23—29 MART, 2026
18-NJI AÝDYM Töleg gurbanyna minnetdarlyk
Töleg gurbany üçin Ýehowa minnetdar boluň
«Bizi şeýle etmäge Mesihiň söýgüsi höweslendirýär» (2 Kor. 5:14).
ESASY PIKIR
Töleg gurbany üçin Ýehowa minnetdarlygyňyzy görkeziň.
1, 2. Mesihiň söýgüsi bizi näme etmäge höweslendirmeli we näme üçin? (2 Korinfliler 5:14, 15; surata serediň).
GEÇEN makaladan bilşimiz ýaly, biziň ýagdaýymyz harabalygyň astynda galan adamyňka meňzeýär. Eger biri sizi şol harabalykdan çykaryp halas eden bolsa, oňa eden ýagşylygyny gaýtarasyňyz gelmezdimi? Elbetde, ol diňe siziň däl-de, başga-da köp adamlaryň janyny halas edýär. Emma siz oňa janyňyzy halas edendigi üçin minnetdar bolarsyňyz we ýagşylygyny hiç haçan ýatdan çykarmajakdygyňyzy aýdarsyňyz.
2 Bilşimiz ýaly, Isanyň töleg gurbany bizi günäden we ölümden azat edýär. Töleg gurbany arkaly 1) günälerimiz bagyşlanýar, 2) günäden azat bolup kämillige ýetip bilýäris, 3) Ýehowa Hudaý bilen ýakyn dost bolup bilýäris. Şeýle-de töleg gurbany bize täze dünýäde ebedi ýaşamaga umyt berýär. Isa biziň üçin janyny gurban berip beýik söýgüsini görkezdi. Ol entek ýere gelmänkä-de adamlary ýürekden söýýärdi (Nak. 8:30, 31). Pawlus resul: «Mesihiň söýgüsi höweslendirýär» diýip ýazdy (2 Korinfliler 5:14, 15-nji aýatlary okaň). Diýmek, biz Isanyň söýgüsine minnetdardygymyzy we onuň eden ýagşylygyny hiç wagt ýatdan çykarmaýandygymyzy görkezmeli.
Harabalykdan çykaryp, janyňyzy halas eden adama minnetdar bolşuňyz ýaly, günäden we ölümden azat eden Ýehowa hem-de Isa has-da minnetdar bolmaly (1, 2-nji abzaslara serediň).
3. Adamlaryň töleg gurbanyna minnetdarlyk bildirişi näme üçin tapawutlanyp biler?
3 Siz töleg gurbanyna nädip minnetdar bolup bilersiňiz? Adamlar dürli-dürli usullar bilen minnetdarlygyny görkezip biler. Meselem, şol bir ýere syýahata gidip barýan üç adamy göz öňüne getiriň. Olaryň barmaly ýeri bir bolsa-da, hersi dürli-dürli şäherden ýola düşýär. Diýmek, olaryň maksady bir bolsa-da, oňa ýetmek üçin saýlan «ýoly» tapawutlanýar. Edil şonuň ýaly, siziňem maksadyňyz töleg gurbanyna minnetdarlyk bildirmek. Emma siziň töleg gurbanyna minnetdarlyk bildirişiňiz başgalaryňkydan tapawutlanyp biler. Geliň, Mukaddes Kitapdan okuw geçýänleriň, suwa çümdürilen mesihçileriň we Ýehowanyň halkyndan daşlaşanlaryň töleg gurbanyna nädip minnetdar bolup bilýändigine seredeliň.
MUKADDES KITAPDAN OKUW GEÇÝÄNLER
4. Ýehowanyň Mukaddes Kitapdan okuw geçýänleri söýýändigini nireden bilýäris?
