan-uýalar Ýehowa üçin gyzyldan gymmat.
Gözelligini ýitirmeýän we pajarlap ösýän sakura agajy ýaly, Hudaýa wepaly garry dogan-uýalaryň hem gowy häsiýetleri görküne görk goşýar (2-nji abzasa serediň).
3. Ýehowa ýaşy bir çene ýeten gullukçylary arkaly nähili işleri edýär? Mysal getiriň.
3 Garrasak-da, Ýehowanyň öňünde gadyrymyz gaçmaýara. Ýehowa garrylar arkaly ägirt işleri edýär. Meselem, Ýehowa Bibisara oglunyň boljakdygyny, ondan milletleriň dörejekdigini we onuň neslinden Mesihiň doguljakdygyny aýdypdy. Şol wagtlar Bibisaranyň ýaşy eýýäm bir çene ýetipdi (1 Mus. 17:15—19). Ýehowa Musa pygambere ysraýyllary Müsürden çykarmagy tabşyranda, Musa eýýäm ep-eslini arka atypdy (2 Mus. 7:6, 7). Ýehowa Mukaddes Kitabyň bäş kitabyny Ýahýa resula ýazdyranda olam gojady.
4. Nakyllar 15:15-e görä, garry dogan-uýalara kynçylyklarda çydamly bolmaga näme kömek edip biler? (Surata serediň).
4 Ýaşyň gitdigiçe saglygyňam gidýär. Hemme zat öňki ýaly ap-aňsat bolmaýar. Bir uýa degşip: «Garranyňy boýun almagam mertlik» diýýär. Ýöne Ýehowa kyn ýagdaýlara garamazdan şatlanypb ýaşamaga kömek edýär (Nakyllar 15:15-i okaň). Şu makalada garry dogan-uýalara şatlygyny ýitirmezlige nämäniň kömek etjekdigini bileris. Şeýle-de ýygnagymyzdaky garry dogan-uýalara nädip kömek etmelidigini öwreneris. Geliň, ilki bilen, garradygymyzça şatlanmagyň näme üçin kyn bolýandygy hakda gürrüň edeliň.
Ýehowanyň ajaýyp işleri hakda oýlansaňyz we her bir zatdan lezzet alyp ýaşasaňyz, kyn ýagdaýlarda-da şatlanyp bilersiňiz (4-nji abzasa serediň).
DERT ÝAMANY GARRYLYK
5. Käbir garry dogan-uýalar näme üçin ruhdan düşýärler?
5 Belki, siz öňki edýän işleriňizi edip bilmeýändigiňiz üçin şatlygyňyzy ýitirýänsiňiz. Ýaş wagtyňyzdaky ýaly gujur-gaýratly we sagdyn bolmak isleýänsiňiz (Nes. 7:10). Rubi şeýle diýýär: «Men käte ruhdan düşýärin. Öňkim ýaly hereket edip bilmeýärin, el-aýagym agyrýar. Maňa eşigimi geýmek, iň bärkisi jorabymy geýmek kyn bolýar. Barmaklarym aýdanymy etmänsoň, ýönekeýje zatlary hem edip bilmeýärin». Beýtelde gulluk eden Harold şeýle gürrüň berýär: «Käte gowy görýän zatlarymy edip bilmeýändigim üçin gaharym gelýär. Ýaş wagtym basan ýerimden ot çykarýardym. Men beýsbol oýnamagy gowy görýärdim. Köpler: „Topy Harolda geçiriň, şonda utarys“ diýýärdiler. Häzir bolsa elimde topy saklabam bilmeýärin».
6. a) Garry dogan-uýalar ýene näme sebäpden ruhdan düşüp biler? b) Garry dogan-uýalar ulag sürmek babatda nädip dogry karara gelip biler? (Şu žurnalyň «Ulag sürmegi bes etmelimi?» diýen makalasyny okaň).
