Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
Turkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • w25 Dekabr sah. 14—19
  • Ýehowa ýaly pesgöwünli boluň

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

  • Ýehowa ýaly pesgöwünli boluň
  • Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär (Ýygnak üçin) — 2025
  • Sözbaşylar
  • Meňzeş maglumat
  • ÝEHOWA DIŇLEMÄGE TAÝYN
  • ÝEHOWA EGLIŞIKLI HUDAÝ
  • ÝEHOWA SABYRLY HUDAÝ
  • ÝEHOWA PESGÖWÜNLILERI BEÝGELDÝÄR
  • Ýehowa we Isa ýaly pikirleniň
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär (Ýygnak üçin) — 2025
  • Pespäl bolup, hemme zady bilmeýändigimizi boýun alalyň
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär (Ýygnak üçin) — 2025
  • Jomart adam bagtlydyr
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär (Ýygnak üçin) — 2024
  • Karara geleniňizde Ýehowa bil baglaň
    Mesihçileriň durmuşy we wagzy. Okuw depderi — 2023
Başgalary
Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär (Ýygnak üçin) — 2025
w25 Dekabr sah. 14—19

50-NJI MAKALA

48-NJI AÝDYM Her gün Ýehowanyň ýolundan ýöräliň

Ýehowa ýaly pesgöwünli boluň

«Söýgüli çagalar kimin Hudaýdan görelde alyň» (Efes. 5:1).

ESASY PIKIR

Dört ýagdaýda Ýehowa ýaly pesgöwünli boluň.

1. Ýehowanyň pesgöwünligi näme üçin haýran galdyrýar?

KÄTE biz ýokary wezipeli adamlara ýüz tutmaly bolýarys. Olar adamlar bilen gödek gepleşýärler, ýüzüni alyp goýberýärler. Älemiň Hökümdary Ýehowa bilen bolsa arkaýyn gepleşip bolýar (Zeb. 113:5—8). Tekepbir, ulumsy, wezipeli adamlardan tapawutlykda Ýehowa örän pesgöwünli. Hudaýda birjik-de ulumsylyk häsiýeti ýok. Makalada Ýehowanyň haýsy dört ýagdaýda pesgöwünlik häsiýetini görkezýändigi hakda bileris. Şeýle-de Isanyň Atasyndan nädip görelde alandygyna serederis. Şonda Ýehowa bilen dostlugymyz hasam berkär, pesgöwünlik häsiýetinden görelde alarys.

ÝEHOWA DIŇLEMÄGE TAÝYN

2. Zebur 62:8-den Ýehowa barada näme bilse bolýar? (surata serediň).

2 Ulumsy adamlar özüni başgalardan ýokary tutýar. Käbirleri ulumsy adamlara ýüz tutmaga çekinýär, käbirleri asla ýüz tutmaýar. Gökdäki Atamyz Ýehowa bolsa örän pesgöwünli. Ol wepaly bendelerini diňlemäge hemişe taýyn (Zebur 62:8-i okaň). Ýehowanyň özi gaýgy-aladamyzy, derdimizi aýtmaga höweslendirýär. Ýehowa ogul-gyzlarynyň doga-dileglerini ünsli diňleýär. Ol wepaly bendeleriniň ýürekden syzdyryp aýdan sözlerini şeýle gymmat saýýar welin, olary Mukaddes Kitaba-da ýazdyrypdyr (Ýuşa 10:12—14; 1 Şam. 1:10—18). Emma goýberen ýalňyşymyz sebäpli özümizi dereksiz duýup, Hudaýa doga edip bilmesek näme?

Dogan Ýehowanyň pesgöwünliginden görelde alyp, oýnap ýörkä küýzäni döwen ogluny ünsli diňleýär.

Dogan Ýehowanyň pesgöwünliginden görelde alyp, oýnap ýörkä küýzäni döwen ogluny ünsli diňleýär (2-nji abzasa serediň).


3. Ýehowanyň doga-dileglerimizi diňleýändigini nireden bilýäris?