4 Eger siz Mukaddes Kitapdan okuw geçýän bolsaňyz, onda Ýehowa barada bilim almak we Mukaddes Kitapdaky hakykatlary öwrenmek isleýänsiňiz. Ýehowa siziň bilen dostlaşmak isleýär we Özüni tanamaga kömek edýär (Ýah. 6:44; Res. 13:48). «Ýürekleri barlaýan Ýehowadyr» diýlişi ýaly, Ýehowa siziň Ony tanamak üçin edýän her bir tagallaňyzy görýär we Hudaýy razy edip ýaşamak üçin durmuşyňyzy üýtgedýändigiňize begenýär (Nak. 17:3; 27:11). Bir zady hiç haçan ýatdan çykarmaň: töleg gurbany berleni üçin Ýehowa bilen dostlaşyp bilýärsiňiz (Rim. 5:10, 11).
5. Mukaddes Kitapdan okuw geçýänler Filipililer 3:16-daky maslahata nädip eýerip biler?
5 Mukaddes Kitapdan okuw geçýänler töleg gurbanyna nädip minnetdar bolup bilerler? Munuň bir usuly hakda Pawlusyň filipililere ýazan hatynda aýdylýar. Ol ýerde şeýle diýilýär: «Biz nähili üstünlik gazanan bolsak, şeýle etmegi dowam edeliň» (Flp. 3:16). Mukaddes Kitabyň başga bir terjimesinde: «Biz haýsy ýoldan barýan bolsak, şol ýoldan hem ýöremegi dowam etmeli» diýilýär. Goý, size hiç kim we hiç zat ýaşaýyş ýolundan ýöremäge päsgel bermesin (Mat. 7:14; Luka 9:62).
6. Mukaddes Kitapdan okuw geçýänlere durmuşyny üýtgetmek kyn bolsa näme edip biler? (5 Musa 30:11—14; surata serediň).
6 Size Mukaddes Kitapdan öwrenýän zatlaryňyzyň käbirine ynanmak kyn bolýarmy? Eger şeýle bolsa, şol zat barada gözleg geçiriň we oňa has gowy düşünmek üçin Ýehowa doga edip kömek soraň (Zeb. 86:11). Eger şonda-da düşünmeseňiz, onda çendenaşa alada etmäň. Mukaddes Kitapdan okuw geçmegiňizi dowam ediň. Belki, siz oňa soňrak has gowy düşünersiňiz. Mukaddes Kitapdan okuw geçýänler, size Ýehowa ýaramaýan endikleri goýmak hem aňsat bolýan däldir. Ýöne Ýehowa günäli adamdan başarmajak zadyny talap etmeýär. Siz Ýehowanyň kada-kanunlary boýunça ýaşap bilersiňiz (5 Musa 30:11—14-nji aýatlary okaň). Ýehowa size kömek etjekdigini söz berýär (Işa. 41:10, 13; 1 Kor. 10:13). Şonuň üçin eliňizi sowatmaň. Siz Ýehowa gulak asmagyň kyn bolýandygy hakda däl-de, Onuň eden ýagşylyklary, esasanam, Ogluny siziň üçin gurban berendigi hakda oýlanyň. Şonda Ýehowany janyňyz-teniňiz bilen söýersiňiz we onuň «tabşyryklaryny berjaý etmegiň... kyn däldigine» düşünersiňiz (1 Ýah. 5:3)a.
Ýehowa bizden başarmajak zadymyzy talap etmeýär. Ol kada-kanunlary boýunça ýaşamaga hökman kömek eder (6-njy abzasa serediň).
7. Hakykatda önüp-ösen ýaşlar näme hakda oýlanyp biler?
7 Hakykatda önüp-ösen ýaşlar hem Mukaddes Kitapdan okuw geçýänlere degişli diýse bolýar. Sebäbi olar ene-atasy bilen Mukaddes Kitapdan okuw geçýärler. Olar ene-atasynyň aýratyn üns berýän okuwçylarynyň biri. Mukaddes Kitapda: «Hudaýa ýakynlaşyň, ol hem size ýakynlaşar» diýilýär (Ýak. 4:8; 1 Tar. 28:9). Siz Hudaý bilen dostlaşmak üçin ädim ätseňiz, Olam size tarap ädim äder. Ýehowa size ene-ataňyzyň hakykatda bolandygy üçin däl-de, dostlaşmak isleýändigi üçin üns berýär. Ýehowa siziň bilen dostlaşmak üçin näme etdi? Ýeke-täk Ogluny gurban berdi. Onuň şol ýagşylygyny hiç haçan ýatdan çykarmaň (Rim. 5:1, 2). Ýatlama agşamy döwri Ýehowanyň we Isanyň size eden ýagşylyklary hakda oýlanyň. Töleg gurbany üçin Ýehowa minnetdar bolar ýaly ömrüňizi nämä bagyş etmek isleýändigiňiz we nähili maksatlary goýup biljekdigiňiz hakda oýlanyňb.
