Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • w25 Maý sah. 14—19
  • «Berk binýatly şähere garaşyň»

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

  • «Berk binýatly şähere garaşyň»
  • Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär (Ýygnak üçin) — 2025
  • Sözbaşylar
  • Meňzeş maglumat
  • ÝEHOWANYŇ ALADAŇYZY ETJEKDIGINE YNANYŇ
  • ÝOLBAŞÇYLYK EDÝÄN DOGANLARA GULAK ASYŇ
  • DOGAN-UÝALARY SÖÝÜŇ WE MYHMANSÖÝER BOLUŇ
  • TIZDEN NÄMELER BOLAR?
  • Ýewreýlere ýazylan öwüt-nesihat
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär (Ýygnak üçin) — 2024
  • Karara geleniňizde Ýehowa bil baglaň
    Mesihçileriň durmuşy we wagzy. Okuw depderi — 2023
  • Pespäl bolup, hemme zady bilmeýändigimizi boýun alalyň
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär (Ýygnak üçin) — 2025
  • Dogan-uýalar bilen dostlaşmak «nähili gowy!»
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär (Ýygnak üçin) — 2025
Başgalary
Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär (Ýygnak üçin) — 2025
w25 Maý sah. 14—19

21-NJI MAKALA

21-NJI AÝDYM Patyşalygy birinji orunda goýuň

«Berk binýatly şähere garaşyň»

«Şonuň üçin geljekki şähere ýürekden garaşalyň» (Ýew. 13:14).

ESASY PIKIR

Ýewreýler 13-nji bapdaky maslahatlara eýersek, häzir hem gelejekde köp peýda alarys.

1. Isa şägirtlerine näme hakda duýdurýar?

ÖLMEZINDEN birnäçe gün öň, Isa şägirtlerine Iýerusalimiň gabalyp, weýran ediljekdigi baradaky pygamberligi aýdýar. Ol şägirtlerine goşunyň şäheri «gabandygyny görenlerinde» Ýahudadan derrew çykyp gitmelidigini duýdurýar (Luka 21:20—22).

2. Pawlus resul ýewreý mesihçilerine nähili maslahat berdi?

2 Isanyň aýdyşy ýaly, Rim goşuny Iýerusalimiň daşyny gabaýar. Emma şondan birnäçe ýyl öň, Pawlus resul ýewreý mesihçilerine hat ýazýar. Ol hatynda Ýahudadaky we Iýerusalimdäki mesihçilere ýetip gelýän betbagtçylyga taýýarlyk görmegi maslahat berýär. Iýerusalime nähili betbagtçylyk abanýardy? Tizden rimliler şäheri derbi-dagyn etmelidi. Eger mesihçiler halas bolmak isleseler, onda ähli zadyny: öýüni, işini, emlägini taşlap gitmäge taýýar bolmalydylar. Pawlus resul Iýerusalim hakda şeýle sözleri ýazýar: «Ýer ýüzünde biziň hemişelik şäherimiz ýokdur. Şonuň üçin geljekki şähere ýürekden garaşalyň» (Ýew. 13:14).

3. «Berk binýatly şäher» näme we biz näme üçin oňa garaşýarys?

3 Köp adamlar öý-öwzaryny, mal-garasyny taşlap gaýdan mesihçileri akmak hasaplandyr we olaryň üstünden gülendir. Ýöne mesihçiler şeýtmek bilen janyny halas etdiler. Bizi hem baýlygyň ugrunda hars urmaýandygymyz ýa-da ýokary wezipeli adamlara bil baglamaýandygymyz üçin ýaňsylaýandyrlar. Ýöne biz şu zatlara näme üçin bil baglamaýarys? Şu dünýäniň tizden ýok ediljekdigini bilýäris. Biz «berk binýatly şähere», ýagny Hudaýyň Patyşalygyna bil baglaýarysa (Ýew. 11:10; Mat. 6:33). Makalada üç soragyň jogabyny bileris: 1) Pawlusyň maslahaty I asyrdaky mesihçilere «berk binýatly şähere» garaşmaga nädip kömek etdi? 2) Onuň maslahaty mesihçileri ýetip gelýän betbagtçylyga nädip taýýarlady? 3) Pawlusyň maslahatynyň bize nähili peýdasy bar?

