Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • w25 Oktýabr sah. 18—23
  • Ýehowa ýürekden doga ediň

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

  • Ýehowa ýürekden doga ediň
  • Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär (Ýygnak üçin) — 2025
  • Sözbaşylar
  • Meňzeş maglumat
  • ÝEHOWA DILEG ETMÄGE ÇEKINMÄŇ
  • HUDAÝA NÄDIP HAS GOWY DOGA ETMELI?
  • HUDAÝHON ADAMLARYŇ DILEGLERI HAKDA OÝLANYŇ
  • DOGA — HUDAÝ BILEN DOSTLUGYŇ AÇARY
  • Dogan-uýalar üçin doga ediň
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär (Ýygnak üçin) — 2025
  • Hudaýa doga arkaly ýakynlaş
    Mukaddes Ýazgylar näme öwredýär?
  • Mukaddes Ýazgylar arkaly doga etmegi öwreniň
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2009
  • Doga edip, Hudaýa ýakynlaş
    Ebedi ýaşaň! Mukaddes Kitap boýunça söhbetdeşlik
Başgalary
Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär (Ýygnak üçin) — 2025
w25 Oktýabr sah. 18—23

42-NJI MAKALA

44-NJI AÝDYM Ejizlän adamyň dogasy

Ýehowa ýürekden doga ediň

«Eý Ýehowa, perýadyma jogap ber. Kanunlaryňa eýereýin» (Zeb. 119:145).

ESASY PIKIR

Mukaddes Kitapdaky dogalar hakda okap oýlansaňyz, Ýehowa ýüregiňizi döküp doga edersiňiz.

1, 2. a) Ýehowa ýürekden doga etmäge näme päsgel berýär? b) Ýehowanyň her bir dilegimizi eşidýändigini nireden bilýäris?

DOGA — Ýehowa edýän seždämiziň aýrylmaz bölegi. Siz Ýehowa her gün doga edýänsiňiz. Ýöne gaýgy-aladalar, başagaýlyk sebäpli ýüzleý doga edýänsiňiz ýa-da şol bir sözleri gaýtalaýansyňyz. Belki-de, goýberen ýalňyşlaryňyz sebäpli özüňizi mynasyp görmän, ýüregiňizi döküp doga edip bilýän dälsiňiz.

2 Ýehowa doga-dileg etmek üçin dile çeper bolmak, owadan sözleri aýtmak hökman däl. Mukaddes Kitapda aýdylmagyna görä, Ýehowa halal, pesgöwünli adamlaryň dogasyny eşidýär, «ýumşaklaryň dilegine jogap berýär» (Zeb. 10:17). Allatagala bizi gowy görýär, her bir dogamyzy ünsli diňleýär (Zeb. 139:1—3).

3. Makalada haýsy soraglaryň jogabyny bileris?

3 Makalada şu soraglaryň jogabyny bileris: näme üçin Ýehowa çekinmän doga etmeli? Ýehowa ýürekden doga etmegi nädip öwrenmeli? Geçmişdäki hudaýhon adamlaryň eden dileglerinden nädip has gowy doga etmegi öwrenip bileris? Gaýgy-aladadan ýaňa aýdara söz tapmasak nädip doga etmeli?

ÝEHOWA DILEG ETMÄGE ÇEKINMÄŇ

4. Ýehowa çekinmän doga etmäge näme kömek edýär? (Zebur 119:145).

4 Jana-jan dostumyz Ýehowanyň diňe gowulyk isleýändigine düşünsek, oňa doga edip ýüregimizi dökeris. 119-njy mezmury ýazan adam Ýehowany ýakyn dosty hasaplaýardy we oňa doga edip ýüregini dökýärdi. Elbetde, onuň kynçylygy az bolmady. Mekir, hilegär adamlar onuň gybatyny edýärdi (Zeb. 119:23, 69, 78). Üstesine-de, goýberen ýalňyşlary sebäpli ruhdan düşýärdi (Zeb. 119:5). Ýöne şonda-da ol Ýehowa bar zady birin-birin gürrüň berýärdi (Zebur 119:145-i okaň).

5. Ýalňyşanymyzda Ýehowa doga etmäge näme üçin çekinmeli däl? Mysal getiriň.

5 Ýehowa agyr günä eden adamyň hem çekinmän doga etmegini isleýär (Işa. 55:6, 7). Şonuň üçin ýalňyşsak, Ýehowadan kömek soramaga ýaýdanmaly däl. Muňa düşünmäge şeýle mysal kömek edýär. Aýdaly, siz ymgyr çölde azaşdyňyz. Siz uzakdan biriniň gelýändigini görýärsiňiz. Siz: «Bar zada men günäkär, ýalňyşyp ýolumy ýitirdim» diýip, ondan kömek soramaga utanarsyňyzmy? Elbetde, ýok. Edil şonuň ýaly, ýalňyşsak-da, Ýolbeledimiz Ýehowadan kömek soramaga çekinmeli däl (Zeb. 119:25, 176).

