Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • w25 Sentýabr sah. 20—25
  • Hudaý barada bilmek isleýän adamlara kömek ediň

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

  • Hudaý barada bilmek isleýän adamlara kömek ediň
  • Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär (Ýygnak üçin) — 2025
  • Sözbaşylar
  • Meňzeş maglumat
  • GYZYKLANÝAN ADAMA NÄDIP KÖMEK ETMELI?
  • GYZYKLANÝAN ADAM BILEN OKUWA BAŞLANYMYZDA NÄME ETMELI?
  • GYZYKLANÝAN ADAM ÝYGNAGA GELENDE NÄME ETMELI?
  • Şu soraglaryň jogabyny biliň
    2025/2026-nji ýylyň etrap kongresiniň meýilnamasy. Etrap gözegçisiniň gatnaşmagynda
  • Karara geleniňizde Ýehowa bil baglaň
    Mesihçileriň durmuşy we wagzy. Okuw depderi — 2023
  • Şatlyk bilen wagyz edeliň!
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär (Ýygnak üçin) — 2024
  • Pespäl bolup, hemme zady bilmeýändigimizi boýun alalyň
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär (Ýygnak üçin) — 2025
Başgalary
Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär (Ýygnak üçin) — 2025
w25 Sentýabr sah. 20—25

39-NJY MAKALA

54-NJI AÝDYM «Ine ýol!»

Hudaý barada bilmek isleýän adamlara kömek ediň

«Ebedi ýaşamak isleýän ähli adamlar iman etdiler» (Res. 13:48).

ESASY PIKIR

Adamlara Mukaddes Kitap okuwyny teklip ediň we ýygnaga çagyryň.

1. Adamlar hoş habara nähili seslenýärler? (Resullar 13:47, 48; 16:14, 15).

I ASYRDA köp adamlar hoş habary eşiden badyna kabul etdiler (Resullar 13:47, 48; 16:14, 15-nji aýatlary okaň). Şu günlerem köpler biziň aýdýan habarymyzy höwes bilen diňläp hakykata gelýärler. Käbir adamlar bolsa hoş habary eşiden badyna kabul etmese-de, wagtyň geçmegi bilen Hudaý barada bilmek isleýärler. Geliň, olara nädip kömek etmelidigini bileliň.

2. Şägirt taýýarlaýan adamy kime meňzetse bolýar we näme üçin?

2 Hoş habary wagyz edip, şägirt taýýarlaýan adamy bagbana meňzetse bolýar. Hemme agajyň miwesi deň bişmeýär. Bagban ýetişen miweleri ýygnaýar, heniz miwesi bişmedik agaçlara bolsa suw berýär, ideg edýär. Biz hem hoş habary kabul eden adama Isanyň şägirdi bolmaga derrew kömek edip başlaýarys. Emma hoş habary kabul etmäge taýýar däl adamlary hem idäp, Mukaddes Kitap, Hudaý barada öwrenmegiň peýdalydygyna düşünmäge kömek edýäris (Ýah. 4:35, 36). Eger biz adamyň hoş habary kabul etmäge taýyn ýa-da taýyn däldigini bilsek, oňa gowy kömek edip bileris. Biz şu makalada hoş habary derrew kabul eden adama nädip kömek etmelidigini bileris. Şeýle-de oňa Hudaý bilen dostlaşyp, ruhy taýdan ösmäge nädip kömek etmelidigini öwreneris.

GYZYKLANÝAN ADAMA NÄDIP KÖMEK ETMELI?

3. Hudaý barada bilmek isleýän adama duşanymyzda näme etmeli? (1 Korinfliler 9:26).

3 Biz Hudaý barada bilmek isleýän adama ebedi ýaşaýşa eltýän ýoldan ýöremäge kömek etmek isleýäris. Şonuň üçin biz ilkinji gürrüňdeşlikde oňa Mukaddes Kitapdan okuw geçmegi teklip etmeli we ýygnaga çagyrmalya (1 Korinfliler 9:26-ny okaň).