SUWA ÇÜMDÜRILEN MESIHÇILER
8. Suwa çümdürilen mesihçiler töleg gurbanyna minnetdarlygyny nädip görkezýärler?
8 Eger siz suwa çümdürilen bolsaňyz, onda töleg gurbanyna minnetdarlygyňyzy ençeme ýagdaýlarda görkezensiňiz. Meselem, siz Ýehowa bilen dostlaşmak we Onuň kada-kanunlary boýunça ýaşamak üçin durmuşyňyzy üýtgedensiňiz. Isa gulak asyp hoş habary wagyz edensiňiz we şägirt taýýarlansyňyz. Şeýle-de özüňizi Ýehowa bagyş edip suwa çümdürilensiňiz. Belki-de, siz Ýehowa gulluk edýändigiňiz üçin yzarlanansyňyz, garşylyklara duş gelensiňiz (2 Tim. 3:12). Emma siz şonda-da Ýehowa wepaly gulluk edip, Onuň söýgüsine we töleg gurbanyna minnetdardygyňyzy görkezýärsiňiz (Ýew. 12:2, 3).
9. Suwa çümdürilen mesihçiler nämeden seresap bolmaly?
9 Suwa çümdürilen mesihçiler seresap bolmasa, ýyl geçdigi saýyn töleg gurbanyna minnetdar bolmagy ýatdan çykaryp biler. Nädip? Geliň, I asyrda Efes şäherinde ýaşan mesihçiler barada gürrüň edeliň. Isa olary köp kynçylyklarda çydamly bolandygy üçin öwýär. Emma soňra: «Sende oňlamaýan bir zadym bar: seniň başdaky söýgiň sowapdyr» diýýär (Ylh. 2:3, 4). Görşümiz ýaly, mesihçiniň Hudaýa bolan söýgüsi ýuwaş-ýuwaşdan sowap, Oňa göwünli-göwünsiz gulluk edip başlamagy mümkin. Ol öňküsi ýaly doga edýär, ýygnaklara gidýär we wagza çykýar. Ýöne muny söýgi bilen däl-de, endigine görä edýär. Eger siz Ýehowa bolan söýgiňiziň sowandygyny bilseňiz näme edip bilersiňiz?
10. Pawlusyň Timoteosa beren maslahatyna nädip eýerip bilersiňiz? (1 Timoteos 4:13, 15).
10 Pawlus resul Timoteosa Ýehowa nähili gulluk edýändigini barlap durmagy we gullugyna bütin ýüregi bilen ýapyşmagy maslahat berdi (1 Timoteos 4:13, 15-nji aýatlary okaň). Sizem Ýehowa hemişe yhlasly gulluk eder ýaly näme edip bilýändigiňiz hakda oýlanyň (Rim. 12:11). Meselem, ýygnaga gowy taýýarlanyň. Şonda pikiriňizi jemläp, ünsli diňläp bilersiňiz. Şeýle-de şahsy okuwyny goh-galmagalsyz ýerde geçiriň. Şonda okan zatlaryňyz barada oýlanyp köp zady öwrenip bilersiňiz. Ody söndürmezlik üçin odun atylyşy ýaly, sizem şu zatlary etseňiz töleg gurbanyna we Ýehowanyň ähli eden ýagşylyklaryna minnetdar bolarsyňyz. Ýatlama agşamy döwri Ýehowanyň halky üçin eden ajaýyp işleri hakda oýlanmagyň tüýs wagty. Şonda Ýehowa bilen aramyzdaky dostluk köprüsini guran Isanyň töleg gurbanyna has-da minnetdarlygymyz artar.
11, 12. Yhlasyňyzyň gowşamagy Ýehowanyň mukaddes ruhuny bermeýändigini aňladýarmy? Düşündiriň (Surata serediň).