6 Käte öz başyňyzy çarap bilmeýändigiňiz üçin ruhdan düşýänsiňiz. Öýüň işlerini biri edip bermeli bolýandyr ýa-da çagalaryňyzyň biri bilen ýaşamaly bolýansyňyz. Belki-de, saglygyňyz öňki ýaly öwerlik däl bolansoň kän öýden çykyp bilýän dälsiňiz ýa-da gözüňiz kütelensoň ulag sürüp bilýän dälsiňiz. Elbetde, öňki edip ýören işleriňi edip bilmeseň agyr degýär. Ýöne siz öz aladaňyzy özüňiz edip, ýeke ýaşap ýa-da ulag sürüp bilmeseňizem, Ýehowa-da, dogan-uýalar hem sizi gowy görýär, gadyryňyzy bilýär. Şeýle-de Ýehowa ýagdaýyňyza we duýgularyňyza düşünýär. Ýatdan çykarmaň, garrasak-da Ýehowanyň öňünde gadyrymyz gaçmaýar, sebäbi biz Ýehowany we dogan-uýalary örän gowy görýäris. Ýehowa-da esasan şuňa üns berýär (1 Şam. 16:7).
7. Armageddony görmän öleris öýdüp alada etsek näme hakda oýlanmaly?
7 Belki, sizem käbir dogan-uýalar ýaly Armageddony görmän ölerin öýdüp alada edýänsiňiz. Şeýle pikirler sebäpli ruhdan düşseňiz, Ýehowanyň zalym dünýäni näme üçin ýok etmeýändigi hakda oýlanyň (Işa. 30:18). Ýehowa sabyr edip, köp adamlara özüni tanamaga we dostlaşmaga wagt berýär (2 Pet. 3:9). Oýlanyp görüň, Ýehowanyň sabyr edýändigi üçin millionlarça adamlar halas bolup bilýär. Kim bilýär, şol halas boljak adamlaryň käbiri siziň öz maşgala agzalaryňyzdyr.
8. Garrylyk ýa-da ýarawsyzlyk sebäpli özümizi nähili alyp barmagymyz mümkin?
8 Garry ýa ýaş bolsak-da, kesel wagtymyz aýtmasyz zady aýdyp ýa-da etmesiz zady edip soňundan ökünýäris (Nes. 7:7; Ýak. 3:2). Meselem, Eýýup pygamber endam-janynyň yzasyna çydaman «oýlanman gepledi» (Eýp. 6:1—3). Garry dogan-uýalar hem ýarawsyzdygy ýa-da derman içýändigi sebäpli, diýmesiz zady diýip, etmesiz zady edip biler. Biz garrylygy ýa-da keseli bahana edip, aýdasymyz gelen zady aýtmaly däl ýa-da hemişe islän zadymyzy etdirjek bolmaly däl. Eger gödek gepleşip biriniň göwnüne degsek, derrew ötünç soramaly (Mat. 5:23, 24).
ŞATLANMAGA NÄME KÖMEK EDÝÄR?
Garrylykdan kösenseňiz-de şatlanyp ýaşamaga näme kömek eder? (9—13-nji abzaslara serediň).
9. Näme üçin kömek soramaly? (Surata serediň).
9 Kömek soraň (Gal. 6:2). Elbetde, birbada aňsat düşmez. Gretl şeýle gürrüň berýär: «Käte ýük bolmajak, ýüregine düşmejek bolup kömek soramaýaryn. Maňa nädogry pikirimi üýtgetmäge, kömek gerekdigini boýun almaga wagt gerek boldy». Eger kömek sorasaň we ony kabul etseň, kömek edýän adamlary begendirersiň (Res. 20:35). Olaryň seni gowy görýändigini we aladaňy edýändigini görüp özüňem begenersiň.
(9-njy abzasa serediň).
10. Biz näme üçin sagbolsun aýtmagy ýatdan çykarmaly däl? (Surata serediň).
10 Sagbolsun aýdyň (Kol. 3:15; 1 Sel. 5:18). Bize ýagşylyk edenlerinde begensek-de, köplenç taňryýalkasyn aýtmagy ýatdan çykarýarys. Ýöne biz ýylgyryp sagbolsun aýtsak, edilen ýagşylygyň gadyryny bilýändigimizi görkezeris. Beýtelde garry uýalara seredýän Leýa şeýle gürrüň berýär: «Uýalaryň biri kagyzyň ýüzüne: „Taňryýalkasyn!“ diýip ýazypdyr. Ol bary-ýogy ýekeje söz ýazsa-da, maňa ýakymly boldy. Men ony gaýta-gaýta okaýaryn. Ýagşylygyň gadyryny bilseler, begenjiň çägi bolmaýar».
(10-njy abzasa serediň).