4. Abzasdaky wakadan näme öwrendiňiz?

4 Okuw teklip ediň. Käbir adamlar ilkinji gürrüňdeşlikde Mukaddes Kitapdan okuw geçmäge razylaşýarlar. Geliň, Kanadada bolan bir waka seredeliň. Penşenbe güni dogan-uýalar stendli wagyz edip durka, bir aýal stendiň ýanyna gelip «Ebedi ýaşaň!» broşýurasyny alýar. Stendiň ýanynda duran uýa aýala Mukaddes Kitapdan mugtuna okuw geçip bolýandygyny aýdýar. Aýal Mukaddes Kitapdan köpräk bilesi gelýär we oňa telefon belgisini berýär. Şol gün aýal uýa Mukaddes Kitapdan okuw geçmek isleýändigini aýdyp SMS ýazýar. Uýa oňa dynç günleri görüşmegi teklip edýär. Ýöne aýal: «Men ertir boşdum. Görşüp bilerismi?» diýýär. Şeýdip, olar anna güni Mukaddes Kitapdan okuwa başlaýarlar. Ýaňky aýal şol hepdäniň dynç güni ilkinji sapar ýygnaga barýar we ruhy taýdan ösüp başlaýar.

5. Eger adam Mukaddes Kitapdan okuw geçmäge taýýar däl bolsa näme etmeli? (Surata serediň).

5 Elbetde, her bir adam hoş habary eşiden badyna Mukaddes Kitapdan okuw geçmäge razylaşar diýip bolmaz. Käbirlerine hakykaty kabul etmäge wagt gerek bolýar. Şeýle ýagdaýda biz ilki bilen adamlary gyzyklandyrýan zatlar hakda gürrüň etmeli. Biz hoş habary eşiden badyna kabul etmeýän adamlardan umydymyzy üzmeli däl. Gaýtam olar bilen ýürekden gyzyklanyp, kömek etjek bolmaly. Biraz wagt geçensoň, belki, olar Mukaddes Kitapdan okuw geçmäge razylaşar. Biz olar bilen nädip Mukaddes Kitapdan okuwa başlap bileris? Geliň, ökdelik bilen Mukaddes Kitap okuwyna başlaýan käbir dogan-uýalaryň berjek maslahatlaryna seredeliň.

Surat: 1) Iki dogan howluda oturan garry adam bilen gepleşýär. 2) Iki uýa gapyny açan çagaly aýala «Ebedi ýaşaň!» broşýurasyny berýär. Aýal bir ogluny göterip dur, beýleki ogly bolsa gapdalynda dur.

Suratdaky adamlara Mukaddes Kitapdan okuwa başlamaga nädip kömek edip bileris? (5-nji abzasa serediň)b.


6. Gyzyklanan adam siziň bilen ýene gürrüňdeş bolar ýaly näme edip bilersiňiz?

6 Ökdelik bilen Mukaddes Kitap okuwyna başlaýan dogan-uýalaryň aýtmagyna görä, käbir ýurtlarda «sapak geçmek», «Mukaddes Kitapdan bilim almak», «okuw geçmek» diýen sözleri ulanmasaň gowy bolýar. Oňa derek «gürrüňdeş bolmak», «söhbetdeşlik etmek», «pygamberleriň kitaplaryny öwrenmek» ýaly sözleri ulanýarlar. Adam hakykat bilen gyzyklanyp, siziň bilen ýene gürrüňdeş bolar ýaly şeýle diýip bilersiňiz: «Mukaddes Kitapda adamlary biynjalyk edýän soraglaryň jogaby bar» ýa-da «Mukaddes Kitapda diňe Hudaý we onuň etjek işleri barada aýdylman, eýsem peýdaly maslahatlar hem bar». Şeýle-de siz oňa 10—15 minudyň içinde köp zatlary öwrenip biljekdigini aýdyp bilersiňiz. Adam üstüne jogapkärçilik atylan ýaly ýa-da özüni siziň bilen görüşmäge borçly duýmaz ýaly, «her hepde» we «belleşip bileris» diýen sözleri ulanmaň.

7. Käbir adamlar hakykaty ilkinji gezek nirede eşidýärler? (1 Korinfliler 14:23—25).

7 Ýygnaga çagyryň. I asyrda käbir adamlar ilkinji gezek hakykaty ýygnaga gelende eşitdiler (1 Korinfliler 14:23—25-nji aýatlary okaň). Şu günlerem köp adamlar hakykaty ýygnaga gelip eşidýärler. Gyzyklanýan adamlaryň Ýehowa bilen dostlugy ýygnaga gatnap başlansoň berkeýär. Biz olary ýygnaga haçan çagyryp bileris? «Ebedi ýaşaň!» kitabynyň 10-njy sapagynda gyzyklanýan adamy ýygnaga gelmäge höweslendirilýär. Emma ony ýygnaga çagyrmak üçin okuw geçip, şol sapaga ýetýänçä garaşmak hökman däl. Biz ilkinji gürrüňdeşlikde hem gyzyklanan adamy şol hepdäniň dynç günleri geçiriljek ýygnaga çagyryp bileris. Siz oňa jemagat nutugynyň adyny ýa-da şol hepde öwreniljek makaladan gyzykly boljak pikiri öňünden aýdyp bilersiňiz.