ÝEHOWANYŇ ALADAŇYZY ETJEKDIGINE YNANYŇ

4. Iýerusalim şäheri näme üçin mesihçileriň göz-guwanjydy?

4 Iýerusalim şäheri mesihçileriň göz-guwanjydy. B. e. 33-nji ýylynda ilkinji ýygnak Iýerusalimde döredilipdi. Ýolbaşçylyk maslahaty hem şol ýerdedi. Onsoňam, köp mesihçileriň öýi, işi, mal-garasy we başga-da zatlary Iýerusalimdedi. Ýöne Isa şägirtlerine Iýerusalimden, hatda Ýahudadan gaçmaly boljakdyklaryny aýdypdy (Mat. 24:16).

5. Pawlus mesihçileri Iýerusalimden çykyp gitmäge nädip taýýarlady?

5 Pawlus resul mesihçilere Iýerusalim şäherine Ýehowanyň nähili garaýandygyny düşündirýär. Indi Ýehowa üçin Iýerusalim şäheri, ybadathana mukaddes däldi. Ol ruhanylardan närazydy, olaryň berýän gurbanlyklaryny hem kabul etmeýärdi (Ýew. 8:13). Şäheriň ilaty Isa Mesihden ýüz öwrüpdi. Iýerusalimdäki ybadathanada Ýehowa arassa sežde edilmeýärdi. Ol tizden derbi-dagyn edilmelidi. Eger şu zatlara düşünseler, mesihçilere göz-guwanjy bolan Iýerusalimden çykyp gitmek kyn bolmazdy (Luka 13:34, 35).

6. Ýewreýler 13:5, 6-njy aýatlardaky sözlere näme üçin tüýs wagtynda berlen duýduryş diýse bolýar?

6 Pawlusyň ýewreýlere hat ýazan döwri Iýerusalim gülläp-ösen şäherleriň biridi. Rim ýazyjysy Iýerusalimiň «gündogarda ady belli şäherleriň biri bolandygyny» aýdýar. Dürli ýurtlarda ýaşaýan ýehudylar her ýyl Iýerusalime baýramçylyga gelýärdiler. Ýurduň ykdysadyýeti hem ösýärdi. Käbir mesihçiler baýramçylyga gelen adamlaryň arkasyndan gowy gazanç edendir. Şonuň üçinem Pawlus olara: «Durmuşyňyzda pul söýgüsine orun bermäň, bar zadyňyza kaýyl boluň» diýdi. Soňra ol Töwratdaky Ýehowanyň: «Men seni terk etmerin, hiç wagt taşlamaryn» diýen sözüni ýatladýar (Ýewreýler 13:5, 6-njy aýatlary okaň; 5 Mus. 31:6, Zeb. 118:6). Iýerusalimdäki we Ýahudadaky mesihçiler Ýehowanyň wadasyny unutmaly däldi, sebäbi Pawlusyň hat ýazanyna biraz wagt geçensoň, olar bar zadyny goýup şäherden çykmalydy. Şeýle-de olar ýat ýurda baryp, täze şertlere öwrenişmelidi. Muny etmek bolsa aňsat bolan däldir.

7. Biz näme üçin häzirden Ýehowa bil baglamaly?

7 Biziň üçin sapak. Gelejekde nähili wakalar bolar? «Uly betbagtçylykda» şu dünýä ýok ediler (Mat. 24:21). Iýerusalimde ýaşan mesihçiler ýaly, bizem şol günlere häzirden taýýarlanmaly we Hudaýa wepaly bolmaly (Luka 21:34—36). Uly betbagtçylyk döwri, belki, biz käbir ýa-da ähli zadymyzdan geçmeli bolarys. Şonda Ýehowanyň aladamyzy etjekdigine doly bil baglamaly bolarys. Biz heniz uly betbagtçylyk başlamanka Ýehowa bil baglaýandygymyzy görkezip bilýäris. Nädip? Özüňize şeýle soraglary beriň: meniň durmuşym we goýýan maksatlarym nämäni görkezýär? Men baýlygyň ugrunda hars urýarynmy ýa-da Ýehowanyň aladamy etjegine bil baglap ýaşaýaryn? (1 Tim. 6:17). Geliň, I asyrdaky mesihçileriň göreldesine eýereliň. Sebäbi bize adamzat taryhynda görlüp-eşidilmedik «uly betbagtçylyk» garaşýar. Ýöne uly betbagtçylyk başlanda näme etmelidigini nädip bilmeli?