HUDAÝA NÄDIP HAS GOWY DOGA ETMELI?

6, 7. Ýehowa ýürekden doga etmäge näme kömek eder? Mysal getiriň. (Çykgyda serediň).

6 Ýehowa doga edenimizde gaýgy-aladamyzy, derdimizi aýtsak, dostlugymyz has-da berkär. Ýöne ýürekden doga etmek käte aňsat bolmaýar. Muny nädip etmeli?

7 Ýehowanyň häsiýetleri hakda oýlanyňa. Ýehowanyň häsiýetleri hakda näçe köp öwrensek, şonça-da oňa derdimizi aýdasymyz geler (Zeb. 145:8, 9, 18). Geliň, Kristinab uýa bilen bolan waka seredeliň. Onuň kakasy zalym, gaharjaň adamdy. Ol şeýle gürrüň berýär: «Başda Ýehowa Atam diýip ýüzlenmek kyn boldy. Üstesine-de, goýberen ýalňyşlarym sebäpli özümden göwnüm geçip doga etmäge dilim barmaýardy». Kristina Ýehowanyň haýsy häsiýeti kömek etdi? Ol sözüni şeýle dowam edýär: «Men Ýehowanyň wepaly söýgüsi hakda köp oýlandym. Şonda Atamyň meni gowy görýändigine göz ýetirdim. Ol meniň elimden hiç haçan goýbermez, ýykylsam mähir bilen ýerimden galdyrar. Indi men Atama begenjimi we gynanjymy aýdyp bilýärin».

8, 9. Doga etmezden öň oýlanmagyň nähili peýdasy bar? Mysal getiriň.

8 Etjek dilegiňiz hakda öňünden oýlanyň. Doga etmezden öň şu zatlar hakda pikirlenip bilersiňiz. Belki, gaýgy-aladaňyz bardyr, kimdir birini bagyşlamak kyn bolýandyr. Başyňyza duýdansyz betbagtçylyk inip, çykalga tapýan dälsiňiz (2 Pat. 19:15—19). Şeýle-de Isanyň nusgalyk dogasy, ýagny Ýehowanyň ady, Patyşalygy we islegi hakda oýlanyp bilersiňiz (Mat. 6:9, 10).

9 Aýşa uýa äriniň beýnisinde ölüm howply çişiň bardygyny bilýär. Şol döwürler oňa doga etmek kyn bolýar. Aýşa şeýle gürrüň berýär: «Men gaty alada edýärdim welin, doga edenimde pikirim başga ýerdedi. Ýöne doga etmezden öň birnäçe minut oýlanyp özümi dürseýärdim. Şonda pikirimi jemläp, diňe özüm, ärim hakda däl-de, başga zatlar barada hem doga edip bilýärdim».

10. Biz näme üçin uzyn doga etmegi endik etmeli? (Surata serediň).

10 «Omyn» diýmäge howlukmaň. Gysga doga etseňem duýgularyňy aýdyp bolýar. Ýöne ýüregiňi dökmek üçin uzyn doga etmelic. Aýşa uýanyň äri Ylýas şeýle diýýär: «Men günüň dowamynda ençeme sapar dileg edýärin. Ýöne howlukman Ýehowa duýgularymy jikme-jik gürrüň berenimde dostlugym has-da berkeýär. Ýehowa: „Wagtym ýok, derrew doga et“ diýmeýär. Şonuň üçin gyssanman doga edýärin». Sizem şeýle ediň. Ýehowa uzyn doga etmek üçin amatly wagty we ýeri tapyň. Belki, daşyňyzdan doga edersiňiz. Size hiç zat päsgel bermesin. Şeýle dileg etmegi endik ediniň.

Surat: 1. Dogan heniz gün dogmanka, ýanyna kofe alyp, Mukaddes Kitaby okap oýlanýar. 2. Jahan ýagtylansoň, ol Ýehowa dileg edýär.

Ýehowa uzyn doga etmek üçin amatly wagty we ýeri tapyň (10-njy abzasa serediň).


HUDAÝHON ADAMLARYŇ DILEGLERI HAKDA OÝLANYŇ

11. Mukaddes Kitapdaky doga-dilegler hakda okap oýlanmagyň nähili peýdasy bar? («Olaryň ýagdaýyna düşünýärsiňizmi?» diýen çarçuwa serediň).