3 Biz Ýehowanyň söýgüsine özümizi mynasyp görmesek-de, doga-dileg etmeli. Muny Isanyň ýiten ogul mysalyndan bilse bolýar. Mysaldaky ogul atasynyň maňlaý derini döküp ýygnan mal-mülküni ýele sowrup, yzyna dolanyp gelýär. Ol eden işine şeýle ökünýär welin, kakasynyň öýünde hakyna tutma işçi bolmaga-da kaýyl bolýar. Kakasy ogluny uzakdan «görüp, ýüregi awaýar. Ol ylgap barýar-da, ogluny gujaklap ogşaýar» (Luka 15:17—20). Ýehowa-da şol mährem ata meňzeýär. Ol eden işine ökünip, toba edýän gullukçylarynyň dileglerine biperwaý garamaýar (Agy 3:19, 20). Mysaldaky oglunyň öňünden ylgap çykan ata ýaly, Hudaý hem bizi eziz görýändigine, günälerimizi bagyşlaýandygyna ynandyrýar (Işa. 57:15). Ol ýygnak ýaşululary, Ýehowa iman edýän dogan-garyndaşlarymyz we dogan-uýalar arkaly bize mähir bildirýär, rehim edýär (Ýak. 5:14, 15). Ol biziň aýaga galyp, özi bilen ýakyn dost bolmagymyzy isleýär.

4. Adamlar Isanyň ýanyna näme üçin çekinmän barýardylar?

4 Isa Atasynyň göreldesine eýerýär. Isa pygamberem Atasy ýaly pesgöwünlidi. Ýer ýüzünde ýaşanda adamlar onuň ýanyna arkaýyn barýardy, çekinmän sorag berýärdi (Mar. 4:10, 11). Isa olaryň pikirini soranda garaýşyny ýaýdanman aýdýardy (Mat. 16:13—16). Ýalňyşlyk goýberenlerinde bolsa, Isa gaharlanyp käýär öýdüp gorkmaýardylar, sebäbi Isanyň ýumşak, rehimdar hem sabyrly adamdygyny bilýärdiler (Mat. 17:24—27). Isa Atasynyň häsiýetlerini doly görkezdi. Adamlar Oglunyň üsti bilen Ýehowany has gowy tanadylar (Ýah. 14:9). Olar Ýehowanyň ulumsy, gödek dini ýolbaşçylar ýaly däl-de, ünsli, pesgöwünli we doga-dilegleri diňleýändigine göz ýetirdiler.

5. Pesgöwünli adama ýüz tutmak näme üçin aňsat?

5 Ýehowadan nädip görelde alyp bileris? Ýehowa ýaly pesgöwünli bolsak, adamlar bize-de arkaýyn ýüz tutup biler. Tekepbir adam görip, ulumsy, öýkelek bolýar. Şeýle adamdan hemmeler gaçýar. Pesgöwünli adam bolsa ýumşak, sabyrly, geçirimli bolýar. Şeýle adamyň dosty hem köp bolýar (Kol. 3:12—14). Esasanam, ýygnak ýaşululary diňlemäge taýyn bolmaly. Dogan-uýalar olara ýüz tutmaga çekinmeli däl. Ýaşulular ýygnaga Internet arkaly gatnaşman, Ýygnak jaýyna barsalar gowy bolar. Olar dogan-uýalar bilen öýden-öýe wagza gidip biler. Şonda dogan-uýalar ýaşululary has gowy tanar, olara derdini arkaýyn aýdar.

ÝEHOWA EGLIŞIKLI HUDAÝ

6, 7. Ýehowa kimlere eglişik etdi? Mysal getiriň.

6 Tekepbir adamlar özüni hemmeden akylly saýýarlar, eglişik etmeýärler. Ýehowa hemmeden beýik hem akyldar bolsa-da, pesgöwünli bolandygy üçin eglişik edýär. Geliň, Musa pygamberiň dogany Merýem hakda gürrüň edeliň. Bir gezek Merýem bilen Harun Ýehowanyň bellän wekili Musa hüňürdeýär. Şeýdip, Merýem Musany däl-de, Ýehowany äsgermeýändigini görkezdi. Ýehowanyň Merýeme gaty gahary geldi, heýwere keseline uçratdy. Harun bilen Musa Merýem üçin Ýehowa ýalbaryp dileg etdi. Şonda Hudaý näme edendir öýdýärsiňiz? Ol: «Men eýýäm höküm çykardym. Boldy, indi pikirimden dänmerin» diýdimi? Elbetde, ýok. Ýehowa pesgöwünli bolandygy üçin eglişik edip, Merýemi sagaltdy (4 Mus. 12:1—15).

