Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
Turkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • w25 Dekabr sah. 8—13
  • Eýýup kitabyndan maslahat bermegi öwreniň

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

  • Eýýup kitabyndan maslahat bermegi öwreniň
  • Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär (Ýygnak üçin) — 2025
  • Sözbaşylar
  • Meňzeş maglumat
  • EÝÝUBYŇ ÜÇ DOSTUNYŇ MASLAHATY
  • ALYHUWYŇ MASLAHATY
  • DÜRDÄNE PIKIRLERE BAÝ KITAP
  • Eýýup kitaby ejir çekýänlere göwünlik berýär
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär (Ýygnak üçin) — 2025
  • «Siz Eýýubyň çydamlylygyny eşitdiňiz»
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2006
  • Eýýup Ýehowanyň adyny şöhratlandyrdy
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2009
  • Hakyky dost peýdaly maslahat berýär
    Mesihçileriň durmuşy we wagzy. Okuw depderi (2016)
Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär (Ýygnak üçin) — 2025
w25 Dekabr sah. 8—13

49-NJY MAKALA

44-NJI AÝDYM Ejizlän adamyň dogasy

Eýýup kitabyndan maslahat bermegi öwreniň

«Eýýup, indi meni diňle» (Eýp. 33:1).

ESASY PIKIR

Eýýup kitabyndan gowy maslahat bermegi öwreniň.

1, 2. Eýýubyň üç dostuna we Alyhuwa göwünlik bermek näme üçin aňsat bolan däldir?

EÝÝUP baýyň başyna betbagtçylygyň inendigi baradaky habar gündogar halklarynyň arasyna ýaýraýar. Habar Eýýubyň üç dosty Alypazyň, Bildatyň we Saparyň gulagyna baryp ýetýär. Olar dostunyň halyndan habar almak üçin Uz ýurduna ýola düşýärler. «Eşiden deň bolmaz, gören göz bilen» diýlişi ýaly, olar Eýýubyň halyny görüp, ör-gökden gelýärler.

2 Eýýup pygamber Hudaýa şükür edip, asuda ýaşaýardy. Emma birdenkä onuň durmuşy çepbe çöwrülýär. Şum habarlaryň yzy üzülmeýärdi. Onuň goýun-geçileri, sygyrlary, düýeleri we eşekleri talanýar, hyzmatkärleriniň köpüsi gylyçdan geçirilýär. Ogul-gyzlarynyň oturan öýi üstüne ýykylyp, bary heläk bolýar. Bu-da az ýaly, Eýýup agyr kesele uçraýar, dabanyndan depesine çenli agyryly ýara çykýar. Üç dost külüň üstünde hasrat çekip, ýüzüni sallap oturan Eýýuby görýär. Olar ýedi günläp akdan-garadan dil ýaramaýar (Eýp. 2:12, 13). Soňra olaryň ýanyna ýaş ýigit Alyhuw gelip oturýar. Eýýup ahyry çydaman doglan gününi näletläp, ölümini diläp başlaýar (Eýp. 3:1—3, 11). Hawa, Eýýup dostlarynyň goldawyna mätäçdi. Dostlary Eýýuby ruhlandyryp, göwnüni galkyndyrarmy ýa-da ýarasyna duz sepip ruhdan düşürer? Geliň, bileliň.

3. Makalada näme hakda gürrüň ederis?

3 Ýehowa Musa pygambere Eýýubyň üç dostunyň we ýaş ýigit Alyhuwyň aýdan sözlerini hem-de özüni alyp barşyny ýazdyrdy. Alyhuwyň beren maslahaty Ýehowa ýarady (Eýp. 4:12—16; 33:24, 25). Şonuň üçin onuň sözleri Eýýuby ruhlandyrdy. Alypazyň sözleri bolsa Eýýubyň derdine dert goşdy, sebäbi ony zalym jyn gepledýärdi. Eýýup kitabynda hem gowy, hem erbet maslahat beren adamlar hakda ýazylan. Şol kitaby okasak, gowy maslahat bermegi öwreneris. Makalada Eýýubyň üç dostunyň beren erbet maslahatyna we Alyhuwyň beren gowy maslahatyna serederis. Şeýle-de şu wakadan gadymy ysraýyl halkynyň we her birimiziň näme öwrenip biljekdigimiz hakda gürrüň ederis.