11 Mukaddes Kitapdaky doga-dilegleri, aýdymlary we mezmurlary okasaňyz, ýürekden doga edersiňiz. Hudaýhon adamlaryň Alla ýalbaryp eden dogasy hakda okasaňyz, Ýehowa gaýgy-aladaňyzy birin-birin gürrüň berersiňiz. Şeýle-de siziňki ýaly duýgulary başdan geçiren adamlaryň ýüreginden syzdyryp aýdan sözlerini okarsyňyz. Belki, dileg edeniňizde olaryň sözlerini ulanarsyňyz.

Olaryň ýagdaýyna düşünýärsiňizmi?

Hudaýhon adamlar Ýehowa dürli ýagdaýda doga etdi. Olaryň ýagdaýyna düşüp gördüňizmi?

  • Ýakup pygamber gorkanda Hudaýa diňe gaýgy-aladasyny däl-de, minnetdardygyny we bil baglaýandygyny aýtdy (1 Mus. 32:9—12).

  • Süleýman patyşa bolanda özüni ýaş we tejribesiz görüp, Ýehowadan kömek sorap ýalbardy (1 Pat. 3:7—9).

  • Dawut patyşa Batşeba bilen günä edensoň, Ýehowadan «päk ýürek» diledi (Zeb. 51:9—12).

  • Hudaý Merýeme jogapkärli ýumuş tabşyranda, ol Ýehowa alkyş aýtdy (Luka 1:46—49).

Şahsy okuwy üçin teklip: Mukaddes Kitapdaky doga-dilegler hakda okanyňyzda özüňize şeýle soraglary beriň: ol Ýehowadan näme diledi we nädip diledi? Ýehowa onuň dogasyna nädip jogap berdi? Soňra öwrenen zadyňyzy durmuşda ulanyň.

12. Mukaddes Kitapdaky doga-dilegler hakda okanymyzda özümize haýsy soraglary bermeli?

12 Ýehowanyň wepaly bendeleriniň doga-dilegleri hakda okanyňyzda özüňize şeýle soraglary beriň: şu dilegi kim etdi? Ol nähili kynçylyklary başdan geçirdi? Men onuňky ýaly duýgulary başdan geçirip gördümmi? Onuň dogasyndan näme öwrenip bilerin? Soraglaryň jogabyny bilmek üçin gözleg geçiriň. Şonda dürdäne pikirleri taparsyňyz. Geliň, käbir mysallara seredeliň.

13. Hannanyň eden dogasyndan näme öwrenýäris? (1 Şamuwel 1:10, 11; surata serediň).

13 1 Şamuwel 1:10, 11-nji aýatlary okaň. Hannanyň derdi başyndan agdykdy. Ol önelgesizdi, üstesine-de, gündeşi ýarasyna duz seperdi (1 Şam. 1:4—7). Belki, siziň hem kynçylykdan gözüňiz açylýan däldir. Hannanyň dogasyndan näme öwrenip bilersiňiz? Ol Ýehowa uzyn doga edip, ýürek derdini birin-birin gürrüň berdi (1 Şam. 1:12, 18). Kynçylyklaryňyzy, duýgularyňyzy Ýehowa jikme-jik gürrüň berseňiz, «gaýgy-aladaňyzy» oňa tabşyrarsyňyz, derdiňiz ýeňlär (Zeb. 55:22).

Surat: 1. Alkananyň ogly we gyzy bilen oýnaýandygyny görende Hanna kemsinýär. 2. Peninna bäbejigini gujagyna alyp içýakgynç seredýär. 3. Hanna aglap Ýehowa ýüregini dökýär. 4. Baş ruhany Aly elini goltugyna gysyp, Hanna çiňňerilip seredýär.

Hanna çagasy bolmasa-da, Peninna göwnüne degse-de, bar gaýgy-aladasyny Ýehowa tabşyrdy (13-nji abzasa serediň).


14. a) Hannanyň dogasyndan ýene näme öwrenýäris? b) Hudaýhon adamlaryň doga-dilegleri barada okap oýlanmak ýürekden doga etmäge nädip kömek edýär? (Çykgyda serediň).

14 Birnäçe ýyldan soň Hannanyň Şamuwel atly eýjejik ogly bolýar. Ol ogluny baş ruhany Alynyň ýanyna getirýär (1 Şam. 1:24—28). Hanna dogasynda hak Howandary, aladaçyl Atasy Ýehowa minnetdar bolýard (1 Şam. 2:1, 8, 9). Hannanyň durmuşynda soňam köp kynçylyk bolandyr. Ýöne ol kynçylygy hakda däl-de, Ýehowanyň berekedi hakda oýlandy. Ondan näme öwrenip bileris? Hanna ýaly Ýehowanyň şu güne çenli gorap, goldap gelşi barada oýlansak, gaýgy-alada döz geleris.