7 Bir gezek pesgöwünli Hudaý Ýehowa Hizkiýa patyşa-da eglişik edýär. Patyşa agyr keselleýär. Işaýa pygamber onuň aradan çykjakdygyny aýdýar. Şonda Hizkiýa patyşa Ýehowadan keselinden sagaltmagyny, aýaga galdyrmagyny dileýär. Hudaý onuň haýyşyny bitirip, ýene 15 ýyl ömür berýär (2 Pat. 20:1, 5, 6). Dogrudanam, Ýehowa pesgöwünli, eglişikli, rehimdar Hudaý.

8. Isanyň eglişiklidigini nireden bilýäris? (Markus 3:1—6).

8 Isa Atasynyň göreldesine eýerýär. Isa pygamber adamlara ýagşylyk etmeli bolanda eglişik etmäge hemişe taýyndy. Adatça, ýehudylar Sabat güni hiç hili iş etmeýärdiler. Isa bolsa dini ýolbaşçylara ýakmajakdygyny bilse-de, şol gün syrkawlary sagaldýardy (Markus 3:1—6-njy aýatlary okaň). Isa ýygnagyň başy. Ýöne ol talapkär, özdiýenli däl-de, eglişikli we paýhasly ýolbaşçy. Ol ýygnakdaky günä eden adamlara sabyrly bolup, hak ýoldan ynamly ädimler bilen ýöremäge kömek edýär (Ylh. 2:2—5).

9. Biz haýsy ýagdaýlarda eglişikli bolmaly? (Surata serediň).

9 Ýehowadan nädip görelde alyp bileris? Ýehowa ýaly pesgöwünli bolsak, diňe iş ýüzünde däl-de, pikirimizde-de eglişikli bolarys (Ýak. 3:17). Eglişikli ene-atalar Ýakup pygamberiň göreldesine eýerip, çagalarynyň ýagdaýyna düşünýär, olardan başarmajak zadyny talap etmeýär (1 Mus. 33:12—14). Pesgöwünli hem eglişikli ene-atalar çagalaryny biri-biri bilen deňeşdirmeýär. Ýygnak ýaşulularam eglişikli bolmaly. Olar öz pikirini öňe sürmeli däl. Mukaddes Kitabyň prinsipleri bozulmaýan bolsa, ýaşulular maslahatynda köpçüligiň kararyny goldamaly (1 Tim. 3:2, 3). Biz medeniýeti, terbiýesi tapawutlanýan dogan-uýalaryňam garaýşyna düşünjek bolmaly (Rim. 14:1). Ýygnagyň her bir agzasy eglişikli «adam hökmünde tanalmaly» (Flp. 4:5).

Surat: kakasy ogly bilen öýden-öýe wagyz edýär. 1. Ogly öý eýesine «Ebedi ýaşaň!» broşýurasyny berýär, kakasy bolsa guwanyp seredýär. 2. Soňra ol gyzynyň bir aýala jw.org kartoçkasyny berýändigine begenýär.

Eglişikli atalar wagyzda çagalaryndan köp zada garaşmaýar (9-njy abzasa serediň).


ÝEHOWA SABYRLY HUDAÝ

10. Geçmişde Ýehowa sabyrlydygyny nädip görkezdi?

10 Ulumsy adamlaryň garaşmaga sabry ýetmeýär, aýdan zadynyň derrew bolmagyny isleýär. Emma Ýehowanyň sabyrlylygyna söz ýok. Nuh pygamberiň döwründe Hudaý erbet adamlary ýok etmezinden öň 120 ýyl garaşdy (1 Mus. 6:3). Şol wagta çenli Nuh pygamberiň çagalary kemala geldi, olar uly gämi gurdy. Birnäçe ýyl geçensoň Ýehowanyň perişdesi Ybraýym pygamber bilen Sodom we Gomorra şäherlerini ýok etmek hakda gepleşdi. Ybraýym perişdä birnäçe gezek sorag berse-de, ol: «Maňa akyl öwreder ýaly kim bolupsyň?» diýip gaharlanmady. Gaýtam Ýehowanyň göreldesine eýerip, Ybraýymyň sözüni bölmän diňledi (1 Mus. 18:20—33).