EÝÝUBYŇ ÜÇ DOSTUNYŇ MASLAHATY

4. Eýýubyň üç dosty näme üçin göwünlik berip bilmedi? (Surata serediň).

4 Mukaddes Kitapda Eýýubyň üç dostunyň oňa duýgudaşlyk we göwünlik bermek üçin gelendigi aýdylýar (Eýp. 2:11). Emma olar gelmedik bolsa gowy bolardy, sebäbi olar göwünlik bermekden geçen, aýdan sözleri bilen Eýýubyň degnasyna degdiler. Birinjiden, olar Eýýuby ünsli diňlemän aýyplap başladylar. Günä edendigi üçin Hudaýyň oňa göz görkezýändigini aýtdylara (Eýp. 4:7; 11:14). Ikinjiden, olar gödek gepleşdiler, Eýýubyň ýüregine ýara saldylar. Olaryň maslahaty paýhasly ýaly görünse-de, dostunyň derdine şypa bolmady (Eýp. 13:12). Bildat iki gezek: «Gepiňi haçan gutarjak?» diýip, Eýýubyň ýüzüni aldy (Eýp. 8:2; 18:2). Sapar bolsa ony «akmak» diýip kemsitdi (Eýp. 11:12). Üçünjiden, olar sesine bat bermedigem bolsa, sözleri bilen Eýýuby ýaňsyladylar, mertebesini peseltdiler (Eýp. 15:7—11). Olar bütin ömrüne halal ýaşan adama goltgy bermegiň deregine gara ýöňkediler.

Bir dosty Eýýup bilen gödek gepleşýär, beýleki iki dosty bolsa seredip otyr. Endam-jany ýaradan doly Eýýup dostlarynyň maslahatyny zordan diňläp otyr.

Maslahat bereniňizde adamyň mertebesini peseltmäň, gaýtam ruhlandyryp, berkidiň. (4-nji abzasa serediň).


5. Üç dostunyň maslahaty Eýýuba nähili täsir etdi?

5 Üç dostunyň maslahaty Eýýuby ruhdan düşürdi (Eýp. 19:2). Eýýup olaryň aýdan sözlerinden halys ýadap, özüni aklap başlady. Şeýlelikde, ol ýagdaýa dogry baha berip bilmedi, «oýlanman gepledi» (Eýp. 6:3, 26). Eýýubyň üç dostunyň maslahaty Ýehowa ýaramady. Olar agyr dertli adama göwünlik berip bilmedi, Şeýtanyň elinde oýunjak boldy (Eýp. 2:4, 6). Şu wakadan gadymy döwürde ýaşan ysraýyllar näme sapak edindi we biz näme öwrenýäris?

6. Ysraýyl ýaşululary Eýýubyň üç dostundan näme sapak edinendir?

6 Ysraýyllara beren peýdasy. Ysraýyl halky Müsürden azat bolansoň, Ýehowa paýhasly ýaşululary kazy belledi (5 Mus. 1:15—18; 27:1). Olar maslahat bermezden ýa höküm çykarmazdan öň, adamy ünsli diňlemelidi (2 Tar. 19:6). Meseläniň anygyna ýetmek üçin sorag bermelidi (5 Mus. 19:18). Olar adamyň mertebesini peseltmän, mähirli gepleşmelidi. Eger gödek gepleşse, adam olara derdini aýtmaga çekinerdi (2 Mus. 22:22—24). Ysraýyl ýaşululary Eýýubyň üç dostunyň ýalňyşyny gaýtalamajak bolup, elinde baryny edendir.

7. Ysraýylda ýaşululardan başga ýene kimler maslahat berip bilýärdi we olar Eýýubyň üç dostundan näme sapak edinendir? (Nakyllar 27:9).

7 Ysraýylda diňe ýaşulular däl, ýedi ýaşdan ýetmiş ýaşa çenli ähli halk maslahat berip bilýärdi. Olar ildeşiniň Hudaýa imanynyň gowşandygyny ýa-da kanuny bozýandygyny görende maslahat berendir (Zeb. 141:5). Şeýdip, hak dostlar biri-birini berkidendir (Nakyllar 27:9-y okaň). Olar Eýýubyň üç dostundan sapak edinendir we maslahat berende näme diýmelidigini, özüňi nähili alyp barmalydygyny gowy bilendir.

8. Maslahat berenimizde nämeden seresap bolmaly? (Surata serediň).

8 Bize berýän peýdasy. Biz kyn güne düşen dogan-uýalara elimizden gelen kömegi edesimiz gelýär. Emma Eýýubyň üç dostunyň ýalňyşyny gaýtalamaly däl. Birinjiden, bir zadyň anygyna ýetmän maslahat bermeli däl. Ikinjiden, Alypaz ýaly öz tejribämize daýanman, Hudaýyň Sözüne esaslanyp maslahat bermeli (Eýp. 4:8; 5:3, 27). Üçünjiden, gödek bolmaly däl, adamy ýazgarmaly däl. Alypaz bilen dostlarynyň käbir sözleri dogrudy, hatda Pawlus resulam oňa salgylanypdy (Eýýup 5:13 we 1 Korinfliler 3:19-njy aýatlary deňeşdiriň). Ýöne olaryň Hudaý hakda aýdan sözleriniň köpüsi ýalandy, Eýýuby ruhdan düşürdi. Ýehowa hem olara: «Men barada dogry zady aýtmadyňyz» diýdi (Eýp. 42:7, 8). Bizem maslahat berenimizde Ýehowany rehimsiz, gullukçysyny söýmeýän ýaly edip görkezmeli däl. Geliň, indi Alyhuwdan näme öwrenip biljekdigimize seredeliň.

