16—22 MART, 2026
20-NJI AÝDYM Eziz Ogluňy berdiň
Biz töleg gurbanyna mätäç
«Kim meni ölüme eltýän bedenden halas eder?» (Rim. 7:24).
ESASY PIKIR
Töleg gurbany arkaly Ýehowa günälerimizi bagyşlaýar, Onuň bilen dost bolup bilýäris we kämillige ýetip bilýäris.
1, 2. Bize näme üçin kömek gerek? (Rimliler 7:22—24; surata serediň).
GÖZ öňüne getiriň, beýik bina birden ýumrulýar. Onuň içinde bolsa bir adam galýar. Ol diri bolsa-da, daş-töweregindäki ýykan-ýumran bolan zatlardan ýaňa daşyna çykyp bilmeýär. Indi onuň halas bolmak üçin ýekeje umydy bar: başgalary kömege çagyrmaly.
2 Her birimiziň ýagdaýymyzy harabalykda galan adama meňzetse bolýar. Adam ata Ýehowa gulak asman, günä etdi. Onuň günäsi bütin nesline geçdi. Miras geçen günä sebäpli adamzat harabalykda galan ýaly boldy. Olara günäden azat bolmak üçin kömek gerek. Pawlus Rimlilere ýazan hatynda günä sebäpli özümizi nähili duýýandygymyzy düşündirdi (Rimliler 7:22—24-nji aýatlary okaň). Ol: «Kim meni ölüme eltýän bedenden halas eder?» diýdi. Pawlus resul Adam atadan geçen, ölüme eltýän günä sebäpli özüni duzaga düşen ýaly duýdy (Rim. 6:23). Biz hem Pawlus ýaly günäniň ýesiri. Günäden we ölümden azat bolmak üçin kömek gerek.
Harabalykda galan adam ýaly, bizem günäniň ýesiri bolduk we ondan azat bolmak üçin kömek gerek (1, 2-nji abzaslara serediň).
3. Töleg gurbanynyň nähili peýdasy bar?
3 Pawlus diňe bir nähili kyn ýagdaýdadygyny däl-de, umyt berýän habary hem aýtdy. Ol: «Kim meni ölüme eltýän bedenden halas eder?» diýenden soňra, «Halypamyz Isa Mesih arkaly meni halas eden Hudaýa minnetdar!» diýip ýazdy (Rim. 7:25). Ol Ýehowanyň töleg gurbanya arkaly halas edýändigini aýtdy. Töleg gurbany arkaly 1) Ýehowa günälerimizi bagyşlaýar, 2) kämillige ýetip bilýäris, 3) Ýehowa bilen dostlaşyp bilýäris. Biz makalada şular hakda giňişleýin gürrüň ederis we «umyt berýän Hudaýa» söýgimiz hasam artar (Rim. 15:13). Şeýle-de «töleg gurbany arkaly günälerimiziň bagyşlanmagyna» ýol açan Isa Mesihe çäksiz minnetdar bolarys (Kol. 1:14).
TÖLEG GURBANY ARKALY GÜNÄLERIMIZ BAGYŞLANÝAR
4, 5. Bize näme üçin töleg gurbany gerek? (Nesihat 7:20).
4 Ýehowa biziň günälerimizi geçer ýaly töleg gurbany gerek, sebäbi ýalňyşmaýan adam ýok (Nesihat 7:20-ni okaň). Käbir günäler has-da agyr bolýar. Meselem, Musanyň kanunyna görä, ahlaksyzlyk eden ýa-da biriniň ganyna galan ysraýylly öldürilmelidi (3 Mus. 20:10; 4 Mus. 35:30, 31). Hemme günä agyr hasaplanmasa-da, ol barybir günä. Mezmurçy Dawut: «Dilim bilen günä etmez ýaly, her ädimimi dykgatly äderin» diýip ýazdy (Zeb. 39:1). Biz köplenç aýdýan sözümizde-de günä edip bilýäris (Ýak. 3:2).
5 Haçanam bolsa aýdan sözüňizi yzyna gaýdyp alasyňyz gelipdimi? Ýa-da eden işiňize ökünipdiňizmi? Elbetde, ählimiz hem aýtmasyz zady aýdyp ýa-da etmesiz zady edip soňundan puşman edip görendiris. Mukaddes Kitapda: «Biz: „Günäli däl“ diýýän bolsak, öz-özümizi aldap, hakykata ynanmaýarys» diýilýär (1 Ýah. 1:8).
6, 7. Ýehowa nämäniň esasynda günälerimizi bagyşlaýar? (Surata serediň).