11. 2 Petrus 3:9-a görä, Ýehowa näme üçin sabyr edýär?

11 Şu günlerem Ýehowa adamlara sabyr edýär. Ol erbetligi köki bilen ýok etjek gününe sabyrly garaşýar. «Sebäbi ol hemmeleriň toba edip, halas bolmagyny isleýär» (2 Petrus 3:9-y okaň). Ýehowanyň garaşanyna degýär. Millionlarça akýürekli adamlar Allatagala bilen dostlaşýar. Biz gelejekde-de birgiden adamyň Hudaýyň halkyna goşuljakdygyna umyt edýäris. Ýöne ahyr bir gün Ýehowanyň sabyr käsesi dolar. Elbetde, Hudaý adamlary söýýär, ýöne erbetlige göz ýummaýar, ol erbet adamlaryň ýoguna ýanar (Hab. 2:3).

12. Isa Ýehowanyň sabyrlylygyndan nädip görelde alýar?

12 Isa Atasynyň göreldesine eýerýär. Isa müňlerçe ýyllap Atasynyň ýanynda bolup, onuň pesgöwünliliginden köp zatlary öwrendi. Ol mekir Şeýtanyň Ýehowa we hudaýhon adamlara töhmet atandygyny gördi (1 Mus. 3:4, 5; Eýp. 1:11; Ylh. 12:10). Şeýle-de ol akýürekli adamlaryň müňlerçe ýyllap ejir çekip gelýändigini görýär. Onuň «Iblisiň işlerini ýok etmegi» nähili isleýändigini bir bilsediňiz (1 Ýah. 3:8). Emma ol Ýehowanyň bellän gününe sabyrly garaşýar. Oňa näme kömek edýär? Isa pesgöwünli bolandygy üçin erbetligi haçan ýok etmelidigini Ýehowanyň çözýändigine düşünýär (Res. 1:7).

13. Isa pygamber şägirtlerine nädip sabyrly boldy?

13 Isa pygamber sabyrly bolup, şägirtlerine-de görelde boldy. Onuň şägirtleri köplenç kimiň uludygy hakda dawa ederdiler. Isanyň: «Sizden adam bolmaz» diýip şägirtlerinden göwni geçmedi, gaýtam olara sabyrly öwretdi (Luka 9:46; 22:24—27). Isa olaryň gelejekde pesgöwünli adam boljakdyklaryna ynanýardy. Sizem şol bir ýalňyşy gaýtalaýan bolsaňyz näme? Onda Ýehowanyň pesgöwünli, sabyrly Isany patyşa belländigine begenýänsiňiz.

14. Sabyrly bolmagy nädip öwrenmeli?

14 Ýehowadan nädip görelde alyp bileris? «Mesihiň pikir edişi ýaly pikir etsek», Ýehowanyňky ýaly garaýyşda bolarys, onuň ajaýyp häsiýetlerini görkezeris (1 Kor. 2:16). Biz Mesihiňki ýaly pikir etmäge jan etmeli. Dört Hoş habary okap, Isanyň aýdan sözleri we eden işleri hakda oýlanmaly. Şeýle-de Ýehowadan Mesihiňki ýaly garaýyşda bolmagy dilemeli. Isa Mesih hakda näçe köp okap oýlansak, Ýehowanyň garaýşyna şonça-da gowy düşüneris we öz ýalňyşlarymyza-da, imandaşlarymyza-da sabyrly bolarys (Mat. 18:26—30, 35).

ÝEHOWA PESGÖWÜNLILERI BEÝGELDÝÄR

15. Ýehowanyň pesgöwünli adamlara nazar salýandygyny nireden bilýäris?