Surat: dogan ruhdan düşen dogana mähir bilen maslahat berýär. 1. Dogan ruhdan düşen dogany ünsli diňleýär. 2. Dogan oňa Mukaddes Kitapdan aýat okap berýär. 3. Dogan Mukaddes Kitap arkaly mähir bilen maslahat berende beýleki dogan kabul edýär.

Maslahat bereniňizde 1) adamyň ýagdaýyna düşünjek boluň, 2) Hudaýyň Sözüni ulanyň, 3) mähirli boluň (8-nji abzasa serediň).


ALYHUWYŇ MASLAHATY

9. Eýýup näme üçin henizem kömege mätäçdi we Ýehowa näme etdi?

9 Eýýup bilen üç dostunyň dawasy uzaga çekdi. Ýagdaý barha erbetleşýärdi. Olaryň gürrüňi Eýýup kitabynyň 28 babyna ýazyldy. Üç dost Eýýuba awusyny pürküp, ahyry dymdy, olar Eýýuby has-da ruhdan düşürdi. Ol kömege we ruhlandyryjy sözlere mätäçdi. Ýehowa Eýýuba Alyhuw arkaly maslahat berdi. Alyhuw näme üçin şunça wagt geplemän oturdyka? Ol: «Men ýaş, siziň ýaşyňyz bir çene ýetdi. Size hormat goýup, sesimi çykarmadym» diýdi (Eýp. 32:6, 7). Alyhuw köpi gören çal saçly gojalaryň ýaşlara garanda tejribeli we paýhaslydygyny bilýärdi. Şonuň üçinem Eýýuby we üç dostuny sabyrly diňledi. Emma onuň sabyr käsesi dolup: «Akyldarlyk diňe ýaşulularda bolmaýar, düşünje diňe garrylarda bolmaýar» diýdi (Eýp. 32:9). Alyhuw soň näme diýdi? Geliň, bileliň.

10. Alyhuw Eýýuba maslahat bermezden öň näme etdi? (Eýýup 33:6, 7).

10 Alyhuw Eýýup bilen gepleşmezden öň, ýüregini taýýarlady. Birinjiden, onuňam gahary gelipdi, ýöne köşeşýänçä garaşdy (Eýp. 32:2—5). Şonuň üçin Alyhuw Eýýuba ajysyny pürkmedi, mähirli gepleşdi. Ol Eýýuby ruhlandyryp: «Hak Hudaýyň öňünde deňdiris» diýdi (Eýýup 33:6, 7-nji aýatlary okaň). Soňra Eýýuby diňländigini aýtdy, sözlerini özüne gaýtalap berdi (Eýp. 32:11; 33:8—11). Alyhuw Eýýup bilen ikinji sapar gepleşende-de şeýle etdi (Eýp. 34:5, 6, 9; 35:1—4).

11. Alyhuw Eýýuba nädip maslahat berdi? (Eýýup 33:1).

11 Alyhuw Eýýuba maslahat berende mertebesini peseltmedi, hormat goýup gepleşdi. Üç dostundan tapawutlykda, ol Eýýubyň adyny tutdy (Eýýup 33:1-i okaň). Eýýup bilen üç dosty dawalaşanda Alyhuwyň pikirini soramadylar. Alyhuw olaryň ýalňyşyny gaýtalamady, Eýýubyň pikirini sorady (Eýp. 32:4; 33:32). Ol Eýýubyň nädogry pikir edýändigini açyk aýdýar we Ýehowanyň akyldar, güýç-kuwwatly, adalatly, wepaly söýgä baý Hudaýdygyny ýatladýar (Eýp. 36:18, 21—26; 37:23, 24). Alyhuwyň maslahatyndan soň Eýýup özüne gelen bolmaly. Indi ol Beýik Ýaradanyň maslahatyny kabul etmäge taýyndy (Eýp. 38:1—3). Alyhuwdan geçmişde ýaşan ysraýyllar näme öwrendi we biz onuň göreldesine nädip eýerip bileris?