15. Ýermeýa pygamberiň dileginden näme öwrenýäris? (Ýermeýa 12:1).

15 Ýermeýa 12:1-i okaň. Bir gezek Ýermeýa pygamber Ýehowa dady-perýat etdi. Ol erbetleriň işiniň ugruna bolýandygyny görüp gaharlandy. Şeýle-de ildeşleri Ýermeýany kemsidip, üstünden gülýärdi (Ýer. 20:7, 8). Bizem erbetleriň döwran sürýändigini, üstümizden gülýändigini görenimizde ruhdan düşýändiris. Ýermeýa pygamber näçe jany ýansa-da, Ýehowany günäkärlemedi. Hudaý gozgalaňçy halkyna temmi berende, Ýermeýa Allanyň adalatlydygyna göz ýetirdi (Ýer. 32:19). Adalatsyzlyk edenlerinde bizem içimizi hümledip oturman, Ýehowa doga etmeli, duýgularymyzy aýtmaly. Şeýle-de Ýehowanyň bellän wagtynda adalaty dikeltjekdigine ynanmaly.

16. Wawilon ýesirligindäki mezmurçynyň dileginden näme öwrenýäris? (Zebur 42:1—4; surata serediň).

16 Zebur 42:1—4-nji aýatlary okaň. Şu sözleri lewilerden bir adam ýazdy. Onuň ildeşleri bilen ybadathanada Ýehowa sežde edesi gelýärdi. Ýöne Wawilona sürgün edilendigi üçin edip bilmeýärdi. Ol duýgularyny Ýehowa açyk aýdýar. Keselçilik sebäpli öýüňizden çykyp bilmeýän ýa-da imanyňyz üçin türmede oturan bolsaňyz, onuň duýgulary size tanyşdyr. Siziň keýpiňiz üýtgäp durýandyr, şu gün gowy bolsa, ertesi gün ruhdan düşýänsiňiz. Nähili bolaýanda-da Ýehowa ýüregiňizi döküp doga ediň. Şonda dury pikirlenip, ýagdaýyňyza dogry baha berersiňiz. Mezmurçy hem Hudaýa doga edensoň, sürgünde bolsa-da Ony wasp edip bilýändigine begendi (Zeb. 42:5). Ol Ýehowanyň şol güne çenli aladasyny edip, gorap gelendigine minnetdar boldy (Zeb. 42:8). Sizem Ýehowa ýürekden doga etseňiz duýgularyňyza düşünersiňiz, dury pikirlenersiňiz, kynçylyklara mertlik bilen döz gelersiňiz.

Surat: 1. Lewilerden bir adam çölde Ýehowa gyzgyn doga edýär. 2. Dogan keselhanada Ýehowa dileg edýär, öňünde Mukaddes Kitap açyk dur.

42-nji mezmury ýazan adam Ýehowa Hudaýa ýüregini döküp doga edýär. Bizem Ýehowa duýgularymyzy aýtsak, kynçylyklara dogry garaýyşda bolarys (16-njy abzasa serediň).


17. a) Ýunus pygamberiň eden dileginden näme öwrenýäris? (Ýunus 2:1, 2). b) Kyn ýagdaýa düşenimizde Zeburdaky aýatlar nädip ýüregimize giňlik berýär? (Çykgyda serediň).

17 Ýunus 2:1, 2-nji aýatlary okaň. Ýunus pygamber äpet balygyň garnynda Ýehowa dileg edýär. Ol Hudaýa gulak asmadygam bolsa, Ýehowanyň deňziň düýbünden eden dogasyny eşitjekdigini bilýärdi. Ýunus pygamber dogasynda Zeburdan birnäçe aýatlary aýdýare. Belki, ol aýatlary ýatdan bilendir. Ýunus şol aýatlar hakda oýlanandygy üçin Ýehowanyň kömek etjegine ynamlydy. Bizem Mukaddes Kitapdan käbir aýatlary ýat tutsak gowy bolar. Agyr hala düşüp Ýehowa doga edenimizde mukaddes ruh olary ýadymyza salar, ýüregimize giňlik berer.

DOGA — HUDAÝ BILEN DOSTLUGYŇ AÇARY

18, 19. Kynçylyklardan halys ýadap dogada aýdara söz tapmasak Rimliler 8:26, 27-nji aýatlar nädip göwünlik berýär? Mysal getiriň.

