Ýadyňyzdamy?
2025-nji ýylyň «Garawul diňi» žurnalyna esaslanan aşakdaky soraglara jogap berip bilersiňizmi?
Ýehowanyň adyny arşa galdyrmaga näme höweslendirmeli?
Biz Ýehowa çuňňur hormat goýýarys we janymyz-tenimiz bilen söýýäris. Şeýle-de adamlaryň Ýehowa bilen dostlaşmagyny isleýäris (w25.01 sah. 3).
Göwnümize degen adamy bagyşlamaga näme kömek eder?
Biz duýgymyza düşünjek bolmaly, gahar-gazaba ýol bermän, geçirimli bolsak, köp kynçylyklaryň öňüni alarys (w25.02 sah. 15, 16).
Markus ýaş doganlara nähili görelde galdyrdy?
Markus hyzmat etmäge taýyndy. Pawlus Markusy wagyz syýahatyna alyp gitmek islemeýär. Şonda Markusa agyr degendir, ýöne ol badyny gowşatmady. Ol Pawlus we beýleki doganlar bilen eginme-egin işleşdi (w25.04 sah. 27).
Isanyň: «Men olara adyňy tanatdym» diýen sözleri nämäni aňladýar? (Ýah. 17:26).
Isanyň şägirtleri Hudaýyň adynyň Ýehowadygyny bilýärdi. Ýöne ol şägirtlerine Ýehowany has gowy tanamaga kömek etdi. Isa şägirtlerine Ýehowanyň niýetleri, gudratly işleri we häsiýetleri hakda öwretdi (w25.05 sah. 20, 21).
Pespäl bolsak nämä düşüneris?
Biz hemme zady bilmeýändigimizi boýun alarys. Meselem, dünýäniň soňunyň haçan geljegini, Ýehowanyň nädip kömek etjegini we ertir näme boljagyny bilmeýäris. Şeýle-de Ýehowanyň bizi gowy tanaýandygyna doly düşünmeýäris (w25.06 sah. 15—18).
Makaladaky ýa-da jemagat nutugyndaky pikirleri nädip ulanyp bilerin?
Özüňize şeýle soraglary beriň: «Şol ýerde Mukaddes Kitabyň hakykatynyň dogrudygyny görkezmek üçin nähili subutnama getirilýär? Ol ýerdäki haýsy mysal arkaly Mukaddes Kitabyň hakykatyny öwredip bilerin? Mukaddes Kitabyň şol hakykaty kime gyzykly bolup biler?» (w25.07 sah. 19).
Ýehowanyň Dawudy bagyşlandygyndan näme öwrenýäris?
Dawut agyr günä etdi, ýöne ýürekden toba edendigi üçin Ýehowa ony bagyşlady (1 Pat. 9:4, 5). Ýehowa bagyşlansoň, eden günälerimizi ýüzümize basmaýar (w25.08 sah. 17).
Okuw geçýän adam käbir zatlara düşünmese näme etmeli?
Eger ol sapagyň dowamynda käbir zatlara düşünmese-de, sapagy dowam ediň. Düşünmedik ýerine soň seredip bilersiňiz (w25.09 sah. 24).
Mukaddes Kitapdaky «günä aldawa düşürýär» diýen sözler nämäni aňladýar? (Ýew. 3:13).
Adam atadan geçen günä sebäpli köp ýalňyşýarys. Şeýle-de Ýehowanyň söýýändigine şübhelenýäris (w25.10 sah. 16).
Ýehowa ýürekden doga etmäge haýsy üç maslahat kömek eder?
1) Ýehowanyň häsiýetleri hakda oýlanyň. 2) Etjek dilegiňiz hakda öňünden oýlanyň. Belki, gaýgy-aladaňyz bardyr, birini bagyşlamak kyn bolýandyr. 3) «Omyn» diýmäge howlukmaň. Şonda ýüregiňizi döküp doga edersiňiz (w25.10 sah. 19, 20).
Garry dogan-uýalara nädip kömek edip bileris?
Olaryň halyndan habar alyň, jaň ediň ýa-da öýüne baryň. Lukmana görünmeli bolanda ýanynda gidiň we olar bilen wagzyň dürli görnüşine gatnaşyň (w25.11 sah. 6, 7).
Ýehowany şöhratlandyrýan toýy nädip etmeli?
Döwletiň kanunyny berjaý ediň, dünýädäki adamlar ýaly däl-de, Hudaýyň islegine görä toý tutuň, uludan toý tutmaň, däp-dessurlar bilen toýuňyzy hapalamaň, toýuň planlary hakda açyk we sylaşykly gepleşiň (w25.12 sah. 21—24).