ÝOLBAŞÇYLYK EDÝÄN DOGANLARA GULAK ASYŇ

8. Isa şägirtlerine nähili görkezme berdi?

8 Pawlusyň ýewreý mesihçilerine ýazan hatyna birnäçe ýyl geçensoň, Rim goşuny Iýerusalimiň daşyny gabady. Mesihçilerem şäherden gaçmalydygyna düşündiler. Sebäbi tizden Iýerusalim derbi-dagyn edilmelidi (Mat. 24:3; Luka 21:20, 24). Ýöne olar nirä gaçmalydy? Isa olara anyk görkezme bermändi. Ol diňe «Ýahudadakylaryň daglara gaçmalydygyny» aýdypdy (Luka 21:21). Ýöne Ýahudada dag köpdi. Mesihçiler haýsy daga gaçmalydy?

9. Mesihçilere haýsy daga gaçmalydygyny bilmek näme üçin kyn bolandyr? (Karta serediň).

9 Mesihçiler Samariýanyň, Jeliläniň daglaryna, Hermon dagyna, Liwan daglaryna, Iordan derýasynyň aňry ýüzündäki daglara gaçyp bilerdiler (Karta serediň). Käbir şäherler daglyk ýerde ýerleşensoň, howp abanmajak ýaly görünýärdi. Meselem, Gamla şäheri beýik dagyň depesinde ýerleşýärdi. Onuň ýoly belentli-pesli bolansoň, barmak kyndy. Şonuň üçin ýehudylar şol şäheri iň howpsuz ýer hasaplandyr. Emma Gamla şäheriniň üstünde ýehudylar bilen rimlileriň arasynda gandöküşikli söweş bolýar. Şol söweşde şäheriň köp ilaty heläk bolýarb.

Kartada gadymy Ysraýylyň käbir şäherleri we daglary görkezilen (I asyr). Iýerusalimiň demirgazygynda Liwan, Jelile, Samariýa, Gilead, Hermon we Tabor daglary ýerleşýärdi. Şeýle-de Gamla, Kaýsariýa we Pella şäherleri bardy. Iýerusalimiň günortasynda Ýahuda, Abarym daglary we Masada şäheri ýerleşýärdi. Kartada Rim goşunynyň geçen ýoly we ýehudylaryň elden gidiren ýerleri görkezilen (b. e. 67—73).

Mesihçiler üçin gaçar ýaly dag kändi, ýöne olaryň hemmesi howpsuz däldi (9-njy abzasa serediň).


10, 11. a) I asyrda Ýehowa nähili görkezme beren bolmaly? (Ýewreýler 13:7, 17). b) Ýolbaşçylyk edýän doganlara gulak asyp mesihçiler nähili peýda aldy? (Surata serediň).

10 Ýehowa mesihçilere ýolbaşçylyk edýän doganlar arkaly görkezme berýärdi. Taryhçy Ýewsewiý şeýle ýazýar: «Iýerusalimdäki ýolbaşçy doganlar Hudaýyň ylhamy bilen görkezme alan bolmaly. Olar ýygnakdakylara söweş başlamanka şäherden gaçyp, Pereýanyň Pella şäherine gitmelidigini aýdandyrlar». Pella şäheri şol wagt mesihçiler üçin iň howpsuz ýer bolan bolmaly. Ol Iýerusalimden uzak däldi, oňa barmak hem aňsatdy. Pella şäheriniň ýaşaýjylarynyň köp bölegi dürli milletdendi. Şonuň üçinem olar ýehudylar ýaly şäheriň üstünde rimliler bilen söweşmeýärdiler.

11 Daglara gaçan mesihçiler Pawlusyň: «Ýolbaşçylyk edýän doganlara gulak asyň» diýen maslahatyna eýerdiler (Ýewreýler 13:7, 17-nji aýatlary okaň). Şeýlelikde, Hudaýam halkyny halas etdi. Şu waka Hudaýyň «berk binýatly şähere», ýagny Hudaýyň Patyşalygyna garaşýan adamlary taşlamaýandygyny subut edýär (Ýew 11:10).