18 Rimliler 8:26, 27-nji aýatlary okaň. Käte kynçylyklardan halys ýadap, Ýehowa duýgularymyzy aýtmaga hiç hili güýjümiz ýokdur. Ýöne alada etmäň. Şeýle ýagdaýda «mukaddes ruh biziň üçin Hudaýa ýalbarýar». Nädip? Ýehowa mukaddes ruh arkaly Mukaddes Kitaba käbir adamlaryň doga-dilegini ýazdyrdy. Kyn ýagdaýa düşenimizde duýgularymyzy beýan etmäge halymyz bolmasa, Ýehowa ýagdaýymyza gabat gelýän dogalary biziň adymyzdan kabul edýär we jogap berýär.

19 Şu pikir Russiýada ýaşaýan Ýelena uýa kömek etdi. Ony Ýehowa dileg edýändigi we Mukaddes Kitaby okaýandygy üçin tussag edýärler. Ýelena şeýle tapdan düşýär welin, Hudaýa näme diýip doga etjegini bilmeýär. Ol şeýle ýatlaýar: «Men aljyrap dogada aýdara söz tapmaýardym. Şonda Ýehowanyň geçmişdäki gullukçylarynyň eden dilegini meniň adymdan kabul etjekdigi ýadyma düşdi. Şu pikir kyn döwürde güýjüme güýç goşdy».

20. Kyn ýagdaýda doga edenimizde nädip ünsümizi jemläp bileris?

20 Durmuşda apy-tupan turanda doga edeniňde pikiriň dagynyk bolýar. Şeýle ýagdaýda Zebur kitabynyň ses ýazgylaryny diňleseňiz, ünsüňizi jemläp bilersiňiz. Şeýle-de Dawut patyşadan görelde alyp, duýgularyňyzy ýazsaňyz gowy bolar (Zeb. 18, 34, 142; sözbaşy). Elbetde, ünsüňi jemlemäge kömek edýän başga-da usullar bar (Zeb. 141:2). Goý, doga edeniňizde hiç zat ünsüňizi bölmesin.

21. Biz näme üçin Ýehowa ýürekden doga etmeli?

21 Ýehowa ýüregimizi görýär, «agzymyzdan söz çykmanka näme diýjegimizi bilýär» (Zeb. 139:4). Ýöne özüne bil baglap doga edenimizde örän begenýär. Geliň, gökdäki Atamyz Ýehowa dileg etmäge çekinmäliň. Mukaddes Kitapdaky doga-dileglerden öwreneliň, Hudaýa ýürekden doga edeliň. Şatlygymyzy, gaýgymyzy Hudaýa gürrüň bereliň. Hak Dostumyz Ýehowa hemişe ýanymyzda bolar.

SIZ NÄHILI JOGAP BERERSIŇIZ?

  •  Ýehowa ýürekden doga etmegi nädip öwrenmeli?

  •  Hudaýa has gowy doga etmäge haýsy maslahatlar kömek edýär?

  •  Hudaýhon adamlaryň dilegleri hakda näme üçin okap oýlanmaly?

45-NJI AÝDYM Ýüregimiň oý-pikirleri

a  «Mukaddes Kitapdan maslahatlar» kitabynyň «Ýehowa» diýen bölüminden «Ýehowanyň esasy häsiýetleri» diýen temany okap bilersiňiz.

b  Käbir atlar üýtgedildi.

c  Adatça, ýygnakda köpçülik üçin edilýän dogalar gysga bolýar.

d  Hanna dogasynda Musa pygamberiňkä meňzeş sözleri aýdýar. Ol Mukaddes Kitabyň aýatlary hakda köp oýlanan bolmaly (5 Mus. 4:35; 8:18; 32:4, 39; 1 Şam. 2:2, 6, 7). Ençeme asyr soň, Isanyň ejesi Merýem hem Hannanyňka meňzeş sözleri aýdýar (Luka 1:46—55).

e  Ýunus 2:3—9-njy aýatlary Zebur 69:1; 16:10; 30:3; 142:2, 3; 143:4, 5; 18:6; 3:8-nji aýatlar bilen deňeşdiriň. Zeburdan getirilen aýatlar Ýunusyň dilegine görä yzygiderlikde görkezilen.

    Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
    Çykmak
    Girmek
    • türkmen
    • Paýlaş
    • Sazlamalar
    • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
    • Şertler we düzgünler
    • Gizlinlik syýasaty
    • Gizlinlik sazlamalary
    • JW.ORG
    • Girmek
    Paýlaş