11. Garrylar ýaşlara nädip kömek edip biler? (Surata serediň).
11 Kömek ediň. Eger adamlara eliňizden gelen kömegi etseňiz, öz kynçylyklaryňyz ýadyňyza-da düşmez. Afrika nakyllarynyň birinde garry adamlar içi öwüt-nesihatdan, peýdaly maslahatlardan doly kitaplara meňzedilýär. Adamlar şol kitaplardan köp zatlary öwrener ýaly olary okamaly. Garry dogan-uýalar, sizem ýaşlar bilen gürrüňdeş bolsaňyz we bilýän zatlaryňyzy öwretseňiz, olar sizden köp zatlary öwrenip biler. Ýaşlar bilen dostlaşmak üçin olara sorag beriň, gürrüň berenlerinde ünsli diňläň. Olara Ýehowanyň kada-kanunlary boýunça ýaşamagyň peýdalydygyny, Oňa gulak asyp bagtly ýaşap bolýandygyny düşündiriň. Ynanaýyň, ýaşlar bilen dostlaşsaňyz we olary ruhlandyrsaňyz, begenjiňizden ýaňa aýagyňyz ýere degmez (Zeb. 71:18).
(11-nji abzasa serediň).
12. Işaýa 46:4-e görä, Ýehowa garry dogan-uýalara näme wada berýär? (Surata serediň).
12 Ýehowadan güýç diläň. Käte ýadap, ysgyn-mydardan gaçyp ruhdan düşýänsiňiz. Ýöne Ýehowanyň güýjüniň çäksizdigini unutmaň. Mukaddes Kitapda: «Ol ýadaýan däldir, güýçden gaçýan däldir» diýilýär (Işa. 40:28). Diýmek, Ol size aýaga galmaga güýç-kuwwat berip bilýär (Işa. 40:29—31). Ýehowa kömek etmegi wada berýär (Işaýa 46:4-i okaň). Ol hemişe beren sözünde-de durýar (Ýuşa 23:14; Işa. 55:10, 11). Ýehowadan kömek sorasaňyz, Onuň söýgüsini, goldaýşyny görersiňiz we şatlygyňyza şatlyk goşular.
(12-nji abzasa serediň).
13. 2 Korinfliler 4:16—18-nji aýatlara görä, nämäni ýatdan çykarmaly däl? (Surata serediň).
13 Garrylyk geçip gider. Garrylygyň we keselçiligiň wagtlaýyndygyny ýatdan çykarmasak, kynçylyklara döz gelmek aňsat bolar. Mukaddes Kitapda adamlaryň tizden ebedi ýaşajakdygy we sagdyn boljakdygy aýdylýar (Eýp. 33:25; Işa. 33:24). Şonuň üçin şatlanyň, gowy günler öňümizde. Siz gelejekde tut ýaly sagdyn, gujur-gaýratly we ýaş wagtyňyzdakydan hem owadan bolarsyňyz (2 Korinfliler 4:16—18-nji aýatlary okaň). Garry dogan-uýalara biz nädip kömek edip bileris?
(13-nji abzasa serediň).
GARRY DOGAN-UÝALARA BIZ NÄDIP KÖMEK EDIP BILERIS?
14. Biz näme üçin garry dogan-uýalaryň halyndan habar almaly?
14 Garry dogan-uýalardan habar alyp duruň (Ýew. 13:16). Olar kän öýden çykmansoň göwnüçökgün bolýarlar. Kamil şeýle gürrüň berýär: «Men uzakly gün öýden çykmaýaryn, şonuň üçin içim gysýar, käte bolsa gaharym gelýär. Men özümi kapasada galan garry ýolbars ýaly duýýaryn». Eger garry dogan-uýalaryň halyndan habar alyp dursak, olary gowy görýändigimizi görkezeris. Käte garry dogan-uýalaryň öýüne baryp ýagdaýyny soramak ýa-da jaň etmek isleýändiris, emma muny etmegi ýatdan çykarýandyrys. Elbetde, her birimiziň işimiz başymyzdan agdykdyr. Emma biz «iň wajyp zatlary», şol sanda garry dogan-uýalaryň hal-ahwalyny soramagy ýatdan çykarmaly däl (Flp. 1:10). Munuň üçin ýygnagyňyzdaky garry dogan-uýalaryň atlaryny ýazyp, olara haçan SMS ýazjakdygyňyzy ýa-da jaň etjekdigiňizi bir ýere belläp bilersiňiz. Ýadyňyzdan çykmaz ýaly, ýagdaýyny soramaga haýsy gün gitjekdigiňizi hem belläň.
15. Ýaşlar garry dogan-uýalar bilen nädip dost bolup biler?