8. Gyzyklanan adamy ýygnaga çagyranymyzda oňa nämeleri gürrüň berip bileris? (Işaýa 54:13).

8 Gyzyklanan adamy ýygnaga çagyranyňyzda oňa käbir zatlary düşündiriň. Mukaddes Kitapdan okuw geçip ýören bir aýal ilkinji sapar ýygnaga baranda: «Alyp baryjy her biriňiziň adyňyzy nädip bilýär?» diýip soraýar. Onuň bilen okuw geçýän uýa: «Maşgala agzalarymyzyň, dogan-garyndaşlarymyzyň her biriniň adyny bilşimiz ýaly, ýygnakdaky dogan-uýalaryň hem adyny bilýäris» diýýär. Okuw geçýän aýal buthana gatnaýan adamlaryň bir-biriniň adyny bilmeýändigini aýdýar. Biz okuw geçýänlere ýygnaklaryň buthanadan başga-da köp zatda tapawutlanýandygyny aýdyp bileris (Işaýa 54:13-i okaň). Meselem, biz Ýehowa sežde etmek, biri-birimizden öwrenmek we birek-biregi ruhlandyrmak üçin ýygnanyşýarys (Ýew. 2:12; 10:24, 25). Biz ýygnaklara däp-dessurlary berjaý etmek üçin däl-de, peýdaly zatlary öwrenmek üçin barýarys (1 Kor. 14:40). Şeýle-de Ýygnak jaýlary ýönekeý gurlup, öwrenmek üçin ähli amatly şertler döredilen. Bitaraplygy saklaýandygymyz üçin ýygnakda syýasat barada gürrüň edilmeýär. Ýygnakda hiç kim öz pikirini öňe sürmeýär ýa-da belli bir mesele babatda çekeleşmeýär. Gyzyklanýan adama entek ýygnaga barmanka «Ýygnak jaýynda nämeler edilýär?» diýen wideony görkezseň peýdaly bolýar. Şonda ol ýygnaga arkaýyn barar.

9, 10. Gyzyklanýan adam ýygnaga gelende özüni arkaýyn duýar ýaly näme edip bileris? (Surata serediň).

9 Käbir adamlar: «Ýehowanyň Şaýady bol» diýeris öýdüp, ýygnaga barmaga çekinýärler. Şonuň üçin olary ýygnaga çagyranyňyzda myhmanlary gujak açyp garşy alýandygyňyzy, olaryň diňe diňlemek üçin gelip bilýändiklerini aýdyň. Gyzyklanýan adamlar ýygnaga çagalaryny hem getirip bilýärler. Çagalar ene-atasyndan aýra däl-de, olaryň ýanynda oturyp diňläp, öwrenip bilýärler. Şonda ene-atalar: «Çagalarymyz niredekä, olar näme öwrenýärkä?» diýip biynjalyk bolmaýarlar (5 Mus. 31:12). Biz ýygnaga gelýän adamlardan pul almaýarys, gaýtam Isanyň «mugt aldyňyz, mugt hem beriň» diýen tabşyrygyna eýerýäris (Mat. 10:8). Şeýle-de siz olara ýygnaga gymmatbaha eşik satyn alyp, üýtgeşik geýnip gelmegiň hökman däldigini aýdyp bilersiňiz. Sebäbi Alla adamyň eşigine däl-de, ýüregine seredýär (1 Şam. 16:7).

10 Gyzyklanýan adam ýygnaga gelende, ony güler ýüz bilen garşy alyň. Ony ýaşulular, dogan-uýalar bilen tanyşdyryň. Eger ol özüni arkaýyn duýsa, indiki gezegem ýygnaga gelmek islär. Onuň Mukaddes Kitaby ýok bolsa, nutukda okalýan aýatlary we makalany bile yzarlaň.

Ýokarky suratdaky aýal Ýygnak jaýyna gelýär we dogan-uýalar ony güler ýüz bilen garşy alýar. Onuň kiçi ogly elinde, uly ogly bolsa bir oglanjyk bilen gepleşýär.