15 Zebur 138:6-ny okaň. Älemiň Hökümdary Ýehowa pesgöwünli adamlara nazar salýar. Hudaý geçmişde ýaşan sada, ýönekeýje adamlary beýgeltdi, olar barada Mukaddes Kitaba ýazdyrdy. Belki, käbiriniň ady siziň ýadyňyza-da düşýän däldir. Siz Deborany tanaýarsyňyzmy? Ol Rebekanyň enekesidi. Debora Yshak bilen Ýakubyň gapysynda 125 ýyl hyzmat etdi. Biz ol barada köp zady bilmeýäris. Emma Ýehowa Musa pygambere Deboranyň mährem ene bolandygyny ýazdyrdy. Aradan çykanda Deborany dub agajynyň aşagynda jaýlaýarlar. Şol agaja-da Alon-bakut diýip at goýýarlar, manysy «hasratly dub agajy» diýmekdi (1 Mus. 24:59; 35:8, çykgyt). Birnäçe asyrdan soň Ýehowa çopan oglan Dawudy beýgeldip, Ysraýylyň patyşasy belledi (2 Şam. 22:1, 36). Isa Mesih dünýä inensoň, Hudaýyň perişdesi Beýtullahamyň golaýynda mal bakyp ýören sadaja çopanlara hoş habary buşlady (Luka 2:8—11). Ýusup bilen Merýem Isany bäbekkä ybadathana eltende Ýehowa garry Anna bilen Şimgona Mesihi görmäge mümkinçilik berdi (Luka 2:25—30, 36—38). Dogrudanam, «Ýehowa göklerde, ýöne pesgöwünlilere seredýär».

16. Isa Atasynyň göreldesine eýerip, adamlar bilen özüni nähili alyp barýardy?

16 Isa Atasynyň göreldesine eýerýär. Isa pygamberem edil Atasy ýaly, pesgöwünli adamlaryň gadyryny bilýärdi. Ol «sada we bilimsiz» adamlara Hudaýyň Patyşalygy barada öwretdi (Res. 4:13; Mat. 11:25). Şeýle-de Isa syrkawlygy sebäpli özüni başgalardan çetde tutýan adamlaryň ýanyna baryp, olara elini degrip sagaldardy, mertebesini dikelderdi (Luka 5:13). Ölmeziniň öň ýanyndaky gije şägirtleriniň aýagyny ýuwup, hyzmatkäriň işini etdi (Ýah. 13:5). Göge galmazyndan öň pesgöwünli şägirtlerine hormatly ýumuş tabşyrdy. Olar adamlara ebedi ýaşaýyş berýän hoş habary wagyz etmelidi (Mat. 28:19, 20).

17. Biz nädip başgalara hormat goýup bileris? (Surata serediň).

17 Ýehowadan nädip görelde alyp bileris? Biz milletine, medeniýetine, bilimine garamazdan, ähli adamlara hoş habary wagyz etmeli. Şeýle-de ýygnakda nähili borçlary ýerine ýetirýänem bolsak, dogan-uýalaryň baryny özümizden ýokary saýmaly (Flp. 2:3). Ýehowa «biri-birine ilkinji bolup hormat goýýan» gullukçylaryny görende diýseň begenýär (Rim. 12:10; Sep. 3:12).

Uýalar türmede bir aýal bilen Mukaddes Kitapdan okuw geçýärler.

Ýehowa ýaly pesgöwünli bolup, ähli adamlara hoş habary wagyz edýäris (17-nji abzasa serediň)a.


18. Siz näme üçin Ýehowa ýaly pesgöwünli bolmak isleýärsiňiz?

18 Gökdäki Atamyz Ýehowa ýaly pesgöwünli bolsak, adamlary ünsli diňläris, eglişikli, sabyrly bolarys we ýürekden hormat goýarys. Geliň, mundan beýlägem pesgöwünli bolup, Ýehowanyň ýüregini şatlandyralyň (Işa. 43:4).

PESGÖWÜNLIK... NÄDIP KÖMEK EDÝÄR?

  •  ünsli diňlemäge...

  •  eglişikli bolmaga...

  •  sabyrly bolmaga...

159-NJY AÝDYM Ýehowa alkyş aýdyň!

a SURATYŇ BEÝANY: uýalar türmedäkilere wagyz edip, Ýehowanyň pesgöwünliginden görelde alýarlar.

    Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
    Çykmak
    Girmek
    • Turkmen
    • Paýlaş
    • Sazlamalar
    • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
    • Şertler we düzgünler
    • Gizlinlik syýasaty
    • Gizlinlik sazlamalary
    • JW.ORG
    • Girmek
    Paýlaş