15 Eger siz ýaş bolsaňyz, onda garrylar bilen edere gürrüň ýa-da iş ýok diýýänsiňiz. Ýöne beýle pikir etmäň. Olar bilen gowy dost boluň (Nak. 17:17). Garry dogan-uýalar bilen ýygnakdan öň ýa-da soň gürrüňdeş boluň. Siz olardan gowy görýän aýadyny ýa-da çagalygynda bolan bir gyzykly wakany gürrüň bermegi haýyş edip bilersiňiz. Şeýle-de JW teleýaýlymynyň täze çykan sanyny bile görüp bilersiňiz. Siz garry dogan-uýalara el kömegini hem berip bilersiňiz. Meselem, onuň telefonyna täzelemesini ýa-da täze çykan edebiýatlarymyzy ýükläp berip bilersiňiz. Karol şeýle diýýär: «Garry bolsam-da, göwnüm ýaş. Menem ýaşlar ýaly dükanlara aýlanmagy, dost-ýarlar bilen oturyşyp-turuşmagy, owadan ýerlere gitmegi gowy görýärin. Şonuň üçin şeýle ýerlere garry dogan-uýalary hem alyp gidiň». Mira şeýle gürrüň berýär: «Joralarymyň biri 90 ýaşynda. Käte biz film görenimizde, gülşüp-degşenimizde onuň menden 57 ýaş uludygy ýadymdanam çykýar. Biz kyn günde-de birek-birekden maslahat soraýarys».
16. Garry dogan-uýalar lukmana görünmeli bolanda ýanynda gitsek näme üçin gowy bolýar?
16 Lukmana görünmeli bolanda ýanynda gidiň. Siz garry dogan-uýalary diňe bir hassahana eltip gaýtman, lukman ýa şepagat uýasy bilen gepleşende ýanynda duruň, gerek bolsa özüňiz gepleşiň (Işa. 1:17). Şeýle-de lukmanyň aýdan zatlaryny ýazyp alyp, oňa düşündiriň. Rut şeýle gürrüň berýär: «Köplenç keselhana ýeke özüm gitsem, lukman aýdýan zatlaryma ynanmaýar. Käbiri: „Jögüçilik edip, özüňi kesel görkezjek bolma, sen tut ýaly sagdyn“ diýýär. Ýöne ýanymda adam bolsa, ol meniň bilen gowy gepleşýär. Dogan-uýalaryň ömri uzak bolsun, meni ýeke goýbermeýärler».
17. Garry dogan-uýalar bilen nädip wagyz edip bileris?
17 Bile wagza gidiň. Käbir garry dogan-uýalar ýarawsyz bolansoň, öýden-öýe wagyz edip bilmeýärler. Siz olara stendiň ýanynda oturyp wagyz etmegi teklip ediň. Ýa-da Mukaddes Kitap okuwyna äkidiň. Käte bolsa okuw geçýäniňizi olaryň öýüne äkidip bilersiňiz. Ýaşulular bolsa wagyz duşuşygyny garry dogan-uýalaryň öýünde geçirse, olaram gatnaşyp biler. Görşümiz ýaly, garry dogan-uýalaryň aladasyny etsek we olara hormat goýsak, Ýehowany begendirýäris (Nak. 3:27; Rim. 12:10).
18. Indiki makalada näme hakda gürrüň ederis?
18 Makaladan bilşimiz ýaly, Ýehowa garry dogan-uýalary gowy görýär we gadyryny bilýär. Bizem Ýehowadan görelde alyp, olara hormat goýýarys. Dogan-uýalar, garrylyk derdiň ýamany bolsa-da, Ýehowanyň kömegi bilen şatlanyp ýaşap bilersiňiz (Zeb. 37:25). Ýadyňyzdan çykarmaň, gowy günler yzda däl-de, entek öňde. Käbir dogan-uýalaryň özleri garry bolmasa-da, garry ene-atasynyň ýa-da dogan-garyndaşlarynyň aladasyny edýärler. Käbirleri bolsa ýarawsyz çagasyna ýa-da dostuna seredýärler. Şeýle dogan-uýalar şatlygyny ýitirmez ýaly näme edip biler? Şu soragyň jogabyny indiki makaladan bileris.
30-NJY AÝDYM Hudaýym, Dostum, Atam
a JW.ORG saýtyndan ýa-da JW Library programmasyndan «Gartaşan dogan-uýalaryň wajyp orny bar» (rus.) diýen wideony görüň.