Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
Turkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • w25 Dekabr sah. 26—30
  • Aksakgal gojalar, çal saçly eneler — ýygnagyň diregi

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

  • Aksakgal gojalar, çal saçly eneler — ýygnagyň diregi
  • Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär (Ýygnak üçin) — 2025
  • Sözbaşylar
  • Meňzeş maglumat
  • ÝEHOWA SIZIŇ NÄME ETMEGIŇIZI ISLEÝÄR?
  • ÝAŞLARYŇ ARASYNDA GARRYLAR GEREK
  • SIZ ÝEHOWANYŇ DÜRDÄNESI
  • ELIŇIZDE BARYNY EDIŇ
  • Ýehowa gartaşan gullukçylarynyň mähir bilen aladasyny edýär
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2008
  • Ýehowa ýürekden we şatlanyp gulluk ediň
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär (Ýygnak üçin) — 2022
  • Garry dogan-uýalary başyňyza täç ediň
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2021
  • Agyr günler gelmänkä, Ýehowa gulluk ediň
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2014
Başgalary
Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär (Ýygnak üçin) — 2025
w25 Dekabr sah. 26—30
Surat: garry dogan-uýalar Ýehowa begenip gulluk edýär. 1. Dogan gelejege ynamly seredýär. 2. Maýyplaryň arabasynda oturan uýa lukmana kitapça berýär. 3. Garryja uýa ýygnakda jogap berýär. 4. Uýa wagyzda ýaş doganyň elinden tutup ýöräp barýar. 5. Dogan Ýygnak jaýynda iki çagajyk bilen gepleşýär, olaryň ýanynda ejesi hem bar.

Aksakgal gojalar, çal saçly eneler — ýygnagyň diregi

«Adam garrasa-da, göwni garramaýar. Şonuň üçin ýaşlygymdaky ýaly Ýehowa köpräk gulluk edip bilmeýändigime ruhdan düşýärin». Kamillaa, 83 ýaşynda.

Belki, sizem garrylyk sebäpli ruhdan düşýänsiňiz. Ýehowa köp ýyldan bäri gulluk edýän hem bolsaňyz, ýygnakda köp işleri edip bilmeýändigiňize gynanýansyňyz. Häzirki edýän işleriňizi ujypsyz hasaplaýansyňyz. Şeýle ruhdan düşürýän pikirleri ýeňmäge näme kömek eder? 

ÝEHOWA SIZIŇ NÄME ETMEGIŇIZI ISLEÝÄR?

Şu soragyň jogabyny bilmäge 5 Musa 6:5-däki sözler kömek edýär. Ol ýerde: «Ýehowa Hudaýyňyzy bütin ýüregiňiz, bütin janyňyz, bütin güýjüňiz bilen söýüň» diýilýär.

Diýmek, Ýehowa siziň ýaşlygyňyzdaky ýaly däl-de, häzirki güýjüňiz bilen gulluk etmegiňizi isleýär. Mähriban çal saçly dogan-uýalar, Ýehowa sizi gowy görýär, başgalar bilen deňeşdirmeýär. Siziň ýaşlygyňyzdaky ýaly köp gulluk edip bilmejekdigiňize düşünýär.

Siz ýaş wagtyňyz yssy, sowuk diýmän, armany-ýadamany bilmän, uzak ýerlere gidip wagyz etdiňiz. Şeýdip, Ýehowa iň gowy zadyňyzy berdiňiz. Indi garradyňyz, güýç-gurbatdan gaçdyňyz. Ýehowanyň sizden göwni geçdimi? Elbetde, ýok! Ol siziň ýaşlygyňyzdaky ýaly häzirem eliňizde baryny edip gulluk edýändigiňizi görüp begenýär. Güýjüňiziň ýetdiginden iň gowy zadyňyzy berýändigiňizi bilýär.

Surat: garryja uýa ençeme ýyl bäri Ýehowa wepaly gulluk edip gelýär. 1. Ol ýaş wagty öýden-öýe wagyz edipdi. 2. Indi bolsa ol ýaş uýa bilen telefon arkaly wagyz edýär.