6 Ýehowa adalatly Hudaý bolany üçin Oňa günälerimizi bagyşlamaga esas gerek (Efes. 1:7). Ol bizi bagyşlamak üçin Isany ýere iberip, töleg töledi. Ýöne Ýehowa günä göz ýummaýar. Ol günäni ýigrenýär (Işa. 59:2). Ýehowa kämil hem adalatly bolansoň, Oňa günälerimizi bagyşlamaga degerli sebäp gerekdi.
7 Musanyň kanunyna görä, ysraýyllar günäleriniň geçilmegi üçin mal gurbanlygyny bermelidi (3 Mus. 4:27—31; 17:11). Ýöne Ýehowa biziň günälerimizi bagyşlar ýaly, has uly gurbanlyk gerekdi. Ol Isa Mesihiň töleg gurbanydy. Pawlus Isa Mesihiň töleg gurbanynyň adamzada köp peýda berjekdigine düşünýärdi. Ol Korinfdäki mesihçilere ýazan hatynda olaryň öňki eden işlerini agzandan soňra, şeýle sözleri ýazdy: «Emma ýuwlup arassalandyňyz, mukaddes edildiňiz, Halypamyz Isa Mesihiň ady we Hudaýyň ruhy arkaly dogruçyl hasaplandyňyz» (1 Kor. 6:9—11).
Ysraýyllar günäleriniň bagyşlanmagy üçin mal gurbanlygyny bermelidi. Emma günälerimiz bagyşlanyp, kämillige ýeter ýaly bize Isanyň töleg gurbany gerek (6, 7-nji abzaslara serediň).
8. Ýatlama agşamy döwri näme barada oýlanyp bileris?
8 Ýatlama agşamy döwri Ýehowanyň günäleriňizi bagyşlaýandygy üçin nähili bereketleri alýandygyňyz hakda oýlanyň. Meselem, geçmişde eden günäleriňiz sebäpli özüňizi günäkärläp ýa-da ruhdan düşüp ýörmeýärsiňiz. Sebäbi Ýehowanyň töleg gurbany arkaly bagyşlaýandygyna düşünýärsiňiz. Size günäleriňiziň bagyşlanandygyna ynanmak kyn bolýarmy? Belki siz: «Ýehowa bagyşlasa-da, men öz-özümi bagyşlap bilmeýärin» diýýänsiňiz. Onda şuny ýatdan çykarmaň: günäleri diňe Ýehowa bagyşlaýar, Ol höküm etmek ygtyýaryny Ogluna berdi. Ýehowanyň kimi bagyşlap bagyşlamaly däldigini çözmäge hiç bir adamyň, hatda özümiziňem hakymyz ýok. Mukaddes Kitapda: «(Ýehowanyň) nurda bolşy ýaly, biz hem nurda gezsek... Ogly Isanyň gany hem günälerimizi ýuwýandyr» diýilýär (1 Ýah. 1:6, 7). Mukaddes Kitabyň hakykatlaryna ynanyşymyz ýaly, şu sözleriň hem dogrudygyna ynanyp bileris. Töleg gurbany berleni üçin Ýehowanyň bizi bagyşlamaga haky bar. Mukaddes Kitapda Onuň bizi «doly bagyşlajakdygy» aýdylýar (Işa. 55:7).
TÖLEG GURBANY ARKALY KÄMILLIGE ÝETERIS
9. Mukaddes Kitapda günä diýlende näme göz öňünde tutulýar? (Zebur 51:5).
9 Mukaddes Kitapda «günä» diýlende, diňe bir nädogry iş etmek däl-de, eýsem günäli bolup dogulýandygymyz hem göz öňünde tutulýar (Zebur 51:5-i okaň). Biz miras geçen günä sebäpli diňe bir erbet pikirleri ýa-da erbet işleri etmän, eýsem bedenimiz Ýehowanyň ýaradyşy ýaly işlemeýär. Biz günäli bolandygymyz üçin keselleýäris, garraýarys we ölýäris. Ýaňy doglan bäbekler hiç hili erbet iş etmeseler-de, günäli bolany üçin keselleýär, hatda ölýär. Şeýle-de erbet adamlar bilen deň hatarda gowy adamlar ejir çekýärler we ölýärler. Gynansak-da, Adam ata bizi gözgyny ýagdaýa saldy.
10. Adam ata bilen How ene günä edenden soňra özlerini nähili duýdular?
10 Adam ata bilen How enäniň günä edenden soňra özüni nähili duýandygy hakda oýlanyp görüň. Olaryň içki dünýäsi çepbe çöwrüldi. Günä edensoň, ynsaby ezýet berip başlady, sebäbi olar «ýüreklerine ýazylan» Hudaýyň kanunyny bozupdylar (Rim. 2:15). Olar içki dünýäsinde bir zadyň üýtgändigini duýdular. Şol sebäpli bedenini örtüp, Ýaradyjysyndan gizlendiler (1 Mus. 3:7, 8). Şonda ilkinji gezek Adam ata bilen How ene özüni günäli duýdy, utandy we ýüregindäki rahatlygy ýitirdi. Olar soňky demine çenli şol duýgulardan kösenip ýaşadylar (1 Mus. 3:16—19).