I asyrdaky mesihçiler daglyk ýerlerden ýöräp barýar.

Pella şäheri iň howpsuz ýerdi (10, 11-nji abzaslara serediň).


12, 13. Ýehowa kyn döwürde halkyna nädip ýol görkezýär?

12 Biziň üçin sapak. Ýehowa şu günlerem ýolbaşçylyk edýän doganlar arkaly halkyna görkezme berýär. Ol geçmişde-de bellän wekilleri arkaly halkyna kyn gününde görkezme beripdir. Mukaddes Kitapda şeýle wakalar barmak büküp sanardan köp (5 Mus. 31:23; Zeb. 77:20). Ýehowanyň şu günlerem ýolbaşçylyk edýän doganlar arkaly halkyna ýol görkezýändigine şek-şübhe ýok.

13 Koronawirus keseliniň (COVID-19) ýaýran döwri «ýolbaşçylyk edýän doganlar», ýagny Ýolbaşçylyk maslahaty gerekli görkezme berdi. Olar ýaşululara ýygnak duşuşyklary we wagyz gullugy bilen bagly anyk görkezmeleri berdi. Koronawirus keseliniň ýaýranyna köp wagt geçmänkä, bütin dünýäde 500-den gowrak dilde dogan-uýalar Internet, telewizor, radio arkaly kongresi diňläp bildiler. Keselçilik döwri hem Ýehowanyň ruhy saçagynyň berekedi egsilmedi. Şeýlelikde, dogan-uýalar has-da jebisleşdi. Gelejekde nähili kyn ýagdaýlar bolsa-da, Ýehowanyň ýolbaşçylyk edýän doganlar arkaly aladamyzy etjekdigine doly ynanyp bileris. Görşümiz ýaly, Ýehowa bil baglasak we gulak assak, uly betbagtçylyga, gelejekde ýer ýüzüni sarsdyrjak wakalaryň boljak döwrüne taýýarlyk görüp bileris. Şol döwürde bize ýene haýsy häsiýetler gerek bolar?

DOGAN-UÝALARY SÖÝÜŇ WE MYHMANSÖÝER BOLUŇ

14. Ýewreýler 13:1—3-nji aýatlara görä, I asyrdaky mesihçiler haýsy häsiýeti ösdürmelidi?

14 Uly betbagtçylyk başlanda biz bir-birimiz üçin janymyzdan geçmäge taýyn bolmaly. Iýerusalimde we Ýahudada ýaşaýan mesihçiler bize gowy görelde galdyrdylar. Olar hemişe birek-biregi söýýärdiler (Ýew. 10:32—34). Ýöne Iýerusalimiň weýran ediljek döwri olar birek-birek üçin janyny bermäge-de taýyn bolmalydylar. Bizem şu günler dogan-uýalary janymyz-tenimiz bilen söýmegi we «myhmansöýer bolmagy» öwrenmelic (Ýewreýler 13:1—3-nji aýatlary okaň). Sebäbi uly betbagtçylykda bir-birimiziň kömegimize mätäç bolarys.

15. Ýewreý mesihçileri Iýerusalimden gaçanlarynda näme üçin bir-birege doganlyk söýgüsini görkezmelidi?

15 Rim goşuny Iýerusalim şäherini gabaýar we az wagtlyk yza çekilýär. Şonda mesihçiler iň zerur zatlaryny alyp şäherden gaçdylar (Mat. 24:17, 18). Olar belentli-pesli ýollardan geçenlerinde, ýat ýurda baryp ýaşap başlanlarynda bir-birine kömek edendirler. Dogan-uýalaryň köpüsine iýmit, egin-eşik, ýaşamaga ýer gerek bolandyr. Olar imandaşlaryny myhman alyp, olar bilen barja zatlaryny paýlaşyp doganlyk söýgüsini görkezdiler (Tit. 3:14).