Garry dogan-uýalar, siz ýaş wagtyňyzam, häzirem Ýehowa iň gowy zadyňyzy berip gulluk edýärsiňiz

ÝAŞLARYŇ ARASYNDA GARRYLAR GEREK

«Dert ýamany garrylyk» diýip içiňizi hümledip oturman, näme edip biljekdigiňiz hakda oýlanyň. Belki, siziň edip bilýän işleriňizi ýaşlar başarýan däldir.

Başdan geçiren wakalaryňyzy gürrüň beriň. Mukaddes Kitapda hem şeýle eden adamlar hakda ýazylan.

Dawut patyşa: «Men ýaş ýigitdim, indi garradym, Hudaý dogruçyl adamy taşlamaýan ekeni, zürýadyny çöreksiz goýmaýan ekeni» (Zeb. 37:25).

Ýuşa: «Indi meniň ölümim golaýlap gelýär. Bilşiňiz ýaly, Ýehowa Hudaýyňyzyň beren gowy wadalarynyň hiç biri ýerine ýetmän galmady, ählisi aýdyşy ýaly boldy. Her bir sözi ýerine ýetdi» (Ýuşa 23:14).

Belki, sizem ýaşlara şeýle öwüt-nesihatlary berensiňiz. Dawut, Ýuşa ýaly garry dogan-uýalaryň agzyndan şeýle sözleri eşitmek örän ruhlandyrýar. Sebäbi olar ondan-mundan eşiden zatlaryny däl-de, Ýehowa ençeme ýyl wepaly gulluk edende başdan geçiren wakalaryny gürrüň berýär.

Belki, siz gulluk eden ýyllaryňyzda Ýehowanyň elini ençeme sapar görensiňiz. Onuň size, dogan-uýalara eden ýagşylygynyň diri şaýady bolansyňyz. Dogan-uýalar şol wakalary siziň agzyňyzdan eşitseler, örän ruhlanar, sizem ruhlanarsyňyz (Rim. 1:11, 12).

Dogan-uýalary ruhlandyrmak üçin ýygnaklara Internet arkaly däl-de, ýagdaýyňyzyň boldugyndan Ýygnak jaýyna baryp gatnaşyň. Ýokarda agzalan Kamilla uýa şeýle diýýär: «Ýygnaklara baranymda aňsat-aňsat ruhdan düşmeýärin. Güler ýüzli dogan-uýalary görüp nädip ruhdan düşjek diýsene?! Men olara kiçiräk sowgat berýärin. Men ömrümiň soňuna çenli dogan-uýalar bilen görşüp, Ýehowany şöhratlandyrmagy ýüregime düwdüm».

SIZ ÝEHOWANYŇ DÜRDÄNESI

Mukaddes Kitapda-da Ýehowa jany-teni bilen gulluk eden erkekdir aýallar bar. Olaryň biri Şimgon goja. Ol Isanyň doglan wagtlary ýaşapdy. Şimgon her gezek ybadathana baranda ýaş ýigitleriň arman-ýadaman gulluk edýändigini görýärdi. Ol Ýehowa üçin köp zat edip bilmeýändigine gynanandyr. Ol özüni dereksiz duýanam bolsa, Ýehowa ony «dogruçyl we hudaýhon adam» hasaplaýardy. Hatda bäbek Isany görmäge mümkinçilik berdi. Şimgon Mesih barada pygamberlik hem etdi (Luka 2:25—35). Şimgonyň bedeni gowşasa-da, imany gowşamandy, «onda Hudaýyň mukaddes ruhy bardy», Ýehowa söýgüsi ot bolup ýanýardy.

Ýusup bilen Merýem Şimgon goja bäbek Isany görkezýär.

Ýehowa Şimgona bäbek Isany görkezdi we Mesih hakda pygamberlik etdirdi

Garrylyk sebäpli köp zat edip bilmeseňiz-de, Ýehowanyň edýän gullugyňyzyň gadyryny bilýändigini unutmaň, «sebäbi Hudaý adamyň güýji ýetmeýän zadyny däl-de, güýji ýetýän zadyny bermegini isleýär» (2 Kor. 8:12).