11. Günä bize nähili täsir edýär?
11 Bizem Adam ata bilen How ene ýaly günäli. Şonuň üçin käte özümizi günäli duýýarys, utanýarys ýa-da biynjalyk bolýarys. Günäli bolandygymyz üçin bedenimizdäki agyrylardan, gaýgy-aladadan kösenýäris. Biz gowy ýaşamak üçin näçe jan etsek-de, kynçylyklardan gaçyp-gutulyp bilmeýäris. Mukaddes Kitapda Adam ata bilen How enäniň eden günäsi sebäpli adamlaryň kynçylyklardan gözi açylmajakdygy aýdylýar (Rim. 8:20). Şol kynçylyklar diňe biziň däl, bütin adamzat nesliniň gerdeninden basýar. Meselem, şu günler köp adamlar Ýer şarynyň zaýalanmagynyň, zalymlygyň, ýeter-ýetmezligiň we uruşlaryň soňuna çykmak isleýärler. Ýöne olar näçe jan etseler-de, kynçylyklary köki-damary bilen sogrup aýryp bilmeýärler. Töleg gurbany bize nähili umyt berýär?
12. Töleg gurbany nähili umyt berýär?
12 Töleg gurbany arkaly «ýaradylan zatlar çüýreme gulçulygyndan azat bolar» (Rim. 8:21). Ýer ýüzündäki Jennetde kämil bolanymyzda, biz hiç wagt kesellemeris we göwnüçökgünlige düşmeris. Özüňi günäkär duýmak, utanmak ýa-da biynjalyk bolmak ýaly duýgular bize ýat bolar. Onsoňam, biziň üçin töleg tölän «Parahatlyk şazadasy» Isa bütin ýer ýüzünde höküm sürer. Ol adamlaryň çözmäge güýji ýetmeýän kynçylyklaryny doly aýrar (Işa. 9:6, 7).
13. Ýatlama agşamy döwri ýene näme hakda oýlanyp bileris?
13 Kämillige ýetenimizde ýaşaýşyň nähili boljakdygyny göz öňüne getiriň. Siz her gün irden täze güýç bilen oýanarsyňyz. Özüňizi gowy duýarsyňyz, sizi hiç zat biynjalyk etmez. Özüňiz ýa-da dogan-garyndaşlaryňyz iýmitden kösener, kesellär ýa-da öler diýip asla alada etmersiňiz. Gelejege bolan umydyňyz hakda oýlansaňyz, kalbyňyz häzirden rahat bolar (Ýew. 6:18, 19). Gämini saklaýan labyr ýaly, umyt imanda berk durmaga we kynçylyklara döz gelmäge kömek edýär. Ýehowanyň «ýürekden agtarýanlary sylaglajakdygyna» ynamly boluň (Ýew. 11:6). Dogrudanam, diňe töleg gurbany arkaly biziň häzirden kalbymyz rahat we ýagty gelejege umydymyz bar.
TÖLEG GURBANY ARKALY ÝEHOWANYŇ DOSTY BOLÝARYS
14. Günä Ýehowa bilen dostlugymyza nähili täsir etdi we näme üçin?
14 Adam ata bilen How ene günä edenden soň, adamlar Ýehowa bilen dostlaşyp bilmediler. Mukaddes Kitapda olaryň hatda Ýaradyjysyndan daşlaşyp, Onuň duşmany bolandygy aýdylýar (Rim. 8:7, 8; Kol. 1:21). Ýehowa kämil Hudaý we Ol hiç haçan günä göz ýummaýar. Mukaddes Kitapda Ýehowa barada şeýle diýilýär: «Seniň gözleriň erbetlige serederden päkdir. Sen erbetlige göz ýumýan dälsiň» (Hab. 1:13). Günä sebäpli Ýehowa bilen adamlaryň arasynda ullakan oýuk döredi. Şol oýukdan geçip, Ýehowa bilen dostlaşar ýaly bize köpri gerekdi. Töleg gurbany şol köpri ýaly bize ýene-de Ýehowa bilen dostlaşmaga mümkinçilik döredýär.