Gyzyklanýan adam näçe tiz ýygnaga gatnap başlasa, şonça-da Ýehowa bilen ýakyn dost bolar (9, 10-njy abzaslara serediň).


GYZYKLANÝAN ADAM BILEN OKUWA BAŞLANYMYZDA NÄME ETMELI?

11. Okuw geçenimizde nämelere ünsli bolmaly?

11 Gyzyklanýan adam bilen okuw geçip başlanymyzda käbir zatlara ünsli bolmaly. Meselem, ýaşaýan ýeriňizdäki adamlar bir ýere gijä galyp barmaga öwrenişen bolsa-da, okuw geçmäge gürleşen wagtyňyzda baryň. Sebäbi okuw geçýän adamyň başga-da etmeli işleri bar bolsa wagty çäklidir. Şeýle-de gyzyklanýan adama ilkinji gezek okuw geçmäge baranyňyzda sapagy gysga geçiriň. Gyzyklanýan adam köpräk bilmek islese-de, sapagy wagtynda gutaryň. Käbir tejribeli wagyzçylar hem şeýle etmegi maslahat berýärler. Sapagyň dowamynda köp geplemäň, gaýtam okuw geçýäne pikirini, duýgusyny aýtmaga mümkinçilik beriň (Nak. 10:19).

12. Biz adamlara näme maksat bilen okuw geçmeli?

12 Biz okuw geçip başlanymyzda gyzyklanýan adama Ýehowany we Isany tanap, olary söýmegi öwretmek isleýäris. Munuň üçin öz pikirimizi aýtman, hemişe Mukaddes Kitaba esaslanyp öwretmeli (Res. 10:25, 26). Pawlus adamlara öwredende olaryň ünsüni Isa gönükdirdi, sebäbi Isa adamlara Ýehowany tanamaga we Ony söýmäge kömek etmek üçin ýer ýüzüne gelipdi (1 Kor. 2:1, 2). Şeýle-de Pawlus olara altyn-kümşe, gymmatbaha daşlara deňelýän gowy häsiýetleri ösdürmäge kömek etmelidigini hem düşündirdi (1 Kor. 3:11—15). Meselem, akyldarlyk, iman, parasatlylyk we Ýehowadan gorky gyzyldan gymmat häsiýetler (Zeb. 19:9, 10; Nak. 3:13—15; 1 Pet. 1:7). Bizem Pawlusdan görelde alyp, okuw geçýänlerimiziň imanyny berkitmeli we Ýehowa bilen dostlaşmaga kömek etmeli (2 Kor. 1:24).

13. Okuw geçip başlan adama nädip sabyrly bolmaly we ýagdaýyna düşünmeli? (2 Korinfliler 10:4, 5; surata serediň).

13 Gyzyklanýan adama okuw geçeniňizde, Isadan görelde alyp sabyrly boluň we ýagdaýyna düşüniň. Adamy oňaýsyz ýagdaýlara saljak soraglary bermäň. Eger ol sapagyň dowamynda käbir zatlara düşünmese-de, sapagy dowam ediň. Düşünmedik ýerine soň gaýtadan seredip bilersiňiz. Okuw geçýän adam öwrenýän zatlarynyň käbiri bilen ylalaşmasa, oňa oýlanyp, pikirini üýtgetmäge wagt beriň (Ýah. 16:12; Kol. 2:6, 7). Mukaddes Kitapda ýalan düşünjeler berk gala meňzedilýär we ony ýykmalydygy aýdylýar (2 Korinfliler 10:4, 5-nji aýatlary okaň). Okuw geçip başlan adama aňyna, ýüregine siňip giden ynançlary aýyrmak kyn bolýar. Şol sebäpli biz oňa ilki Ýehowa bilen dostlugyny berkitmäge kömek etmeli. Şonda okuw geçýäniň özi ýüreginde kök urup giden ynançlaryny aýrar, ýagny berk galany ýumrar (Zeb. 91:9).

Ýokarky suratdaky garry adam «Ebedi ýaşaň!» kitabyndan okuw geçýär. Tekjede onuň harby işgär wagty berlen medaly dur.

Okuw geçýäne öwrenen zatlary hakda oýlanmaga we pikirini üýtgetmäge wagt beriň (13-nji abzasa serediň).


GYZYKLANÝAN ADAM ÝYGNAGA GELENDE NÄME ETMELI?