11 Eger siz öňkiňiz ýaly Ýehowa yhlasly gulluk etmeýän bolsaňyz, onda ruhdan düşmäň ýa-da Ýehowa mukaddes ruhuny bermeýändir öýtmäň. Bilýäňizmi, Pawlus korinflilere ýazan hatynda näme diýdi? Ol özüniňem kämahal wagyz etmäge höwesiniň gaçýandygyny aýtdy. Pawlus: «Göwünli-göwünsiz etsem-de, şonda-da Hudaýyň öňünde borjumy ýerine ýetirmeli» diýdi (1 Kor. 9:17). Biz Pawlusdan näme öwrenýäris?
12 Pawlusyň hem käte wagyz etmäge höwesi bolmaýan eken. Ýöne ol islegi bolmasa-da wagyz edýärdi. Pawlusdan görelde alyp sizem islemeýän wagtyňyzam wagyz ediň. Ýehowadan «isleg» we «güýç» berer ýaly kömek soraň (Flp. 2:13). Şeýle-de Ýehowa bilen dostlaşmaga kömek edýän işleri goýmaň. Wagtyň geçmegi bilen, Ýehowa bolan söýgiňiz ot deý tutaşar we öňkiňiz ýaly yhlasly gulluk edersiňiz.
Kyn bolan mahaly hem Ýehowa bilen dostlugyňyzy berkidýän işleri etmegi goýmaň (11, 12-nji abzaslara serediň).
13. Ýehowanyň isleýşi ýaly ýaşap-ýaşamaýandygymyzy nädip barlap bileris?
13 Pawlus resul 2 Korinfliler 13:5-de: «Imanyňyzy, özüňizi barlap duruň» diýip ýazdy. Biz Pawlusyň maslahatyna eýerip, wagtal-wagtal özümizi barlap durmak üçin şeýle soraglary berip bileris: Ýehowa gulluk etmegi birinji orunda goýýandygym durmuşymdan görünýärmi? (Mat. 6:33). Dynç alşymdan ýa-da görýän zatlarymdan erbetligi ýigrenýändigim görünýärmi? (Zeb. 97:10). Dogan-uýalar bilen agzybir bolmak isleýändigim aýdýan sözlerimden we edýän işlerimden görünýärmi? (Efes. 4:2, 3). Ýatlama agşamy Ýehowanyň we Isanyň eden ýagşylygy barada oýlanmaga iň gowy mümkinçilik. Biz olaryň eden ýagşylyklary hakda oýlanyp, Ýehowa minnetdar bolmak isleýändigimizi we Pawlusyň aýdyşy ýaly, Mesih üçin ýaşamak isleýändigimizi görkezip bileris.
ÝEHOWANYŇ HALKYNDAN DAŞLAŞANLAR
14. Käbir dogan-uýalar näme üçin ýygnakdan daşlaşýarlar?
14 Käbir dogan-uýalar Ýehowa ençeme ýyl bäri gulluk etseler-de, ýygnaklara gelmegini bes edýärler. Näme üçin? Olaryň käbiri «durmuşyň gaýgy-aladasyna» basylýar (Luka 21:34). Käbirleri bolsa dogan-uýalaryň aýdan sözüne ýa-da eden işine büdreýär (Ýak. 3:2). Başgalar bolsa agyr günä edip, kömek soramaga utanýarlar. Eger siz ýygnakdan daşlaşan bolsaňyz näme edip bilersiňiz? Töleg gurbany, Ýehowanyň hem-de Isanyň söýgüsi sizi näme etmäge höweslendirýär?
15. Ýehowa ýygnakdan daşlaşan dogan-uýalaryň aladasyny edýändigini nädip görkezýär? (Hyzkyl 34:11, 12, 16).