15. Isanyň ölümi adamlara Ýehowa bilen ýaraşmaga nädip ýol açdy?
15 Mukaddes Kitapda Isanyň «Hudaý bilen ýaraşdyrýan, günälerimiz üçin berlen gurbandygy» aýdylýar (1 Ýah. 2:2). Isanyň gurbanlygy nädip adamlary Hudaý bilen dostlaşdyrýar? Isanyň ölümi kämil Hudaý Ýehowa adalatly bolup, adamlar bilen ýaraşmaga esas berdi (Rim. 3:23—26). Ol hatda töleg gurbany berilmänkä-de, wepaly gulluk eden adamlary dogruçyl hasaplady (1 Mus. 15:1, 6). Sebäbi Ýehowa Ogly Isanyň janyny töleg hökmünde berjekdigine doly ynanýardy (Işa. 46:10). Şeýdip, töleg gurbany adamlara Ýehowa bilen ýaraşmaga ýol açdy.
16. Ýehowa minnetdar bolmak üçin Ýatlama agşamy döwri näme hakda oýlanyp bileris? (Surata serediň).
16 Ýehowa bilen dostlaşyp durmuşyňyzyň nähili bolandygy hakda oýlanyň. Meselem, siz Isanyň öwredişi ýaly, Ýehowa «Atam» diýip ýüzlenip bilýärsiňiz (Mat. 6:9). Köplenç bolsa Ýehowa «Dostum» diýip ýüzlenýänsiňiz. Emma biz Ýehowa «Atam» ýa-da «Dostum» diýip ýüzlenenimizde, Oňa çuňňur hormat goýmagy we pesgöwünli bolmagy ýatdan çykarmaly däl. Sebäbi biz günäli we hiç birimiz öz güýjümiz bilen Ýehowa bilen dostlaşyp bilmeýäris. Biz diňe Isa Mesihiň töleg gurbany arkaly Ýehowa ýakynlaşyp bilýäris. Ýehowa Isa arkaly biziň bilen ýaraşdy. «Ol Oglunyň jebir pürsünde döken gany arkaly parahatlygy dikeltdi» (Kol. 1:19, 20). Şol sebäpli biz günäli bolsak-da, Ýehowa bilen dostlaşyp bilýäris.
Diňe Isanyň töleg gurbany arkaly adamlar Ýehowa bilen dostlaşyp bilýär (16-njy abzasa serediň).
TÖLEG GURBANY ÝEHOWANYŇ REHIMDARDYGYNY GÖRKEZÝÄR
17. Töleg gurbany Ýehowanyň rehimdar Hudaýdygyny nädip görkezýär? (Efesliler 2:4, 5).
17 Töleg gurbany Ýehowanyň «örän rehimdar» Hudaýdygyny subut edýär. Ol bizi «günälidigimiz sebäpli ölen bolsak-da... direltdi» (Efesliler 2:4, 5-nji aýatlary okaň). Makalanyň başynda agzalan harabalygyň astynda galan adam ýaly, pesgöwünli adamlaram günälidigine we günäden azat bolmalydygyna düşünýärler. Şol sebäpli olar kömek soraýarlar (Res. 13:48). Ýehowa olara elini uzadyp kömek edýär. Ol pesgöwünli adamlara Patyşalyk baradaky hoş habary eşitdirip, Özüni hem-de Isa Mesihi tanamaga mümkinçilik berýär (Ýah. 17:3). Eger Şeýtan Adam ata bilen How enäniň günäsi sebäpli Ýehowanyň niýetini amala aşmaz öýdýän bolsa, onda ol gaty ýalňyşýar.
18. Biz nämäni ýatdan çykarmaly däl?
18 Töleg gurbanynyň peýdasy hakda oýlananymyzda, Ýehowanyň ony näme üçin berendigini ýatdan çykarmalyň. Ýehowa töleg gurbanyny diňe bir bizi halas etmek üçin däl-de, eýsem Şeýtanyň Erem bagynda atan töhmetine jogap bermek üçin berdi (1 Mus. 3:1—5, 15). Ýehowa töleg gurbanyny berip, Şeýtanyň atan töhmetiniň ýalandygyny subut etdi. Şeýle-de Ýehowa bizi günäden we ölümden azat edip, çäksiz söýgüsini görkezýär. Ýehowa günäli adamlara uly ýagşylyk edip, Şeýtanyň ýalançydygyny subut etmäge mümkinçilik berýär (Nak. 27:11). Indiki makalada töleg gurbanyna nädip minnetdar bolmalydygy hakda gürrüň ederis.
19-NJY AÝDYM Ýatlama agşamy
a DÜŞÜNDIRILIŞ: «töleg» ýesirlikdäki adamy azat etmek üçin tölenýän hak. Isanyň töleg gurbany Hudaýa gulak asýan adamlary günäden hem ölümden azat edýär.