16. Biz mätäç dogan-uýalara söýgimizi nädip görkezip bileris? (Surata serediň).

16 Biziň üçin sapak. Dogan-uýalary söýýändigimiz üçin olardan kömegimizi gaýgyrmaýarys. Käbir dogan-uýalar uruş ýa-da tebigy betbagtçylyk sebäpli ýurdundan gaçyp gaýtmaly bolýarlar. Şonda Hudaýyň halky olara iň zerur zatlaryny ýetirýär we ruhlandyryp Hudaýa gulluk edip başlamaga kömek edýärler. Uruş sebäpli Ukrainadan gaçyp gaýdan uýa şeýle gürrüň berýär: «Doganlar bize köp kömek etdiler. Biz Ýehowanyň elini gördük. Olar bizi mähirli garşy aldylar. Ukrainada, Wengriýada, häzir bolsa Germaniýada köp kömek edýärler». Dogrudanam, myhmansöýer dogan-uýalar Ýehowanyň işdeşidir (Nak. 19:17; 2 Kor. 1:3, 4).

Garry är-aýal ýurdundan gaçyp gaýdan maşgalany myhman alýar. Şol maşgalanyň çemodany we birki sany sumkasy bar.

Biz ýurdundan gaçyp gaýdan dogan-uýalara kömek etmeli (16-njy abzasa serediň).


17. Biz näme üçin häzirden dogan-uýalary ýürekden söýmeli we myhmansöýer bolmaly?

17 Uly betbagtçylykda biz dogan-uýalar üçin şirin janymyzy bermäge-de taýyn bolmaly (Hab. 3:16—18). Şonuň üçin Ýehowa bize häzirden dogan-uýalary ýürekden söýmegi we myhmansöýer bolmagy öwredýär.

TIZDEN NÄMELER BOLAR?

18. Ýewreý mesihçilerinden nädip görelde alyp bileris?

18 Ýehowa gulak asyp şäherini goýup gaýdan mesihçiler Iýerusalim ýok edilende halas boldular. Olar ata watanyny goýup gitseler-de, Ýehowa olary ýeke goýmady. Bizem gelejekde nämeleriň boljagyny jikme-jik bilmeýäris. Ýöne biz çendenaşa alada etmeýäris. Sebäbi Isa pygamberiň «taýyn boluň» diýen duýduryşyna gulak asýarys (Luka 12:40). Pawlusyň hem Ýewreýler kitabynda ýazan maslahatlaryna eýerýäris. Onuň maslahatlary I asyrdaky mesihçilere kömek eden bolsa, bize-de hökman kömek eder. Şeýle-de Ýehowanyň «seni terk etmerin, hiç wagt taşlamaryn» diýen wadasyna ynanýarys (Ýew. 13:5, 6). Geliň, «berk binýatly şähere», ýagny Hudaýyň Patyşalygyna sabyrsyzlyk bilen garaşalyň. Şonda egsilmejek bereketleriň hözirini göreris (Mat. 25:34).

SIZ NÄHILI JOGAP BERERSIŇIZ?

  •  Biz näme üçin häzirden Ýehowa bil baglamaly?

  •  «Uly betbagtçylykda» gulak asmak näme üçin has-da wajyp bolar?

  •  Biz näme üçin häzirden birek-biregi söýmeli we myhmansöýer bolmaly?

157-NJI AÝDYM Parahatlyk bolar

a Gadymy döwürde şäherleri köplenç hanlar dolandyrypdyr. Her şäher aýratyn patyşalyk hasaplanypdyr (1 Mus. 14:2).

b Waka b. e. 67-nji ýylynda bolýar. Şol wagt mesihçileriň Ýahudadan we Iýerusalimden çykyp gaýdanyna köp wagt geçmändi.

c «Doganlyk söýgi» diýip terjime edilen jümle asyl nusgada dogan-garyndaşlara bildirilýän söýgini aňladýar. Pawlus resul imandaşlarymyzy süýtdeş doganymyz ýaly söýmelidigini görkezmek üçin aýatda şol jümläni ulanýar.

    Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
    Çykmak
    Girmek
    • türkmen
    • Paýlaş
    • Sazlamalar
    • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
    • Şertler we düzgünler
    • Gizlinlik syýasaty
    • Gizlinlik sazlamalary
    • JW.ORG
    • Girmek
    Paýlaş