15 Ýehowa ýygnakdan daşlaşan dogan-uýalary, ýagny ýiten goýunlaryny ýatdan çykarmaýar. Ýehowanyň olara gahary gelmeýär, gaýtam ýiten goýunlaryny gözleýär. Ýehowa olary bakýar we yzyna dolanmaga kömek edýär (Hyzkyl 34:11, 12, 16-njy aýatlary okaň). Ýehowa sizi hem ýatdan çykarmaýar we ýygnaga dolanmaga kömek edýär. Siz şu makalany okap, Ýehowany begendirmek isleýändigiňizi görkezýärsiňiz. Ýehowa siziň gowy häsiýetiňizi görüp hakykata getirdi we halkynyň arasyna goşdy. Ol häzirem siziň gowy häsiýetleriňizi görýär we ýygnaga dolanmagyňyzy isleýär.
16. Ýygnakdan daşlaşan adama Ýehowa dolanmaga näme kömek eder? (Surata serediň).
16 «Ýehowa dolanyň» atly broşýurada şeýle sözler bar: «Ýehowa dolananyňda, onuň goldajakdygyna ynanyp bilersiň. Ol saňa aladalaryňy, agyr duýgularyňy ýeňmäge, kalbyňa we pikiriňe rahatlyk berip, ynsabyňy arassalamaga kömek eder. Şonda seniň ýene-de Ýehowanyň beýleki gullukçylary bilen bile oňa gulluk etmäge islegiň dörär». Ýaşulular size kömek etmäge taýyn. Olar «ýelden gorag bolar, çabgada pena bolar» (Işa. 32:2). Siz töleg gurbany üçin Ýehowa örän minnetdarsyňyz we muny görkezesiňiz gelýändir. Şonuň üçin özüňize şeýle soragy beriň: men Ýehowa bilen ýene ýakyn dost bolar ýaly haýsy ädimleri ätmeli? (Işa. 1:18; 1 Pet. 2:25). Meselem, ýygnak duşuşyklaryna gatnaşyň. Şeýle-de ýaşulularyň biri bilen gepleşip, ýygnaga dolanmak isleýändigiňizi aýdyň. Ýaşuly dogan-uýalardan birine siziň bilen Mukaddes Kitapdan okuw geçmegi tabşyrar. Ýehowa siziň ýygnaga dolanmak we Isanyň töleg gurbanyna minnetdarlygyňyzy görkezmek üçin edýän her bir tagallaňyza hökman bereket berer.
Özüňize şeýle sorag beriň: «Ýehowa bilen ýakyn dost bolar ýaly haýsy ädimleri ätmeli?» (16-njy abzasa serediň).
SIZ NÄME EDIP BILERSIŇIZ?
17, 18. Ýatlama agşamy döwri näme edip bileris?
17 Isanyň aýdyşy ýaly, «Hudaý Ogluna iman eden her bir adamyň heläk bolman, ebedi ýaşaýşa gowuşmagyny isleýändigi» üçin töleg gurbanyny berdi (Ýah. 3:16). Töleg gurbany berlendigi üçin Ýehowa bizi günäden we ölümden azat edip bilýär. Şonuň üçin töleg gurbanyna minnetdar bolmagy hiç haçan ýatdan çykarmaly däl (Rim. 3:23, 24; 2 Kor. 6:1). Ýatlama agşamy döwri Ýehowanyň we Isanyň görkezen beýik söýgüsi hakda oýlanyň. Şonda olaryň söýgüsine has-da minnetdar bolarsyňyz.
18 Görşümiz ýaly, adamlaryň töleg gurbanyna minnetdarlyk bildirişi tapawutlanyp biler. Emma Ýehowa «özleri üçin däl-de, olaryň hatyrasyna ölen» üçin ýaşaýan dogan-uýalaryň tagallasyna hökman bereket berer. Ol biziň hem töleg gurbanyna minnetdar bolmak üçin edýän tagallamyzy sylagsyz goýmaz (2 Kor. 5:15).
14-NJI AÝDYM Täze Patyşany öwüň
a Mukaddes Kitapdan öwrenen zatlaryňyza eýerip ýaşamak üçin «Ebedi ýaşaň!» kitabynyň her sapagyndaky «Maksat goýuň» diýen çarçuwany ulanyň.
b Ruhy taýdan ösmäge kömek edýän maslahatlary «Ýaşlar, „halas bolmak üçin tagalla ediň“» diýen makaladan okaň (w17.12).