14. Biz ilkinji gezek ýygnaga gelýän adamlar bilen özümizi nähili alyp barmaly?

14 Gyzyklanýan adamlar baý ýa garyp bolsa-da, medeniýeti, milleti tapawutlansa-da, Ýehowa olary söýmegimizi isleýär (Ýak. 2:1—4, 9). Biz ilkinji gezek ýygnaga gelýän adamlara söýgimizi nädip görkezip bileris?

15, 16. Ýygnaga ilkinji sapar gelen adam özüni arkaýyn duýar ýaly näme edip bileris?

15 Käbir adamlar Ýygnak jaýynda nämeleriň edilýändigini görmek üçin ýa-da başga ýerde ýaşaýan tanşy höweslendirendigi üçin ýygnaga gelmek isleýärler. Şeýle adamlar ýygnaga gelende mähir bilen garşy alyň we gepleşiň. Emma olary oňaýsyz ýagdaýa salmaň. Siz onuň ýanynda oturyp Mukaddes Kitapdan, makaladan bile yzarlap bilersiňiz. Ýa-da onuň özüne aýratyn Mukaddes Kitap we makala berip bilersiňiz. Şeýle-de onuň özüni arkaýyn duýmagy üçin ýene nämeleri edip biljekdigiňiz hakda oýlanyň. Bir gezek Ýygnak jaýyna gelen adam başgalaryň eşigine seredip, öz eşiginden utanýar. Şonda dogan onuň bilen mähirli gepleşip, Ýehowanyň Şaýatlarynyň hem başga adamlardan üýtgeşik däldigini aýdýar. Ol adam okuw geçip, suwa çümdürilenden soňam doganyň aýdan sözlerini ýatdan çykarmaýar. Biz ýygnaga gelen adam bilen ýürekden gyzyklansak-da, ony utandyrmaly däl ýa-da şahsy durmuşyna degişli soraglary bermeli däl (1 Pet. 4:15).

16 Ýygnaga gelýän adamlar özüni oňaýsyz duýmaz ýaly biz ýene-de käbir zatlary edip bileris. Meselem, ýumuş bilen çykyş edenimizde, jogap berenimizde ýa-da Ýehowanyň Şaýatlary bolmadyk adamlar we olaryň dini ynançlary hakda öwrenenimizde özümizi sylaşykly alyp barmaly. Göwne degiji ýa-da kemsidiji sözleri aýtmaly däl, ýogsam gyzyklanýan adamlar gaýdyp ýygnaga gelmek islemez (Tit. 2:8; 3:2). Biz gyzyklanýan adamlaryň ynanýan zatlaryny ýazgarmaly däl (2 Kor. 6:3). Jemagat nutugy bilen çykyş edýän doganlar muňa hasam ünsli bolmaly. Şeýle-de olar nutugyny Ýehowanyň Şaýady bolmadyk adamlara-da düşnükli bolar ýaly edip taýýarlamaly.

17. Akýürekli adamlara duşanymyzda näme etmeli?

17 Gün geçdigi saýyn, hoş habary hasam yhlasly wagyz etmeli we şägirt taýýarlamaly. Biz Hudaý barada bilmek isleýän adamlary gözlemegi bes etmeli däl (Res. 13:48). Akýürekli adamlara duşanymyzda, olara Mukaddes Kitap okuwyny teklip etmeli we ýygnaga çagyrmaly. Şeýdip, biz olara «ebedi ýaşaýşa eltýän» ýoldan ýöremek üçin ilkinji ädimi ätmäge kömek edýäris (Mat. 7:14).

SIZ NÄHILI JOGAP BERERSIŇIZ?

  •  Eger adam ilkinji gürrüňdeşlikde gyzyklansa näme etmeli?

  •  Okuw geçip başlan adama nädip kömek etmeli?

  •  Gyzyklanýan adam ýygnakda özüni arkaýyn duýar ýaly näme edip bileris?

64-NJI AÝDYM Hasyla höwes bilen gatnaşalyň

a  Wagyz işi çäklendirilen ýurtlarda ýaşuly doganlar bilen maslahatlaşyň.

b SURATYŇ BEÝANY: iki dogan pensiýa çykan harby işgäre wagyz edýär; iki uýa çagaly aýal bilen gürrüňdeş bolýar.

    Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
    Çykmak
    Girmek
    • türkmen
    • Paýlaş
    • Sazlamalar
    • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
    • Şertler we düzgünler
    • Gizlinlik syýasaty
    • Gizlinlik sazlamalary
    • JW.ORG
    • Girmek
    Paýlaş