12. Ýehowa pygamberlerini näme üçin iberdi we ysraýyllar Alyhuwdan nähili görelde alandyr?

12 Ysraýyllara beren peýdasy. Geçmişde Ýehowa halkyna pygamberleri arkaly niýetini aýdardy. Meselem, serdarlaryň döwründe pygamber aýal Debora arkaly halkyna ýol görkezdi. Şamuwel pygamber ýaşlygyndan Ýehowanyň wekili bolup hyzmat etdi (Ser. 4:4—7; 5:7; 1 Şam. 3:19, 20). Patyşalaryň döwründe bolsa boýnuýogyn halky ýola salmak, ýurtda arassa seždäni dikeltmek üçin gaýta-gaýta pygamberlerini ibererdi (2 Şam. 12:1—4; Res. 3:24). Alyhuwyň göreldesi wepaly erkekdir aýallara gowy maslahat bermäge kömek edendir.

13. Imandaşlarymyzy nädip ruhlandyryp bileris?

13 Bize berýän peýdasy. Bizem gadymy döwürde ýaşan pygamberler ýaly Hudaýyň niýetini adamlara jar edýäris. Şeýle-de imandaşlarymyzy ruhlandyryp, göwnüni galkyndyrýarys (1 Kor. 14:3). Esasanam, ýygnak ýaşululary göwnüçökgünlige düşen dogan-uýalar «oýlanman geplänlerinde» olary ruhlandyrýarlar (1 Sel. 5:14; Eýp. 6:3).

14, 15. Ýaşulular maslahat berende Alyhuwyň göreldesine nädip eýerip biler? Mysal getiriň.

14 Şeýle ýagdaýy göz öňüne getiriň. Ýaşuly ýygnakda bir uýanyň keýpiniň ýokdugyna üns berýär. Ol bir dogan bilen uýany ruhlandyrmaga barýar. Çopançylyk ideginde uýa göwnüçökgünlige düşýändigini aýdýar. Ýygnaklara yzygider barsa-da, wagyz etse-de, şatlyk tapmaýandygyny gürrüň berýär. Indi ýaşuly oňa nädip kömek eder?

15 Birinjiden, ýaşuly uýanyň näme üçin ruhdan düşýändigini biljek bolar. Ol uýanyň sözüni bölmän ünsli diňlär. Belki, uýa özüni Hudaýyň söýgüsine mynasyp görýän däldir ýa-da bir derdi bardyr (Luka 21:34). Ikinjiden, ýaşuly uýany ruhdan düşse-de, ýygnaklara yzygider gelýändigi we wagyz edýändigi üçin öwer. Üçünjiden, ol uýanyň näme sebäpden ruhdan düşýändigini bilensoň, Mukaddes Kitap arkaly ruhlandyrar we Hudaýyň ony söýýändigine ynandyrar (Gal. 2:20).

DÜRDÄNE PIKIRLERE BAÝ KITAP

16. Eýýup kitabyndan dürdäne pikirleri tapar ýaly näme etmeli?

16 Dogrudanam, Eýýup kitaby dürdäne pikirlere baý. Geçen makaladan Hudaýyň horluklara näme üçin ýol berýändigini bildik we ejir çeksek-de Hudaýa wepaly bolup biljekdigimize seretdik. Şu makalada bolsa maslahat berenimizde Eýýubyň üç dostundan sapak edinip, Alyhuwyň göreldesine eýermelidigi hakda gürrüň etdik. Eger birine maslahat bermeli bolsaňyz, Eýýup kitabyny gözden geçirseňiz gowy bolar. Kitaby okanyňyza köp wagt bolan bolsa, gaýtadan okamagy maksat goýuň. Şonda has köp dürdäne pikirleri taparsyňyz.

SIZ NÄHILI JOGAP BERERSIŇIZ?

  •  Eýýubyň üç dostundan näme sapak edinýäris?

  •  Alyhuwyň göreldesinden näme öwrenýäris?

  •  Eýýup kitabyndan dürdäne pikirleri tapmak üçin näme etmeli?

125-NJI AÝDYM «Rehimli adamlar bagtly»

a Alypaz her gezek Eýýup bilen gepleşende Hudaýyň hiç bir adamy dogruçyl hasaplamaýandygyny, hiç kimiň Allany razy edip bilmeýändigini aýdýar. Şol pikiri onuň aňyna zalym jyn salan bolmaly (Eýp. 4:17; 15:15, 16; 22:2).

    Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
    Çykmak
    Girmek
    • Turkmen
    • Paýlaş
    • Sazlamalar
    • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
    • Şertler we düzgünler
    • Gizlinlik syýasaty
    • Gizlinlik sazlamalary
    • JW.ORG
    • Girmek
    Paýlaş