Güýjüňiziň ýetýän zadyny etjek boluň. Belki, az wagt bolsa-da, öýden-öýe ýa-da köçede wagyz edip bilersiňiz. Dogan-uýalara jaň edip ýa-da hat ýazyp ruhlandyryň. Siziň ýaly çal saçly garrylardan ýakymly sözleri eşitse, olar hasam ruhlanar.

Syrkaw bolsaňyz hem Ýehowa iň gowy zadyňyzy berip şatlanyp bilersiňiz. Gündogar Afrikada ýaşaýan uýanyň wakasyny «Onuň janyny halas etdi» diýen çarçuwadan okaň.

Siz sarsmaz imanyňyz, wepalylygyňyz we çydamlylygyňyz bilen dogan-uýalara görelde bolýarsyňyz. «Siz mukaddeslere häzire çenli hyzmat edip gelýärsiňiz. Hudaý şol işleriňizi we adyna bildiren söýgiňizi unutmaz. Sebäbi ol adalatsyz däldir» (Ýew. 6:10).

ELIŇIZDE BARYNY EDIŇ

Barlaglara görä, garrylar başgalara kömek etse, özüni gowy duýýar, dury pikirlenýär we uzak ýaşaýar.

Elbetde, ýagşylyk etmek adamy gudrat bilen ýigdeltmeýär. Garrylygy, ölümi we Adam atadan geçen günäni diňe Hudaýyň Patyşalygy aýrar (Rim. 5:12).

Ýöne siz eliňizde baryny edip gulluk etseňiz, hoş habary wagyz etseňiz, umydyňyz berk, saglygyňyzam gowy bolar. Garry dogan-uýalar, unutmaň, siz Ýehowanyň göz-guwanjy.

Garryja uýa stendli wagyz edýär. Ol aglap oturan gelne Mukaddes Kitapdan aýat okap berýär.

Onuň janyny halas etdi

Garry uýa stendli wagyz edýärdi. Ol geçip barýan aýal bilen salamlaşyp: «Saňa bir aýat okap bersem bolarmy?» diýip soraýar. Ol Ýermeýa 29:11-däki: «Ýagty gelejege umydyňyz bolar ýaly, men size betbagtçylyk däl-de, parahatlyk bererin» diýen sözleri okap berýär. Soňra aýaldan: «Hudaý nähili gelejegi wada berýän eken?» diýip soraýar.

Aýal gözýaşyny saklap bilmän şeýle diýýär: «Hudaý maňa ýagty gelejegi, parahat durmuşy berjek ekeni. Okap beren sözleriň üçin taňryýalkasyn. Hudaý dilegime jogap berdi. Soňky wagtlar kynçylykdan gözüm açylmady, durmuşdan halys doýdum. Janyma kast etjek bolýardym. Şu gün irden Hudaýa: „Eger meni görýän bolsaň, aladamy edýän bolsaň, alamat görkez“ diýip dileg etdim. Geçip barýarkam, sen meni tanamasaň-da sakladyň, aýat okap berdiň. Bu sözleri maňa Hudaý aýdan ýaly boldy. Munuň tötänden bolmagy mümkin däl, bu Hudaýyň gudraty».

Uýa aýala jw.org saýtyndan özüni öldürjek bolýanlara degişli makalalary görkezýär. Soňra Mukaddes Kitap okuwynyň geçirilişini düşündirýär we ýygnaga çagyrýar. Bir hepdeden ol ýygnaga gelýär we «Ebedi ýaşaň!» broşýurasyndan okuw geçip başlaýar.

Siz ýaş bolsaňyz-da, garry bolsaňyz-da, stendli wagyz edip bilersiňizmi?

a  Käbir atlar üýtgedildi.

    Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
    Çykmak
    Girmek
    • Turkmen
    • Paýlaş
    • Sazlamalar
    • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
    • Şertler we düzgünler
    • Gizlinlik syýasaty
    • Gizlinlik sazlamalary
    • JW.ORG
    • Girmek
    Paýlaş